Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Matematiki we inženerçilik dil bilimi
Soraglar we ýumuş:
1. Dil uniwersaliýasy diýip näme düşünýärsiňiz? 2. Dil uniwersaliýalarynyň nähili görnüşler bar? 3. Dil uniwersaliýalarynyň görnüşleriniň aýratynlyklaryny düşündiriň. Hödürlenilýän edebiýatlar: 1. Даниленко. В.П. Общее языкозание и история языкознание. – М., 2009. 2. Хроленко А.Т., Бондалетов В.Д. Теория языка. – М., 2006. 3. Рождественский Ю.В. Лекции по общему языкознанию. – М.,1990. Matematiki we inženerçilik dil bilimi Ýigriminji asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrynda dürli ýurtlarda dil materiallarynyň düşündirilişine we matematiki usullara bolan gyzyk- lanmalar artyp başlaýar. Şunuň netijesinde matematiki dil bilimi ýüze çykýar. Matematiki dil biliminiň merkezi hökmünde ABŞ-nyň, Russiýanyň uniwersitetleri, ylmy edaralary uly işleri alyp barýarlar. Bu dil bilimi şol bir wagtda nazary hem-de amaly ylym hökmünde ösýär. Matematiki dil bilimiň nazary tarapynda-da, amaly ugrunda-da usuly jäht esasy orunda durýar. Dili matematiki tarapdan öwrenmegiň nazary jähti tekstiň, gep- leýiş işiniň, diliň dürli nusgasyny döretmegi bilen häsiýetlendiril- ýär. Onuň has giň ýaýran görnüşi logiko-matematik, nazary-mag- lumat (teoriýa-informasiýa), ähtimallyk-statistik nusgalarydyr. Olaryň tapawutly aýratynlygy dile ol ýa-da beýleki usullar arkaly tertipleşdirilen we formalaşdyrylan matematiki beýan etmeler hökmünde düşünmegidir. Bu bolsa, dil biliminde diňe bir matema- tiki we lingwomatematiki nyşanlaryň (simwolikanyň) däl, eýsem, matematiki nazaryýetleriň, barlag usullarynyň ulanylmagy üçin 176 esas bolýar. Matematiki dil biliminiň usullaryny açyp görkezmekde L. Ýelmslewiň, N. Homskiniň, K. Şennonyň örän gyzykly işleri bar. Dil biliminiň öňünde dili maşyn diline öwürmäge mümkinçi- lik berýän beýan ediş aýratynlygynyň nazary esaslaryny döretmek meselesi durýar.Formal grammatikalaryň we dilleriň, sintaktik sinteziň, semantik analiziň we sinteziň nazaryýetleri döreýär. Täze dilçilik meselelerini çözmekde dil hakyndaky maglumatlaryň beýan edilmegi hem-de olaryň üstüniň doldurylmagynyň öwrenilmegi dil maglumatlaryny bölümlere bölmegi we awtomatlaşdyrmagy ta- lap etdi. Şeýlelikde, dilçilik barlaglarynyň awtomatlaşdyrylmagy inženerçilik dil biliminiň meseleleriniň döremegine getirdi. Bu me- selelere awtomatik terjime, tekstleriň maşyn tarapyndan düzülmegi hem-de gysgaldylmagy degişlidir. Maşyn terjimesi dilçilik, logiko-matematik, inženerçilik meseleleriniň birentegini çözmegi talap edýän toplumlaýyn ylmy barlagdyr. Bu ýerde esasy mesele şundan ybaratdyr, adamyň ýokary nerw işi baglanyşykly hem-de köp kanallydyr, adamyň pikirlenme- si bolsa döredijiliklidir. Kompýuteriň ýady bolsa, adatça, birkanal- ly, «pikirlenmesi» bolsa, algoritmikdir. Tebigy dillerdäki örän uly möçberdäki maglumatlar maşyn terjimesiniň algoritmleri, gysgaldy- lan ýöriteleşdirilen diller döredilende, ýygylyk (çastotnyý) sözlükleri düzülende materiallaryň formalaşdyrylmagynyň hem-de sazlaşykly bölünmeginiň zerurlygyny talap edýär. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling