Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet114/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   110   111   112   113   114   115   116   117   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Edward Sepir (1884–1939) belli amerikan dilçisi, dil bilimin-
de antropologik ugry ýa-da etnolingwistikany esaslandyryjy. Onuň 
ylmy gyzyklanmalarynda dil birlikleriniň pikirlenme, medeni däpler 
bilen baglanyşygy esasy orunda goýulýar. B.L.Uorf bilen bilelikde 
Lingwistik otnositellik nazaryýetini öňe sürýär. E.Sepiriň iň wajyp 
işleriniň biri 1926-njy ýylda ýazan «Dil» atly kitabydyr.
Ferdinand Brýunonyň(1860–1938) esasy işleriniň biri onoma-
siologik grammatika boýunça ýazan «La pensèet la langue» («Pi-
kir we dil») kitabydyr. Bu kitaby fransuz diliniň aralyk görnüşiniň 
onomasiologik grammatikasy diýip atlandyrmak hem mümkin.
Grammatikanyň bu görnüşinde morfologiýa, sintaksis we ş.m. ýok. 
Beýle grammatikanyň esasynda wagt, köplük, hil kategoriýalary 
ýatýar. 
F.Brýuno dil biliminiň taryhynda onomasiologik grammatikanyň 
aralyk görnüşine bagyşlanan işleri bilen yz goýdy.
Firuzabady (1329–1414) arap dil biliminiň esasyny goýujylaryň 
biri. Ol «Kamus» («Okean») atly belli sözlügi düzýär. Bu sözlük şeýle 
bir meşhurlyga eýe bolýar, hatda, soňky düzülen sözlükleriň ählisi 
«Kamus» diýlip atlandyrylyp başlanýar.


180
Filip Fýodrowiç Fortunatow (1848–1914) Moskwa lingwistik 
mekdebini esaslandyryjy görnükli rus dilçisi. Ol umumy dil biliminiň 
we hindi-ýewropa dilleriniň deňeşdirme grammatikasynyň ösmegi-
ne uly goşant goşýar. F.Fortunatowyň döreden grammatik nazaryýeti 
häzirki zaman grammatikalarynyň döremegine we ösmegine uly täsir 
edipdir. Alym sözleriň öwrenilişini iki bölümde: hakyky manylary 
boýunça – leksikologiýada, formal manylary boýunça grammatika-
da öwrenilmelidigini nygtaýar. F.F.Fortunatowyň «Saýlanan işleri» 
1956-njy ýylda çap edildi. 
 Frans Bopp (1791–1867) görnükli nemes dilçisi. Ol ilkinji ge-
zek sanskrit we Ýewropa dilleriniň mysalynda deňeşdirme gramma-
tikasyny döretmäge girişýär. 1816-njy ýylda çap edilen «Grek, latyn, 
pars we german dilleriniň ýöňkeme ulgamy bilen deňeşdireniňde, 
sanskrit diliniň ýöňkeme ulgamy hakynda» atly işinde kowumdaş 
dilleriň işlikleriniň ýöňkeme bilen üýtgeýşini deňeşdirýär, ýagny 
deňeşdirmek üçin grammatik gurluşyň mysallaryny alýar. 
Hindi-ýewropa dilleri adalgasyny hem F. Bopp ilkinji bolup ylmy 
dolanyşyga girizýär.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   110   111   112   113   114   115   116   117   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling