Umumy dil bilimi


Wiktor Wladimrowiç Winogradow (1895–1969)


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet120/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Wiktor Wladimrowiç Winogradow (1895–1969) görnükli rus 
dilçisi, leksikologiýa, frazeologiýa, diliň taryhy boýunça düýpli 
işleriň awtory. W.W.Winogradowyň redaksiýasy bilen 1952–1954-nji 
ýyllarda iki tomdan ybarat «Rus diliniň grammatikasy» atly akademi-
ki grammatika çap edilipdir.Alymyň iň meşhur işi 1947-nji ýylda çap 
edilen «Rus dili» atly kitabydyr. 
Wilem Matezius (1882–1945) XX asyryň grammatikasynyň 
onomasiologik ugrunyň taryhynda meşhur alymlaryň biridir. Ol se-
masiologik grammatikany «formal» grammatika diýip atlandyrýar. 
W.Mateziusyň esasy işleriniň biri bolan «Функциональный анализ 
современного английского языка на общелингвистической 
основе» atly kitaby awtor aradan çykansoň çap edilipdir. Ol gram-
matikany onomaologiýa we sintaksise bölýär, onomaologiýany bolsa, 
leksikologiýa, söz düzümlerine, morfologiýa bölüpdir.
Wilgelm fon Gumbold (1767–1835) görnükli nemes alymy
jemgyýetçilik işgäri. Onuň ylmy işleri diliň düýp manysyna täzeçe 
düşünmegiň esasyny goýdy. Alym diliň ulgamlaýyn häsiýete eýe-
digini öňe sürdi. W.Gumboldyň öňe süren pikirleriniň içinde diliň 
halkyň ruhuna bolan gatnaşygy baradaky garaýşy esasy orna eýe-
dir. Ol adamyň emele gelmeginiň, ruhy ösüşiniň dil bilen aýryl-
maz baglanyşyklydygyny belleýär. 1836-njy ýylda onuň «Ýawa 
adasyndaky kawi dili hakynda» (Über die Kawisprache auf der Insel 
Jawa) atly işi çap edilýär.
Ýakob Grimm (1785–1863) «Nemes diliniň grammatikasy» atly 
dört tomluk kitabyň awtorydyr. Ol kitap ilkinji gezek 1819–1837-nji 
ýyllarda çapdan çykýar. Ý.Grimmiň gazanan esasy ylmy üstünligi 
nemes diliniň taryhy grammatikasyny ylmy taýdan öwrenmegidir. 
Ol nemes diliniň taryhyny beýleki german dilleri bilen deňeşdirýär. 
Şonuň üçin ol german dillerini deňeşdirmegiň esaslandyryjysy hasap-
lanylýar. Ý.Grimmiň ýazan işleri XIX asyryň dilçilerine hem ýol-
görkeziji bolupdyr. Ol A. Şleýher ýaly dil bilimini biologiýa degişli 
edýär, dili bolsa janly organizme deňeýär.


187

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling