Umumy dil bilimi
pozision we distributiw tärleri
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gurşaw täri
- Z. Harrisiň we N. Homskiniň
pozision we distributiw tärleri tapawutlandyrylýar.
Pozision tärler dil birlikleriniň pozision düzüminiň ykrar edil- megine esaslanýar, distributiw tärleriň (we distributiw usulyýetiň) kömegi bilen dil birlikleriniň gurşawy, olaryň konteksti öwrenilýär. Distributiw usulyýet öz içine: walentlilik, gurşaw we distributiw formula ýaly dürli tärleri alýar. Walentlilik derňew formal we semantik bolup biler, mysal üçin, işlik eýermesinde işligiň walentliligi şol bir wagtda formal semantik bolup bilýär. Walentlilik agalyk ediji formany häsiýetlendirýär, şol bir wagtyň özünde ol garaşly komponentiň şekiline we semantikasyna bagly bolýar. Gurşaw täri birligiň gurşawynyň (kontekstleriniň) görnüşlerine distribusiýanyň üsti bilen derňelýän birligiň häsiýetnamalary hökmün- de garalmagyndan ybaratdyr, şu ýagdaýda distribusiýa şol birligiň gurşawlarynyň jemi hökmünde düşünilýär. Munda erkin, goşmaça we hemişelik distribusiýa tapawutlandyrylýar. Goşmaça distribusiýa differensirleýji bolýar. Mysal üçin, [ы] we [и], [к] we [к’] rus fonema- lary goşmaça distribusiýa gatnaşyklarynda, oppozisiýada durýarlar, bu oppozision usulyýetiň ikinji düzgünidir. Oppozisiýanyň bir agzasy güýçli (alamatly), beýlekisi gowşak (alamatsyz) diýlip kesgitlenilýär. Oppozisiýa deňdeş däl garşylaşdyrma hökmünde düşünilmegi ikinji funksiýalaryň, kontekstleýin derňewiň we neýtrallaşdyrmanyň usulyýetiniň döredilmegine getirýär. Munuň bilen oppozision usulyýetiň konteksti (üçünji) düzgüne baglydyr. Oppozisiýanyň 160 agzasynyň mazmun alamatynyň açyk däldigi ony kontekste garaşly edýär, onuň bölekleýin manylarynyň we ikinji funksiýalarynyň döre- megine getirýär. Mysal üçin, häzirki zaman işligiň nämälim görnüşi ulanylanda, adatça, işligiň mälim görnüşinde aňladylýan bir gezek- leýin hereketi görkezip biler: любовался, кидался – входит. Şeýlelikde, oppozision tär komponentleýin derňew bilen başlanýar, kontekstleýin derňew bilen tamamlanýar. Aslynda, oppozi- sion tär differensial alamatlary saýlap almagyň düzgünleri we olaryň birmeňzeş däl düşündirişi bolup durýar. Pozision tärleriň tapawutlandyryjy aýratynlygy, dil birlikleriniň sintagma (heň – many taýyndan bir bolan tutuş sintaktik birlik) düzü- mini ykrar etmekden ybaratdyr. Pozision tärler fonetikada, söz ýasalyş ülňüleri, sözüň morfema bölünişi we morfema gurluşy öwrenilende ulanylýar, olar sintaksisde hem giňden ýaýrandyr.Pozision derňewiň usulyýeti oňa düşünilişine baglylykda özboluşlylyga eýe bolýar. Dil birlikleri içki gurluşa hem eýedir. Dil birlikleriniň we olaryň kategoriýalarynyň gurluşyny öwrenmek hususy ýa-da içki düşündirişiniň bolmagyny göz öňünde tutýar. Içki düşündirişiň tärle- rini üç görnüşe bölmek bolar: 1) toparlamak we ulgamlaşdyrmak tärleri, olar dil birlikleriniň dürli toparlaryny, derejelerini, klaslaryny, şeýle hem diliň ol ýa-da beýleki birliklerine mahsus bolan kategoriaýalary ýüze çykarmaga gönükdirilendir; 2) ýüze çykarylan birlikleriň we olaryň kategoriýalarynyň, nusgalarynyň gurluşyny açyp görkezmegiň tärleri, olara aşakdakylar degişlidir: а) paradigmatiki tärler; b) sintagmatiki we pozision tärler; 3) özgertme tärleri, şol sanda transformasion usulyýet. Dil biliminde düşünjeleriň möçberini grammatik jyns – görnüş we dihotomik bölmegiň esasynda gurlan toparlanyşyklar giňden ula- nylýar. Dihotomiýa düşünjäniň möçberini bölmegiň logiki amaly hökmünde düşünjäni iki sany gapma-garşylykly görnüş düşünjesine bölmekden ybarat bolýar, olaryň biri beýlekisiniň alamatlaryny inkär edýär (görnüş – mälim+ mälim däl, düşüm+ göni we gytaklaýyn). 161 Sözleriň söz toparlary, sözlemler, fonemalar we morfemalar boýun- ça toparlanyşygy lingwistik toparlanyşygyň mysallary bolup hyzmat edýär. Mysal üçin, söz toparlaryna giň we dar manyda düşünilip bil- ner: olara dar manyda – sözleriň morfologik ýa-da distributiw toparlary hökmünde, giň manyda bolsa söz toparlaryna sözleriň leksika-gram- matik derejeleri hökmünde düşünilýär. Morfologik aýratynlyklaryna esaslanylanda, çalyşma söz topary hökmünde ýitýär, leksika-sintaktik aýratynlyklaryna esaslanylanda, saklanyp galýar. Logiki nukdaýnazardan toparlanyşyk düşünjedäki bölünişiň düzgünlerine tabyn bolmaly, lingwistik toparlanyşyklarda bu düzgün- ler köp halatda berjaý edilmeýär, şonuň üçin hem toparlanyşyk täri, adatça, ýeterlik logiki esaslandyrma bolmazdan ulgamlaşdyrmanyň täri hökmünde çykyş edýär. Dil kategoriýalary öwrenilende, paradigmatiki usulyýet we paradigmalaryň tärleri giňden ulanylýar. Olaryň düýp mazmuny dil birliklerine dil birlikleriniň ýygyndysy bolup durýan kategoriýalar- daky komponentler hökmünde garalýandygyndan ybaratdyr. Paradig- ma gepleşik materialyndan alynýan, ýöne birbada dolulygyna amala aşmaýan we ulanylmaýan nusga hökmünde düşünilýär. Şonuň üçin paradigmatik usulyýet dili modelirlemegiň usullarynyň biridir. Oppozisiýa täri diliň (paradigmany) we gepleýşiň (konteks- ti) gapma-garşy goýulmagyna we oppozisiýanyň agzalarynyň deň derejesizliginiň ykrar edilmegine esaslanýar. Bu iki ýörelge oppozi- sion täriň usulyýetini kesgitleýär. Oppozision derňewiň usulyýetiniň birinji düzgüni differensial alamatlaryň ýygyndysyny bellemekden ybaratdyr. Mysal üçin, rus we beýleki slawýan dillerindäki işlik şekilleriniň hereketiniň bitewüligi, onuň dowamlylygy, bir wagt- dalygy, öňden we yzyndan gelme, şeýle hereketiň başlanmagy (заговорил) we tamamlanmagy (договорил), onuň köp gezekligi hem bir gezekligi (крикнул) ýaly semantik alamatlary bolup biler. Indiki tapgyr – oppozision modeliň agzalarynyň hemişelik we üýtgeýän komponentleriniň deňsizligini, üýtgemesiniň ýol bererlikli çäklerini we modeliň anyk düzüminden tapawutlanyş derejesini kes- gitlemek bolup durýar. Özgertme täri dile proses, ýagny aýry-aýry birlikleri biri-biri bi- len baglanyşykly bolan dinamiki düzüm hökmünde düşünilmegine 11. Sargyt № 89 162 esaslanýar. Özgertme tärleri, bir tarapdan, deňeşdirme-taryhy dil bili- minde, beýleki tarapdan- logiki lingwistikada we çeper tekstiň stilis- tik derňewinde ýüze çykýar. Özgertme täri Z. Harrisiň we N. Homskiniň işleri bilen uly meşhurlyga eýe boldy, şunda N.Homskiý transformasion grammatikanyň guruş grammatika garanyňda adaty grammatika has ýakyn durýandygyny birnäçe gezek belleýär. Adaty transformasion tär (özgertmeler täri) özgertmeleriň düz- günlerini, transformasion dowamlylygyň ugurlaryny kesgitlemekden we alnan transformalary ýa-da özara transformirlenýän birlikleri (si- nonomik ýa-da ýasama) deňeşdirmekden ybaratdy. Transformasion tär dil birlikleriniň özara baglanyşygyny, garyndaşlygyny ykrar etmek- den ugur alýar. Ol sintaktik we söz ýasalyş modellerini öwrenmek- de, diliň beýleki derejeleriniň (ýaruslarynyň) birliklerini derňemekde ulanylýar.Adaty transformasion täriň tapawutlandyryjy alamaty onuň düzgünleriň berk ulgamyna baglanylmandygy we diliň nazaryýeti hökmünde ulanylmanlygydyr. Bu tär anyk diliň hakykylygynyň ykrar edilmegine esaslanýar we onuň çylşyrymly kategoriýalaryny, köp manyly ýa-da ýeterlik derejede açylmadyk hadysalaryny öwrenmek üçin ulanylýar. Adaty transformasion tär ulanylanda, beýleki tärlerde bolşy ýaly, islendik baglanyşyklary bellemäge ýol berilýär, olar real dil, onuň taryhy hakynda maglumat berýär. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling