Parsy dildäki edebiýat


Download 43.69 Kb.
bet1/2
Sana17.06.2023
Hajmi43.69 Kb.
#1549843
  1   2
Bog'liq
Parsy dildäki edebiýat


Parsy dildäki edebiýat

Türkmen halky özüniň gelip çykyşy boýunça türki halklarynyň iň gadymylarynyň biridir. Türkmen halkyny emele getirmekde ençeme türki taýpalar , birinji nobatda hem oguzlar uly rol oýnapdyrlar. Türkmenleriň ata-babalarynyň biri oguzlar, taryhy çeşmeleriň görkezmegine görä , baryp biziň eramyzyň VI-VIII asyrlarynda Orta Aziýada peýda bolýarlar. Olar kem-kemden ýaýrap , ýerli ilaty özlerine boýun egdirýärler hem-de şolar bilen gatyşýarlar. Şoňa görä türkmenleriň ýalňyz bir taýpadan emele gelmändigi öz-özünden düşnüklidir. Türkmenleriň geçmiş taryhy barada birnäçe ylmy işler ýazan görnükli alym A.A.Roslýakow özüniň "Türkmen halkynyň gelip çykyşy" diýen işinde şu meseläni ýörite nygtap , şeýle ýazýar: " Türkmenleriň sostawyna diňe bir oguzlar däl-de , eýsem başga-da köp taýpalaryň we halklaryň wekilleri goşuldylar. Türkmen halkyýeti haýsy hem bolsa bir taýpadan emele gelmän , eýsem dürli taýpalardan we hatda dürli jynslardan - ýewropa hem-de mongol jynslaryndan bolan adamlardan emele geldi. Şeýlelikde, türkmenleriň ata-babalarynyň bir bölegi , olaryň eýran diline ýakyn dillerde geplän we ekerançylyk hem-de maldarçylyk bilen meşgullanan ýewropa jynsynyň taýpalary Türkmenistanyň ýerli ilaty bolupdy. Türkmenleriň ata- babalarynyň beýleki bölegi bolsa türki dillerde gepleýän mongol jynsynyň , esasan, maldarçylyk bilen meşgullanan taýpalary Türkmenistanyň teritoriýasyna Merkezi Aziýadan geldi".


XI-XII asyrlardaky türkmen edebiýatynyň taryhy örän çylşyrymly we özboluşly bir häsiýete eýedir. Bu döwürde, türki dildäki edebiýat we folklor bilen birlikde , Türkmenistanyň territoriýasynda parsy dilde baý edebiýat emele gelýär, çünki seljuklar gaznewileri ýeňip , bütin Eýrany, Orta Aziýany eýelemek bilen , ozaldan dowam edip gelýän däp-dessurlaryň birnäçesini öňki bolşy ýaly galdyrypdyrlar. Mysal üçin, döwlet dili ýene-de parsy dili bolup galýar. Şol dilde ýazylan çeper eserleri seljuk hökümdarlary goldaýarlar. Olaryň özleri-de , köplenç, şol dili öwrenýärler. Hatda käbiri bu dilde çeper eserler hem ýazypdyr. Şolardan emir Aly Böri tekiniň, Gylyç Tamgajyň, Tugrul ibn Arslanyň, Melikşanyň, Sanjaryň, Tuganşanyň, Süleýman ibn soltan Muhammediň we başgalaryň atlaryny görkezmek bolar.Olaryň eserlerinden diňe käbir nusgalar aýry-aýry tezkirelere girzilipdir. Şol şahyr hökümdarlaryň iň görnüklileriniň biri Arslanyň ogly Tugruldyr. "Mejmeýul- Fusaha" we " Ataşkende-ýe Azer" atly tezkirelerde brilýän maglumatlara görä , Tugrulyň batyrlykda-da , ylymlylykda-da deňi- taýy bolmandyr. Ol köp wagtlap Yrakda patyşa boýar. Bir wagt Gutluk Ynanç ibn Atabek Muhammet bilen arasy bozulýar we ony tussag edýär. Emma Gutluk Ynanç tussagdan gaçýar we Horasana gelip, Tekeş han horezmşany Yragy basyp almaklyga öjükdirýär. Netijede, Reý şäheriniň golaýynda olaryň goşunlarynyň arasynda çaknyşyk bolýar. Söweşe taýýar bonan mahalda, Tugrul şu rubagyny aýdýar:
Bar, meniň demir donumy getir, geýeýin,
Bu iş meniň başyma gelipdir, men özüm tagalla edeýin,

Elimde gürzim , egnimde galkanym barka,


Men Yrak ýurduny öz janymyň hatyrasyna satmaryn.

Tugrul birnäçe käse çakyr içenligi sebäpli , serhoş bolýar. Şol ýagdaýda hem ol uruş meýdanyna girýär, emma elindäki gürzisini aýlap salanda, tötänlikde gürzi atynyň öň aýagyna degýär. At ýykylýar, Tugrul-da ýere togalanýar. Şol pursatda Gutluk Ynanç gelip, onuň başyny kesýär. Tugruldan galan rubagylardan ýene-de aşaky bendi görkezmek bolar:


Düýn, gör, lähili jana ýakymly duşuşyk boldy,


Bu gün bolsa älemi ýandyryjy şeýle aýralyk.
Haýp, ömür depderimde durmuş,
Muny-da bir gün diýip, ýazar, ony-da bir gün.

Tugrulyň "Ataşkede-ýe Azerde" bir, "Mejmsul- Fusahada" hem dört rubagysy ýerleşdirilipdir. Olaryň hemmesi diýen ýaly yşky- söýgi, gahrymançylyk, öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlardyr.


Seljuklaryň şygyr ýzan hökümdarlarynyň biri-de
Download 43.69 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling