Umumy dil bilimi


Hödürlenilýän edebiýatlar


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet108/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Кодухов В.И. Методы лингвистического анализа. – Л., 1963. 
2. Koдухов В.И. Oбщее языкознание. M., 1974.
3. Общее языкознание. Методы лингвистических исследований.
Под ред. Б.А. Серебренникова. – М., 1973.
Dil uniwersaliýalarynyň öwrenilişi
Dürli dillerde dil alamatlarynyň kesişmegi netijesinde ähli ýa-da 
aglaba diller üçin häsiýetli bolan käbir umumy kanunalaýyklyklaryň 
bellenilmegi amala aşyrylýar. Bu kanunalaýyklyklara dil uniwersa-
liýalary diýilýär.Dil uniwersaliýalarynyň öwrenilişiniň uly taryhy 
bar. Her bir dile mahsus bolmaly söz toparlary hakyndaky taglymatyň 
döremegine getiren işjeň grammatikalar bu ugurdaky derňewleriň 
başlangyjydyr.
«Uniwersal grammatika» adalgasynyň özi XIII asyrdan ulanylyp 
başlanýar. Uniwersaliýalaryň öwrenilmegi grammatika ulgamynda 
umumy hadysalary tapmak synanşygy bilen baglydyr. Bu adalga 
A. Arnonyň we K. Lanslonyň «Por-Roýal grammatikasy» ady bilen 
belli bolan «Uniwersal we rasional grammatikasy» çap bolup çykan-
dan soň giňden ýaýraýar. Ol grammatikanyň öňünde ähli diller üçin 
umumy bolan ýörelgeleri we olarda duş gelýän tapawutlaryň esasy 
ýörelgelerini kesgitlemek wezipesini goýýar. Bu grammatikanyň aw-
torlary tutuş adamzat üçin umumy bolan logikanyň kanunlaryndan 
ugur alyp, ähli diller üçin grammatiki gurluşyň käbir umumy 
ýörelgeleriniň bardygyny tassyklaýarlar.
Dil uniwersaliýalaryna bolan gyzyklanmanyň gaýtadan döremegi 
XX asyryň ortalaryna degişlidir. 1961-nji ýylda ABŞ-nyň Nýu-Ýork 
şäherinde dil uniwersaliýalary boýunça ýörite maslahat geçirilýär, 
onda bu ugurdaky derňewleriň netijeleri jemlenýär we dil uniwersa-
liýalaryny öwrenmek bilen bagly meseleler kesgitlenýär. Dil uniwer-
saliýasy ähli dillere ýa-da tutuşlygyna dile mahsus bolan käbir ala-
mat, kanun, aýratynlyk, meýil hökmünde kesgitlenýär. Dilçiler dürli 
dilleriň ulgamlarynyň beýanlaryny deňeşdirip, uniwersaliýalaryň 
görnüşlerini olaryň logiki düzümi, mazmuny nukdaýnazaryndan ta-
pawutlandyrmagy teklip edýärler.


170
Logiki nukdaýnazardan uniwersaliýalary, umuman, ähli dillere 
degişli bolan dil hakyndaky islendik aňlatma hökmünde, hususan-da 
«х hemmeler üçin, bu ýerde х – dildir ...» kesgitlemek bolar. Ähli 
diller üçin haýsy-da bolsa bir alamatyň barlygyny tassyklaýan şeýle 
uniwersaliýa absolýut ýa-da doly uniwersaliýa diýlip atlandyrylýar. 
«Ähli dillerde fonemalar bar» ýa-da «ähli dillerde has atlar bar» diýen 
ýaly aňlatmalar absolýut uniwersaliýalaryň mysallary bolup durýar. 
Şeýle aňlatmalar az maglumatlydyr, sebäbi, olar hemmä belli haky-
katlary nygtaýarlar. Absolýut uniwersaliýalarda kadadan çykmalar 
ýokdur. Statistik (doly däl) uniwersaliýalar absolýut uniwersaliýalar-
dan tapawutlylykda umumy uniwersal kanunlara garşy gelmeýän we 
ol ýa-da beýleki hadysanyň ýokary statistik ähtimalygyny bozmaýan 
kadadan çykmalaryň ýekeleýin ýagdaýlaryna ýol berýärler. Mysal 
üçin, dürli ulgamlaýyn dilleriň 14-si predloglar bilen derňelende 
genetiwiň elmydama diýen ýaly, eýerdýän adyň yzyndan gelýändigi 
ýüze çykarylýar. Ýeke-täk kadadan çykma norweg dilidir, onda gene-
tiw prepozisiýada durýar. Şeýlelikde, 14 ýagdaýyň 13-sinde umumy 
düzgüne tabyn bolunýar, diňe 14/1 kadadan çykmadyr.
Sada uniwersaliýalar dilde haýsy hem bolsa bir hadysanyň 
bardygyny ýa-da ýokdugyny tassyklaýar, çylşyrymly uniwersaliýa-
lar dürli dilleriň arasyndaky belli bir garaşlygy tassyklaýar. Eger-de 
dilde söz üýtgemeleri bar bolsa, onda şol dilde hökmany ýagdaýda 
söz ýasalşynyň bolmalydygyny tassyklamak sada uniwersaliýadyr we 
şeýle uniwersaliýalaryň mukdary köpdür.
Fonemalaryň az mukdarynyň we olaryň morfemadaky muk-
darynyň köplüginiň arasyndaky garşylyklaýyn proporsional garaş-
lylyk gatnaşygy çylşyrymly uniwersaliýalaryň beýany bolup biler. 
Gawaý diliniň fonologik ulgamy 13 fonemadan ybarat bolup durýar, 
bu dildäki morfemalar adatça iki bogundan (ýagny, dört fonemadan) 
düzülýär. Emma bu dilde üç we ondan hem köp bogundan (ýagny alty 
fonemadan) ybarat bolan morfemalaryň köplügi ýüze çykarylýar.
Ýokarda görkezilen uniwersaliýalara sinhron nukdaýnazardan 
seredildi. Emma taryhy ösüşiniň dowamynda diller özgerýär we dil 
özgerişlikleri ählumumy aýratynlyk bolup durýar. Görkezilişi ýaly, 
leksika-statistik usul sözlük üçin häsiýetli bolan hemişe özgeriş tizli-
gini kesgitleýär. Amerikaly dilçi M. Swodeş eger-de bu tizlik hakyky 


171
uniwersaliýa bolmasa, onda azyndan garyndaş dilleriň käbir toparynyň 
çäklerinde hemişelik bolup durýar diýen pikiri beýan edýär.
Şonuň üçin sinhron uniwersaliýalar bilen bir hatarda olaryň he-
reket ediş çäkleri nukdaýnazaryndan diahroniki uniwersaliýalar ta-
pawutlandyrylýar. Bogun emele getiriji burun fonemalarynyň hemişe 
çekimliniň ýitip gitmeginiň netijesi bolup durýandygy hakyndaky tas-
syklama diahroniki uniwersaliýa mysal bolup biler.
Hakyky lingwistik nukdaýnazardan uniwersaliýalar olaryň 
degişli bolan dil derejesiniň esasynda bölünýär. Şeýle çemeleşmede 
uniwersaliýalaryň esasy üç görnüşini: fonetik, grammatik we seman-

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling