Umumy dil bilimi


tik görnüşlerini ýüze çykarmak mümkin.Fonetik uniwersaliýalaryň  ýüze çykarylmagyna N. S. Trubeskoý


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet109/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   105   106   107   108   109   110   111   112   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

tik görnüşlerini ýüze çykarmak mümkin.Fonetik uniwersaliýalaryň 
ýüze çykarylmagyna N. S. Trubeskoý köp üns berýär. Onuň pikiriçe, 
dilleriň aglaba köpüsinde çekimlileriň üç basgançakly ulgamy bar. Üç 
basgançakly iki klasly ulgam 
а
о е
и i
dünýäniň köp dillerinde: täze grek, serb-horwat, çeh, polýak, rus, gru-
zin, ýapon, maýa, tamil (Aziýada), lamba, şona, zulu (Afrikada) we 
başga dillerde agdyklyk edýär. Çekimsizler babatda aýdylanda bolsa, 
N.S.Trubeskoýyň pikiriçe, dünýäniň her bir dilinde dorsal, dental we 
labial çekimsizler duş gelýär. Dental çekimsizi bolmadyk dil ýokdur. 
Dünýä dillerinde çekimsizleriň şeýle ählumumy duş gelmeginiň 
esasy bolup dodagyň, diliň arkasynyň we ujunyň agyz boşlugynda 
päsgelçilikleri döretmek üçin has gowy uýgunlaşan hereketlenýän ag-
zalar bolup durmagy hyzmat edýär. Intonasiýa (äheň) hem uniwersal 
alamatdyr. Dürli emosiýalary döredýän intonasiýalaryň köpüsi örän 
tapawutly we biri-birinden has daşda durýan dillerde meňzeş manyny 
aňladýarlar.Hatda fonemalaryň utgaşyklylygy hem uniwersal bolup 
biler. «Çekimsiz+çekimli» ýaly utgaşmasyz dili göz öňüne getirip 
bolmaýandygy hakyndaky tassyklamany absolýut uniwersaliýa hasap 
edip bolar.
Grammatik derejedäki dil uniwersaliýalary babatda aýdylanda 
bolsa, onda morfologiýada we sintaksisde uniwersaliýalaryň ýüze 
çykarylmagyna has uly gyzyklanma bildirilýär. Amerikaly dilçi 


172
Ç. Hokket her bir dilde azyndan grammatik gurluşyň iki esasy – mor-
fologik we sintaktik derejesiniň bardygyny tassyklaýar.
Dünýäniň ähli dillerinde atlar – predmetleri, absrakt düşünjeleri, 
abstragirlenen alamatlary, sypatlar – predmetiň alamatlaryny, işlikler
– hereketi we ýagdaýy, sanlar – mukdary aňladýar. Käbir dillerde 
üýtgeşiklikler bar. E. Sepir hytaý dilinde hil ideýasynyň sypatlar bi-
len däl-de işlikler bilen aňladylýandygyny belleýär. Ýöne, häzirki za-
man hytaý diliniň grammatikasy boýunça barlaglarda işlik sypatlar 
bilen predikatyň umumy kategoriýasyna birleşýän hem bolsa, hytaý 
dilindäki sypatar işlik söz toparyna girmeýär, sebäbi, olar biri-birin-
den käbir aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Morfologik derejedäki uniwersaliýalaryň köpüsi J. Grinberg 
tarapyndan ýazylan «Esasan many aňladýan elementleriň tertibine 
degişli käbir grammatik uniwersaliýalar» atly makalada ýüze çykaryl-
ýar. Sözüň öňünden we yzyndan goşulýan goşulmalaryň arasyndaky 
gatnaşyklary derňäp J. Grinberg şeýle uniwersaliýany öňe sürýär: 
«Eger-de dil diňe suffiksal bolsa, onda bu poslelogly dildir, eger-de 
diňe prefiksal bolsa, onda ol predlogly dildir. Eger-de dilde söz ýa-
saýjy we söz üýtgediji elementler bar bolsa, onda söz ýasaýjy ele-
ment kök bilen has jebis baglanyşyklydyr. Şu ýerde, eger söz ýasaýjy 
we söz üýtgediji elementler köküň yzyndan ýa-da kökden öň gelýän 
bolsa, onda söz ýasaýjy element hemişe köküň hem-de söz üýtgediji 
elementiň arasynda durýar diýlen umumylaşdyrma gelip çykýar».
Dünýä dilleriniň işlik söz üýtgemelerinde şu aşakdaky iearhik 
garaşlylyk bellenilýär: eger işligiň ýöňkeme we san kategoriýasy ýa-
da jyns kategoriýasy bar bolsa, onda onuň hökmany ýagdaýda wagt 
we forma kategoriýalary bolmalydyr.
Jyns we san kategoriýalarynyň özara gatnaşygy şu aşakdaky 
uniwersaliýada emele gelýär: eger diliň jyns kategoriýasy bar bolsa, 
onuň hökmany ýagdaýda san kategoriýasy bolýar. 
Sintaktik uniwersaliýalary has ýokary derejeli ygtybarlylyk bi-
len ýüze çykarmak dil birlikleriniň arasyndaky pikirleniş we gatnaşyk 
kanunlarynyň arasyndaky baglanyşyklaryň bellenilişine baglydyr, 
sebäbi, pikirlenişiň düzümi diliň kommunikatiw mazmunyny ýeri-
ne ýetirmäge gönüden-göni gatnaşýan dil hadysalarynyň düzümini 
şertlendirýär. Bu dereje sintaktik derejedir, sebäbi diňe sözler we söz 


173
düzümleri bilen aragatnaşyk etmek mümkin däldir. Diňe sintaktik bir-
lik hökmünde sözlem arkaly aragatnaşyk etmek bolýar.
Has umumy sintaktik uniwersaliýany Ç. Hokket öňe sürýär. Ol: 
«Her bir dilde bölekleri «tema» (ýagny belli bolan zat) we «rema» 
(ýagny, bu belli zat hakynda nähili täze zat habar berilýär) adalgasy 
bilen aňladylýan iki agzaly düzümli sözlemlere duş gelmek bolýar» 
diýip belleýär. Bu bölekleriň biri-biriniň yzyndan geliş tertibi dürli 
dillerde dürli hili bolup biler. Hytaý, ýapon, iňlis dilleri üçin ilki bi-
len näme hakynda gürrüň gitjegi hakynda ýatlatmak, soňra bolsa ol 
hakynda nähilidir bir täze zadyň habar berilmegi mahsus bolup durýar. 
Başga dillere beýleki yzygiderlilik – remanyň ýa-da onuň böleginiň 
temadan öň gelmegi mahsusdyr.
Sözlemde sözleriň tertibi babatda J. Grinberg tarapyndan hem kä-
bir uniwersaliýalar öňe sürülýär. Mysal üçin, at subýektli we obýektli 
beýan ediş sözlemlerinde hemişe diýen ýaly subýektiň obýektden öň 
geliş tertibi agdyklyk edýär. Şertli gurluşlarda şertli bölegiň netijeden 
öň gelmegi ähli diller üçin sözleriň kadaly tertibi bolup durýar.
J.Grinberg 45 grammatik uniwersaliýany ýüze çykarýar. Fono-
logik we grammatik uniwersaliýalaryň sanawy gutarnykly däldir. Dil 
uniwersaliýalary öwrenildigiçe, onuň mukdary üýtgäp bilýär. Uniwer-
saliýalar diliň has düýpli alamatlaryny beýan edýär.Uniwersaliýalaryň 
kyn we çylşyrymly meseleleri semantika ulgamynda ýüze çykýar.
Semantik uniwersaliýalaryň has doly we ygtybarly bölünişi iňlis 
dilçisi S. Ulman tarapyndan «Semantik uniwersaliýalar» atly işde be-
rilýär. Onuň pikiriçe, semantik uniwersaliýalaryň aglabasy statistik 
häsiýetlidir, ýagny olaryň islendik dilde bolmagy hökmän däl, ýöne 
olaryň barlgynyň ähtimallygyny öňünden aýtmak mümkin.
Semantik uniwersaliýalar diahroniki we sinhroniki bolup biler. 
Dürli dillerde sözleriň manysynyň metaforik göçmegine bolan meýil 
bar we manylaryň bu göçüşleri umumy meýillere tabyn bolýar. Şeýle 
meýilleriň biri antropomorfiki görnüşli metaforadyr. Munda adam 
bedeni we onuň bölekleri, şeýle hem onuň duýgulary, joşgunlary 
jansyz predmetlere geçirilýär. Meselem, deň.rusça «игольное ушко, 
горлышко бутылки», iňlisçe «he lungs of town» şäheriň bagry. 
Tersleýin geçiş hem mümkindir, ýagny jansyz predmetleriň ýa-
da haýwanlaryň atlary adam bedeniniň agzalaryna geçirilýär, iňlisçe 


174
«muscle» «muskul» (latynça, musculus sözme-söz «kiçijik syçan»), 
rusça «мышца».
Islendik diliň taryhy ösüşiniň dowamynda umumy we abstrakt 
manylar has anyk manylardan ýüze çykýar, ýagny, fiziki duýgulary 
aňladýan sözler abstrakt hadysalary beýan etmek üçin ulanylýar.Me-
selem, sowuk ýüz, ýumşak häsiýet we başgalar. Ýokarda seredip ge-
çen ýagdaýymyza, sinestetik metaforalary mysal görkezmek bolar, ol 
manysy bir duýgy agzasy bilen bagly bolan sözi beýleki duýgy ag-
zasyna degişli manyda ulanylmak ybaratdyr, ýagny duýmadan gulak 
bilen eşitmäge ýa-da eşitmekden görüşe geçilýär, hususan-da: sowuk 
gürrüň we ş.m. Dilçi alym Ulman manylaryň metaforik göçüşiniň üç 
meýlini ýüze çykarýar, ýagny:
1) duýma sferasy metaforalaryň ugur alyş nokadynyň iň giň 
ýaýranydyr;
2) eşitmek iň giň ýaýran ahyrky nokatdyr, 3) inçe duýgulardan 
has inçe duýgy agzalaryna geçmek ýygy-ýygydan bolup geçýär.
Sinhron uniwersaliýalara dildäki sada manyly sözleriň (rusça 
«незабудка», iňlisçe «forget-me-not» sözme-söz «meni ýatdan çy-
karma», sese öýkünme sözleri: rusça «кукушка», italýança «sisigo», 
wengerçe «kakik» türkmençe «jik-jiki» we ş.m.) derňewiniň netije-
sinde manylary düşündirilýän sözleri degişli etmek bolar. Mysal üçin, 
iňlisçe «women» «aýal» häzir motiwirlenmedik söz hökmünde ka-
bul edilýär, sebäbi, ol «wife» «aýal» + «man» «adam» söleri bilen 
baglanyşygyny ýitirdi.
Eger dilde polisemiýa, ýagny şol bir sözüň iki we ondan köp ma-
nyda ulanylmagy absolýut uniwersaliýa bolýan bolsa, onda omoni-
miýa ähtimallygy ýokary derejedäki statistik uniwersaliýa bolýar.
Ýokarda görkezilen uniwersaliýalara olaryň logiki düzümi we 
dil derejesi nukdaýnazardan garaldy. Dil uniwersaliaýalary bir diliň 
beýleki dil bilen deňeşdirilmeginiň esasynda kesgitlenilýär. Şeýle 
görnüşdäki uniwersaliýalara lingwistik uniwersaliýalar diýilýär. 
Mundan başga-da, dil uniwersaliýalaryny bir dil ulgamyny 
beýleki dil ulgamlary bilen degşirmegiň esasynda ýüze çykarmak 
bolýar we olar ekstralingwistik adalgalar arkaly beýan edilýär. Eks-
tralingwistik uniwersaliýalary ýüze çykarmak empiriki häsiýetlidir, 
sebäbi bir belgi ulgamyny beýlekiden çäklendirýän anyk çäkler entek 


175
belli edilenok. Belgi ulgamlarynyň arasyndaky serhetleriň durnukly 
bolmazlygy takyk ekstralingwistik uniwersaliýalary kesgitlemek-
de kynçylyklar döredýär. Şonuň üçin häzirki wagtda alymlar anyk 
dil uniwersaliýalary gözlemäge, olaryň sanawyny düzmäge uly üns 
berýärler.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   105   106   107   108   109   110   111   112   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling