Parsy dildäki edebiýat


Download 43.69 Kb.
bet2/2
Sana17.06.2023
Hajmi43.69 Kb.
#1549843
1   2
Bog'liq
Parsy dildäki edebiýat

soltan Sanjardyr(1083-1157). " Seljuknama" kitabynda(52 sah.) berilýän maglumata görä, Sanjar ylym söýen we poýeziýany , şahyrlary goldan meşhur patyşa bolupdyr. Onuň döwründe ylym, edebiýat ösüpdir. Şoňa görä köp ýerlerden Sanjaryň köşgüne şahyrlar ýüzlenipdirler. Döwletşa Samarkandynyň ýazmagyna görä, Sanjar bir gezek şahyrlary ýygnap , olara: " Men ölenimde , men hakda siz nähili elegiýa ýazjak" diýip ýüzlenýär." Şol ýazjak elegiýaňyzy entek men dirikäm ýazyň, kimiň oňat ýazandygyny men göreýin we oňa degişli sylag bereýin" diýýär. Şonda köp şahyrlar dürli elegiýalar ýazýarlar. Sanjar olaryň arasyndan aşaky kytgany halaýar:

Men Sanjar patyşa öldi diýemok,


Dünýäde adyl patyşa hiç haçan ölmez:
Ol bütin älemi boýdan-başa eýeledi,
Gitdi ýene-de bir başga älemi eýelemäge.

Sanjar Termez galasynda oguzlaryň tussagyndan halas bolanyndan soň, Maryda aradan çykýar. Ol ölüm halynda ýatan wagtynda, aşakdaky goşgy setirlerini düzüp, öz mirasdüşerine okap berýär, şondan soň hem ölýär:


Dünýä alan tygyň, gala ýykan gürziniň zarbyndan


Älem maňa boýun egdi, meniň akyla boýun egşim ýaly.

El bilen yşarat etmegim arkaly köp galalary aldym,


Bir aýak gysmagym bilen köp uruşlary ýeňdim.
Emma haçan-da ölüm hüjüm edende, hiç zat maňa kömek etmedi.
Mydamalyk ýaşaýyş Hudaýa degişlidir, mal- mülk hem Hudaýyňkydyr.

Sanjaryň edebi döredijiliginden ýene-de aşakdaky öwüt- nesihat häsiýetli rubagyny görkezmek bolar:


Ýaşulular we pähimliler


Serhoş bolan menden bir nesihat alsynlar:
Haçan-da olara döwlet ýoldaş bolan wagty,
Pese düşenleri goldasynlar.

Poýeziýa bilen gyzygan we käbir şygyrlar döreden seljuk hökümdarlarynyň biri-de Jelaleddin Melikşadyr. Ol patyşalyk eden döwründe köp ýerleri , hatda Rim imperiýasyny hem özüne boýun egdirýär. Emma Melikşa uzak ýaşaman , otuz sekiz ýaşynda 485-nji (1092-1093) ýylda Bagdatda aradan çykýar. Ol ýigrimi ýyl patyşa bolýar. Onuň düzen goşgularyndan tezkirelerde aşakdaky rubagysy ýerleşdirilipdir:


Öten agşam ýar gözümden öpdi meniň,


Gözlerimde ýaşlar goýup gitdi meniň;
Söýgülimiň gözlerimden öpmeginden
Öz ýüzini gözlerimde gördi meniň.

Melikşanyň ogly soltan Muhammet hem seljuklaryň uly hökümdarlaryndan biri bolup, ol-da kakasy ýaly poýeziýa bilen gyzygypdyr we parsy dilde käbir şygyrlar ýazypdyr. Zahyreddin Nişapury-da (XII asyr) özüniň seljuklar hakynda ýörite ýazan " Seljuknama" atly kitabynda eýran seljuklarynyň ahyrky patyşasy Tugrul III we Rum (Kiçi Aziýa) seljuklarynyň soltany Keýgubadyň parsy dilde eser döreden ussat şahyrlaryň çeper sözlerinden kem bolmadyk gymmatly şygyrlar dördendiklerini habar berýär.


Dürli asyrlada döredilen tezkirelerde berilýän şular ýaly maglumatlar seljuk hökümdarlarynyň poýeziýa , birinji nobatda hem parsy dilde dörän poýeziýa nähili ähmiýet berendiklerini aýdyň görkezýär. Şeýlelikde, XI-XII asyrlarda öňden dowam edip gelýän gadymy tradisiýanyň esasynda baý poýeziýa döreýär. Prof. Ý.E.Bertelsiň belleýşi ýaly ,"Seljuklaryň agalyk sürmegi örän uly ähmiýete eýe bolýar. Hut şol döwürde baý medeni durmuş emele gelýär, geljekde diňe bir Gündogar ýurtlarynyň durmuşynda däl , eýsem bütin dünýäniň medeniýetinde uly rol oýnan seljuk sungaty döreýär". Elbetde, parsy dildäki edebiýatyň, sungatyň ösmeginde seljuklaryň , ylaýta-da häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşan şahyrlaryň sungat ussatlarynyň uly täsiri bolup, degerli goşant goşandyklary, şol döwürde döredilen çeper eserleriň bolsa türkmenleriň arasynda-da azda-kände ýaýrajakdygy şübhesizdir. Türkmen ebiýatynyň soňky asyrlarda dörän ýadigärlikleri bu çaklamanyň hakykata laýykdygyny görkezdi. XVII-XIX asyrlarda döredilen ençeme türkmen edebi ýadigärliklerinde sejuk döwründe we ondan soňky döwürlerde parsy dilde ýazylan eserlerde duş gelýän edebi motizeri görmek kyn däl.
Download 43.69 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling