Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet90/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Dante, Petrarka, Bokkaço italýança ýazmagyň mümkindigini subut 
etdiler, «Ylahy komediýasy» eseriniň ýazary Dante italýan edebi 
diliniň düýbüni tutujy hasaplanylýar. Nemes edebi diliniň taryhynda 


141
Martin Lýuteriň, täze gruzin dilinde Şota Rustaweliniň, tatar di-
linde Abdylla Tokaýyň, rus edebi dilinde A. S. Puşkiniň, türkmen 
dilinde Magtymgulynyň beýik hyzmaty bardyr.
Biz edebi diliň taryhynda aýratyn şahsyýetleriň ähmiýetini belle-
mek bilen, şol bir wagtda diliň häzirki zaman kadalarynyň jemgyýetiň 
ähli medeni gatlaklarynyň dürli görnüşli işleriniň netijesinde topla-
nandygyny göz öňünde tutmalydyrys. 
Diliň esasy birlikleriniň biri bolan söz, köpleriň pikir edişi ýaly, 
diňe bir maglumatlary geçirmek üçin döredilen gurluş däldir, ol pikiriň 
guraly, medeniýetiň saklaýjysydyr. Medeni pikirleri özünde saklamak 
ukyby janly diliň özboluşly aýratynlygydyr. Diliň we medeniýetiň 
gatnasygy dil biliminiň täze dörän şahalarynyň biridir. XX asyryň 
ahyrynda «Dil we medeniýet» meselesi ylmy barlaglaryň üns merke-
zine öwrüldi hem-de dil hakyndaky ylmyň ösmeginde esasy ugurlaryň 
biri hökmünde çykyş edýär. Häzirki zaman dil biliminiň bütewi an-
tropologik ugra eýe bolmagy kognitiw we medeni aýratynlyklary 
ýüze çykarýar. Eger öň diliň we medeniýetiň baglanyşygy möhüm, 
ýöne ikinji derejeli zat görnüşinde öwrenilýän bolsa, häzir ýörite ugur 
hökmünde öwrenilýär. .
Soraglar we ýumuş:
1. Diliň we medeniýetiň özara gatnaşygynyň aýratynlyklary nämeden 
ybarat ?
2. Aýratyn alnan halklaryň medeniýetiniň diliň kada-stilistik düzgünlerine 
nähili täsiri bar?
3. Edebi kadalaryň döremeginde sungat işgärleriniň we ýazyjylaryň 
hyzmatyny düşündiriň.
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Annanurow A. Dil biliminiň esaslary. I bölek. Aşgabat, 1971.
2. Общее языкознание. Минск, 1983.
3. Koдухов В.И. Oбщее языкознание. M., 1974.


142

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling