Tema: Zähmet psihologiýasynyň ugurlary Meýilnama
Download 14.66 Kb.
|
Tema 3
Tema: Zähmet psihologiýasynyň ugurlary Meýilnama: Dolandyryşyň psihologiýasy Awiasion psihologiýa Kosmiki psihologiýa Inžener psihologiýa Guramaçylyk psihologiýasy Zähmet psihologiýasyna zähmet işiniň aýry aýry görnüşlerini öwrenýän bir hatar ugurlar degişli: Dolandyryşyň psihologiýasy – dolandyryş işiniň köpdürli psihologik meseleleri bilen meşgullanýar: Ýolbaşçynyň şahsy sypatlaryny, stilini we iş usullaryny öwrenmeklik; Ýolbaşçynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýan faktorlary öwrenmeklik. Awiasion psihologiýa – hünärmen işiň degişli gurşawynda adamyň psihologik meselelerini, şeýle hem uçarman işini üstünlikli öwretmegiň şertlerini öwrenýär. Kosmiki psihologiýa – kosmiki uçuş wagtynda adamyň işiniň psihologik şertlerini, agramsyzlyk, organizme çenden aşa agram salmalarda döreýän nerw-psihiki dartgynlyk bilen bagly meseleleri öwrenýär. Harby psihologiýa – harby hereket şertlerinde adamyň özüni alyp barşyny we harby işi öwretmek meselelerini seljerýär. Şeýle hem, harby işgärleriň psihologik aýratynlyklaryny, ýolbaşçylar bilen golastyndakylaryň özaratäsirini öwrenýär. Inžener psihologiýa – adamyň we tehnikanyň özaratäsiriniň psihologik meselelerini öwrenýär. Inžener psihologiýada awtomatlaşan dolandyryş ulgamlarynda adam-operatoryň işine aýratyn üns berilýär. Psihologlar indiki meseleler bilen meşgullanýarlar: Dolandyryş pultynyň haýsy aýratynlyklary adam-operatorda çenden aşa ýadawlygy döredýär; Abzallaryň görkezijileri kabul edilende, ýüze çykýan ýalňyşlyklar. Guramaçylyk psihologiýasy – hem ylmy, hem amaly ugur hökmünde kemala gelip, berlen gurşawyň psihologlary müşderilere we guramanyň administrasiýasyna hyzmat edýärler. Olar indiki ýumuşlary ýerine ýetirýärler: Dalaşgärleri saýlap-seçmek; Hünärmen okadylyş boýunça maksatnamalary taýýarlamak; Işgärleri täzeden okatmak boýunça işler; Maglumaty hödürlemegiň usullaryny taslamak; Zähmeti bahalandyrmagyň şertlerini işlemek; Guramaçylyk özgermelerini meýilleşdirmek we ş.m. Söwda psihologiýasy – satyjynyň we alyjynyň özaratäsiriniň, müşderilere hyzmat etmegiň, mahabat psihologiýasynyň meseleleri bilen meşgullanýar. Söwda kärhanasynyň psihology indiki meseleleri çözýär: Hünärmen seçgi, kadrlary paýlamak, uýgunlaşma ýardam bermek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, işewwir we şahsy sypatlary bahalandyrmak; Psihologik klimaty seljermek we kemala getirmek, konflikt ýagdaýlary öwrenmek we olary çözmek boýunça maslahatlary işlemeklik; Ýolbaşçylaryň we işgärleriň hünärmen psihologik medeniýetini ýokarlandyrmak, aragatnaşygyň endiklerini we başarnyklaryny öwretmek; Kärhananyň sosial meseleleriniň seljermesi we diagnostikasy, guramaçylyk täzeçillikleri girizmegiň psihologik we sosial netijelerini öňünden çaklamak; Mahabatyň psihologik üpjünçiligi. Download 14.66 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling