Umumy dil bilimi


Rasmus Hristian Rask (1787–1832)


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet119/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Rasmus Hristian Rask (1787–1832) daniýaly görnükli dilçi. Ol 
1811-nji ýylda «Island dili boýunça gollanma» atly kitabyny çap et-
dirýär. Bu kitapda logiki grammatikalara garşy çykyş edýär. 1818-nji 
ýylda R.Raskyň esasy işi bolan «Gadymy demirgazyk dili boýunça 
barlaglar ýa-da island diliniň emele gelşi» atly kitaby çapdan çykýar. 
1822-nji ýylda bu kitabyň ikinji bölümi «Frakiýa diller maşgalasy 
hakynda» at bilen nemes dilinde neşir edilýär.
Sibaweýhi (793-nji ýylda aradan çykan) arap dil biliminiň 
görnükli wekili. Gelip çykyşy boýunça pars, Basra şäherinden bolan 
grammatikaçy «El-Kitab» atly göwrümli işi ýazýar. Ol işde arap gram-
matkasy boýunça gazanylan üstünlikler jemlenilýär. Ol Aristoteliň 
logikasyny hindi grammatikaçylarynyň pikirleri bilen utgaşdyrýar. 
Araplar ses bilen harpy tapawutlandyrmagy başarypdyrlar, ýazuwyň 
hem-de gepleşigiň aýratynlyklaryny belläpdirler. Sibaweýhi sesiň 
emele gelşiniň on alty ornuny belleýär hem-de şoňa laýyklykda ses-
leri toparlara bölýär. 
Uorf Benžamen Li (1897–1941) etnolingiwistikanyň ideýa-
laryny ösdüren meşhur amerikan dilçisidir. Ol amerikan indeýleriniň 
dilleri bilen meşgullanýar. Mundan başga-da U. Benžamen Li dil bilen 
medeniýetiň, dil bilen pikirlenmäniň biri-birine gatnaşygynyň mese-
leleri bilen hem gyzyklanypdyr. Özüniň mugallymy Edward Sepir bi-
len lingwistik otnositelligiň nazaryýetini işläp düzüpdir. Ol «Sepiriň 
we Uorfuň çaklamasy» atlandyrylýar. Şoňa görä adamyň özüni alyp 
barşy belli bir derejede dil bilen kesgitlenýär. 
Wasliý Alekseýewiç Bogorodskiý (1857–1941) görnükli rus 
dilçisi. Kazan dilçilik mekdebiniň wekili. Hindi-ýewropa dilleriniň 
deňeşdirme-taryhy grammatikasy bilen gyzyklanýar. Ol ilkinji ge-
zek tatar we beýleki türki dilleriň eksperimental fonetikasy boýun-
ça uly işleri amala aşyrýar. 1890-njy ýylda çap edilen «Arioýewropa 


186
dilleriniň deňeşdirme grammatikasy», 1900-njy ýylda neşir edilen 
«Arioýewropa diller maşgalasynyň dilleriniň şiwelerinde fonetik ýag-
daýlar» atly gymmatly işleri bar.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling