Umumy dil bilimi
Iwan Aleksandrowiç Boduen de Kurtene (1845–1929)
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Žosef Wandriýes (1875–1960)
- Leonard Blumfild (1887–1949)
- Lew Wladimirowiç Şerba (1880–1944)
Iwan Aleksandrowiç Boduen de Kurtene (1845–1929) meşhur
rus we polýak dilçisidir.Ol dil biliminde uly özgerişlik edýär.Alym köp ýyllaryň dowamynda hindi-ýewropa dillerini öwrenýär. Öz işlerini diňe bir rus hem polýak dillerinde däl, eýsem nemes, fransuz, italýan we beýleki dillerde-de ýazýar. Ol ekspedisiýalara gatnaşyp, slawýan dille- rini öwrenýär, şonuň bilen birlikde olaryň fonetik aýratynlyklaryny bel- leýär. Şol döwürde diliň öwrenilişiniň bu üýtgeşik usuly köpleri haýran galdyrýar, sebäbi dil bilimi otag, kitap ylmy hasaplanylýardy. Onuň diliň ses ulgamyna degişli işleriniň arasynda fonema we fonetik gezekleşme nazaryýeti kemala gelýär. Bu nazaryýet häzirki güne çenli öz ylmy gymmatlygyny saklap gelýär. Brokgauzyň we Efronyň meşhur ensiklopedik sözlüginiň 1891-nji ýylda çykan tomunda 46 ýaşly Kurtene – «Häzirki zaman dilçileriniň iň meşhurlarynyň biri» diýlip baha berilýär. Boduen de Kurtene dil biliminiň meşhur Kazan mekdebini esaslandyran alymdyr. 182 Žosef Wandriýes (1875–1960) kelt diliniň hünärmeni bolup, klassyky we umumy dil bilimi ugrunda önjeýli zähmet çekipdir. Lingwistikanyň fransuz sosial mekdebiniň wekili. Möhüm nazary işleriniň biri «Dil» bolup, ilkinji neşiri 1921-nji ýyla degişli. Bu eser 1937-nji ýylda rus diline terjime edilýär. Leonard Blumfild (1887–1949) meşhur amerikan dilçisi, ameri- kan lingwistika mekdebini esaslandyranlaryň biri. German dilleriniň morfologik gurluşy bilen meşgullanýar. Amerikan indeýleriniň dille- ri bilen gyzyklanyp, dil biliminiň nazaryýetini işläp düzýär. Leonard Blumfildiň esasy işi «Dil» bolup, bu eser 1968-nji ýylda Moskwada rus dilinde neşir edildi. Lew Wladimirowiç Şerba (1880–1944) meşhur rus dilçisidir. Onuň mugallymy XIX–XX asyryň ajaýyp filology I. A. Boduen de Kurtene bolupdyr. L.W.Şerbanyň ylmy gyzyklanmalary dürli tarap- laýynlygy bilen tapawutlanýar. Ol janly gepleşik diline uly üns beripdir, ýagny janly dil gepleşik görnüşinde ýaşaýar diýen pikiri öňe sürüpdir. L.W. Şerba leksikografiýanyň nazaryýeti we tejribesi üçin köp işler edýär.Alymyň «Leksikografiýanyň umumy nazaryýetiniň tejribesi» (Опыт общей теории лексикографии) atly makalasy dil biliminde meşhurlyga eýe- dir. Ol bu makalada sözlükleriň dürli görnüşleri hakynda maglumat bermek bilen, ensiklopedik we lingwistik sözlükleri anyk bölümlere bölýär. L. W. Şerba M. Z. Matusewiç bilen iki dilli terjime sözlüginiň täze görnüşini döretdi, olar 1936-njy ýylda «Rusça – fransuzça söz- lügi» çap etdirdiler. Alym grammatikanyň we leksikologiýanyň na- zaryýeti babatda köp işleri amala aşyrdy. Ol diliň ses ulgamyny öwreniji hökmünde Leningrad fonologik mekdebini esaslandyrdy. L.W.Şerbanyň fonetika degişli işleriniň iň möhümleri hökmünde 1912-nji ýylda çap edilen «Rus çekimlileri hil we mukdar gatnaşyklarynda» «Русские гласные в качественном и количественном отношении» we 1937-nji ýylda çapdan çykan «Fransuz diliniň fonetikasy» «Фонетика французского языка» işlerini görkezmek bolar. 183 L. W. Şerba köp ýyllap Leningrad döwlet uniwersitetinde, ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa, Moskwa döwlet uniwersitetinde işläpdir. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling