Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet97/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Soraglar we ýumuş:
1.Ýazuwyň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň ilkinji tapgyrlary 
nämeden ybarat ?
2. Zatlar arkaly habar bermegiň nähili aýratynlyklary bar ?
3.Ýazuwyň görnüşlerini, olaryň arasyndaky baglanyşyklary, aýra-
tynlyklary häsiýetlendiriň.
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Annanurow A. Dil biliminiň käbir meseleleri. Aşgabat, 1965.
2. Annanurow A. Dil biliminiň esaslary. I bölek. Aşgabat, 1971.
3. Павленко Н.А.История письма. Минск, 1987.
4. Дрингер Д. Алфавит. М., 1963.
5. Волков А.А. Грамматология. М., 1982.


153
Dil biliminiň usullary
Dil biliminiň deňeşdirme-taryhy usuly
Dilleriň garyndaşlygynyň anyk görnüp durmaýan ýagdaýynda 
garyndaşlygy ýüze çykarmak, dilleriň biri-birleri bilen baglanyşygyny 
kesgitlemek üçin deňeşdirme-taryhy usul peýdalanylýar. Bu usul 
umumylykda alnanda, iki sany tapgyrdan ybaratdyr: 
1) garyndaşlygy ýa-da garyndaş däldigi subut edilmeli dilleriň 
sözlük gorundan dilden-dile geçmedik, alynma sözler bolmadyk
dillerde gadymy döwürlerden bäri peýdalanylýan sözler saýlanylyp 
alynýar. Muňa garyndaşlyk aňladýan sözler, beden agzalarynyň atlary, 
ýüze çenli bolan sanlar, «asman», «suw», «ölüm», «ömür», «Ýer», 
«Aý», «Gün» ýaly tebigy hadysalary, zatlary aňladýan sözler, sözlük 
düzüminiň beýleki toparyna degişli sözler girýär. Şunda, deňeşdirmek 
üçin diliň häzirki zamandaky sözleri däl-de, olaryň ýazuw ýadygär-
liklerinde gabat gelýän gadymy görnüşleri alynýar. Mysal üçin, biz 
türkmen we türk dilleriniň garyndaşlygyny kesgitlemek islesek, bu 
dilleriň gadymy ýazuw ýadygärliklerinde, Mahmyt Kaşgarlynyň 
sözlüginde, Ýusup Balasagunlynyň, Ýunus Emräniň eserlerinde 
gabat gelýän sözleri deňeşdirmelidiris.
Şeýle-de, rus dili bilen latyn diliniň garyndaşlygy kesgitlenil-
mekçi bolnan ýagdaýynda, biz Kiýew Rusy döwrüniň gadymy rus 
sözleri bilen XVI asyr latyn diliniň sözlerini (latyn dilinde birinji ki-
tap 1585-nji ýylda peýda bolupdyr) deňeşdirmelidiris. 
2) iki ýa-da birnäçe dilleri deňeşdirmegiň esasynda ses 
barabarlyklarynyň yzygiderli gabat gelşi ýa-da gabat gelmeýşi 
deňeşdirilýär. Bu babatda aşakdaky mysala seredeliň:


154

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling