Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet100/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   96   97   98   99   100   101   102   103   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Ikinji segmentleşdiriş usulyýeti örän dürli we köp babatda 
düzümleýin birlige düşüniliş derejesine bagly bolýar. Beýan ediş 
seljermesiniň üçünji tapgyry bölünip alnan nominatiw-kommunika-
tiw we düzümleýin birlikleriň manysyny çykarmak bilen baglydyr. 
Düzümleýin many çykarmak kategorial we diskret seljermesiniň 
usulyýetiniň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Kategorial seljermede bölünen birlikler toparlara bölünýär, 
bu toparlaryň düzümi derňelýär we her bir birlige ol ýa-da beýle-
ki kategoriýanyň bölegi hökmünde garalýar. Kategorial seljerme 
usulyýetiniň dürli tärleri bar, olaryň içinde has giňden ýaýranlary 
toparlaýyşparadigma we transformasiýa tärleridir. Diskret (arasy 
üzülýän) seljermesiniň usulyýeti arkaly düzümleýin birlikde iň kiçi, 
mundan beýläk bölünmeýän aňryçäk tassyklamalar (ykrar etmeler) 
tapawutlandyrylýar, olar öz-özlüginde derňelýär,düzümi, paýlanylyşy 
we manysy öwrenilýär, şonuň üçin diliň bu birligine alamatlaryň- 
-şekilleriň kesişmegi hökmünde garalýar.
Birlikleriň alamatlary we olaryň kategoriýalary dile mah-
sus bolýar hem-de lingwistikada dil hakyndaky ylym hökmünde 
şöhlelendirilýär. Nominatiw-kommunikatiw we düzümleýin birlikler 
derňewiň predmeti bolup durýar, olar dil birliklerine akyl ýetirmegiň 
guraly hökmünde ulanylýar. Dil birlikleriniň we derňewiň özara 
gatnaşygy iki hili bolýar. Bir tarapdan, derňewiň birlikleri hökmünde 
diliň hakyky (real) birlikleri (morfema – sözüň derňewiniň birligi, söz 
şekili – sözlemiň derňewiniň birligi bolup biler we ş.m.) çykyş edip 
bilýär, beýleki tarapdan, derňewiň birlikleri hökmünde öz-özlüginde 
diliň birligini, onuň kategoriýalaryny emele getirmeýän elementler, 
gatnaşyklar çykyş edýär. Haçan-da, derňewiň birlikleri hökmün-
de hakyky birlikler çykyş edende, olaryň diliň birliklerine bolan 
gatnaşygy öz nobatynda iki hili bolýar:
a) derňewiň birligi diliň we gepleýşiň birliginden kiçi bolýar;
b) derňewiň birligi diliň we gepleýşiň birliginden uly bolýar.
Özara gatnaşygyň bu görnüşlerine lingwistik derňewiň we diliň 
beýan edişiniň iki dürli usulyýeti: komponentleýin we kontekst 


157

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   96   97   98   99   100   101   102   103   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling