Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet107/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   103   104   105   106   107   108   109   110   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Tipologik derňew diliň diňe bir umumy aýratynlyklaryny däl, 
eýsem ählumumy aýratynlyklaryny hem ýüze çykarýar, olar genetik, 
real we tipologik meňzeşlikleriň netijesi bolup bilýär. Diliň ählumu-
my aýratynlyklaryny öwrenmek ählumumy rasional grammatikanyň 
predmetidir. Biziň günlerimizde Grinberg, Kolşanskiý we beýleki 
alymlar tarapyndan işlenip düzülýän uniwersaliýalaryň lingwistikasy 
ýüze çykdy. Uniwersaliýalaryň lingwistikasy diliň hadysalarynyň we 
dilleri beýan etmegiň usulyýetleriniň uniwersaldygyny öwrenýär.
Konkret-predmet tipologiýasyndan tapawutlykda uniwersaliýa-
laryň lingwistikasy, umuman, dil (etalon dil) bilen meşgullanýar, 
dilde näme bolup biljekdigini we näme bolup bilmejekdigini kesgit-
lemäge çalyşýar hem-de diňe bir adaty däl, eýsem uniwersal kanuna-
laýyklyklardaky kadadan çykmalaryň ýeke-täk görnüşleri bilen gy-
zyklanýar.Dile «tebigy» dillerde çäklendirilen alamatlaryň kesişmesi 
hökmünde düşünilýär. Uniwersaliýalaryň bolup biljek görnüşleri, 
uniwersaliýalaryň jemini düzmek uly gyzyklanma döredýär: deduk-
tiw we induktiw, doly, doly däl (statistik we dinamik), sinhron we 
diohron, dil hem gepleşik we ş.m.
Lingwistikada abstrakt-inwariant usulyýet we diliň umumy 
mümkinçiliklerini öwrenmek bilen bir hatarda hakyky dil materialy-
na esaslanýan, ony bölümlere bölýän, dillere akyl ýetirmegiň induk-
tiw, deduktiw ýollaryny utgaşdyrýan, diňe bir ählumumy däl, eýsem 
aýratyn hem özbaşdak zatlary ýüze çykarýan usulyýet bar. Dil bilimi 
dil hakyndaky ylym hökmünde belgi ulgamlarynyň diňe bir ählumu-
my aýratynlyklaryny öwrenmän, eýsem, dilleriň ählumumy, umumy 
we hususy aýratynlyklaryny, olaryň emele gelşini , ösüşini öwrenýär. 
Soraglar we ýumuş:
1. Dil biliminiň degşirme usulynyň aýratynlyklaryny düşündiriň.
2. Dil biliminiň degşirme usulynyň içki usulyýetleri we deňewleri 
haýsylar?
3. Degşirme usuly boýunça işlän alymlardan kimleri bilýärsiňiz?


169

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   103   104   105   106   107   108   109   110   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling