Kerim gurbannepesowyň poemalarynda söÝgi lirikasy ýegenmuradow Arzuw Annamuratowiç


Download 19.3 Kb.
Sana05.05.2023
Hajmi19.3 Kb.
#1427719
Bog'liq
Kerim Gurbannepesowyň döredijiliginde söýgi lirikasy ARZUW ÝEGENMURADOW


KERIM GURBANNEPESOWYŇ POEMALARYNDA SÖÝGI LIRIKASY
Ýegenmuradow Arzuw Annamuratowiç
NDPI Türki diller fakulteti “Türkmen dili
we edebiýat” ýönelişiniñ 2-D topar talyby.

Anatasiýa: Bu makalada türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolan Kerim Gurbannepesowyň döredijilik ýoly hem-de poeziýalaryndaky söýgi temasy hakynda gürrüň edilýär.
Annotation: This article talks about the creative path of Kerim Gurbannepesov, one of the prominent representatives of Turkmen literature, and the theme of love in his poems.
Аннотация: В данной статье рассказывается о творческом пути Керима Гурбаннепесова, одного из ярких представителей туркменской литературы, и теме любви в его стихах.
Açar sözler: Gökdepe etraby, jebir-sütemler, aň-düşünjäniň pese gaçmagy, şowsuz söýgi, pajygaly uruş, aýralyk.
Key words: Gokdepe district, oppression, loss of consciousness, failed love, tragic war, separation.
Ключевые слова: Гёкдепинский район, угнетение, потеря сознания, несостоявшаяся любовь, трагическая война, разлука.
Türkmen edebiýatynyň iň bir görnükli wekilleriniň biri, poeziýa äleminde özüniň öçmez yzyna eýe bolan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda dogulýar.
Kerim Gurbannepesowyň döredijiligi örän köp taraplydyr. Onuň goşgularynda esasan ene-ata bolan sylag-hormatyň beýik derejä göterilendigini, watana bolan söýgüni we aşyklaryň ykbalyny, birek-birege bolan wepalylygyny, ýigitleriň mertligini, gyzlaryň edep-ekramyny poemalarynda we goşgularynda köp duş gelmegimiz mümkin. Şahyryň dürli ýyllarda döreden «Ömrüme pent», «Şahyryň gözi», «Gamsyz goşgy», «Şaja Batyrowyň ýogalan gününde ýazylan goşgy», «Biziň işimiz», «Senden uly ýok diýseler..» we beýleki ençeme goşgulary muňa mysal bolup bier.
Onuň “Güýjümiň gözbaşy” atly goşgular ýygyndysynda durmuşymyzyň dürli meselelerine üns berilen bolsa, onuň “Soldat ýüregi” kitabyndaky “Uzakdaky dostuma”, “Ýaşa, parahatlyk, ýaşa”, “Surat”, “Pagtaçy gyz” ýaly şygyrlary onuň durmuşy häsiýetli lirikasynyň başyny başlaýar, «Parižli oglan», «Uoll-stritli bankire», «Koreýali ene» ýaly şygyrlar şahyryň tutuş adamzadyň ykbalyna dahylly meseleler bilen gyzyklanýandygyny subut edýär. [1.122]
Kerim Gurbannepesowyň dürli ýyllarda ýazylan “Ata we ogul”, “Ajy gün1er, süýji günler”, “Kyrk”, “Ömür”, “Menzil”, “Topra”, “Aýal bagşy”, “Bahar poemasy”, “Atalar we çagalar”, “Ýedi ýaprak”, “Oýlanma baýry” ýaly kitaplary neşir edilýär.
Söýgi, ýigit bilen gyz, perzent bilen ata-ene, dostluk, maşgala, wepalylyk meseleleri şahyryň goşgularynda aýratyn orun tutýar. Şahyryň bu temalardan döreden «Ýaşlyk dramasy», «Gözellik» («Apat»), «Owadan gyza», «Ýazmasy agyr düsen goşgy» ýaly birnäçe goşgulary okyjylaryň arasynda giňden meşhurlyga eýe boldy.
K.Gurbannepesowyň goşgularynda iň köp ýüzlenilýän meseleleriň biri-de söýgi meselesidir. Onuň bu temadaky ýazan goşgularynda esasan şol döwürdäki halkyň ýaşaýyş durmuşyndan gelip-çykyp ýazylandyr. Halkyň çekýän jebir-sütemleri, kammunizm döwri, aň-düşünjäniň pese gaçmagy netijesinde ýüze çykýan aşyklaryň aýrylygy we uruşyň hem täsiri eserlerini çeper suratlandyrmaga dürtgi berýär.
Şahyryň bu temadaky döreden eserleriniň iň göze görünlänleriniň biri-de bu “Ýaşlyk drammasy”dyr. Goşgynyň bütin durky, aýratyn hem dili, ganatly detallary, intonasiýasy, mazmunynyň ýüze çykarylyşy juda göwnejaý. Onda ýigitligiň şadyýan joşguny, gara ganatyny gerip abanýan tragediýa, garaz, durmuşyň özi möwç urýar. [1.123]
Kerim Gurbannepesowyň bu goşgusynda durmuşy waka çeper beýan edilýär, söýgä wepalylyk, durmuş. öwrümlerine sezewar bolnanda-da özüňi ýitirmezlik, söýgüde maksadyňa ýetmek üçin göreşmek, ahlak tämizligini saklamak pikirleri ündelýär. Ykbal kesgitleýji pursatlarda paýhasly we aýgytly hereket edip bilmedik ýagdaýyňda, ol pursatlaryň gaýdyp gelmejekdigi baradaky hakykat nygtalýar:
...Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň.
Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň...
Şonda men diýipdim: “Sen bagtly bolsaň,
Hem-ä meniň bagtym,
Hemem öz bagtyň”
K.Gurbannepesowyň «Ýaşlyk dramasy» atly eseri şowsuz söýgä bagyşlanan şahyrana gimndir. Söz ussady ýetginjeklik ýyllary kynçylykly uruş döwründe gabat gelen hakyky söýgüsini şahyrana ýangynlylyk, ýagty ýatlamalar arkaly suratlandyrýar. Suýji, şol bir wagtyň özünde-de hesretli ýatlamalaryň içinden örboýuna galýan söýgi okyjylaryň ýüregine söýgi şerbetini guýýr. [1.104]
Şahyryň ýene-de poema görnüşinde ýazylan şygyrlaryndan “Gumdan tapylan ýürek” poemaasydyr. Bu eserde hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gum içindäki obalarda bolup geçen wakalar suratlandyrylýar.
Ýaş ýigitler, eli ýarag tutup biljek erkek adamlar urşa gidýärler. Olara derek aýallar, ýaş gyzlar tomsuň jöwzasynda, gyşyň aňzagynda aňyrsy-bärsi görünmeýän gum depeleriniň içinde ýeke-ýalňyzlykda çopançylyk etmeli bolýarlar. Olar gündizlerine kolhoz işinde işläp, gijelerine ellikdir jorap örüp, fronta kömek üçin iberýärler.
Poemada wakalar baş gahryman çarwa gyzy Gülnäziň dilinden beýan edilýär. Gumman aga diýen ýaşuly gumdan dört sany depder tapýar. Ol dört depder Gülnäziň başyndan geçiren wakalarynyň, ýürek syrlarynyň şahyrana beýany. Şol dört depder hem dört bölümden ybarat şu poemany emele getirýär.
Gälnäz görmegeý, dogumly, zähmetsöýer, tutanýerli, ak göwünli gyz bolup, o1 Eziz atly ýigidi söýýär.
Gülnäziň sözleriniň we hereketleriniň tebigylygy, gumda düýeleriň yzynda çekýän azaply zähmeti, kynçylyga duşanda dogumlylyk görkezişi, mertebesini goraýşy, gerek ýerinde erkek adamlaryň ornunda durup bilşi, belent ynsanperwerligi okyjyda gowy täsir galdyrýar.
Uruş derdeserindenem beter Gülnäz fronta giden agasynyň ayaly Doýdugyň yzgytsyzlygyna, tükeniksiz jebir-sütemlerine döz gelmeli bolýar. Ol gelnejesi Doýduk, Bibişeýtan, Tüňňi, ferma müdiri ýaly ýaman niýetli adamlardan goranmaly, olar bilen deňme-deň göreşmeli bolýar.
Eziz uruşdan dolanyp gelmeýär. Şahyr poemanyň «Awtordan» diýlip atlandyrylan jemleýji bölüimmde Gülnäziň soňky ykbalyndan söz açyp, onuň bir ýigit bilen durmuş gurandygy barada maglumat berýär.
«Gumdan tapylan ýürek» poemasy gozgaýan meseleleriniň wajyplygy boýunça-da, çeperçiligi boýunça-da diňe bir K. Gurbannepesowyň döredijiliginde däl, eýsem XX asyr türkmen edebiýatynda-da ähmiýetli eserleriň biridir.
K.Gurbannepesowyň “Ýürek” poýemasynyň okyja bölüminde şeýle diýilýär: “Pylanynyñ ýerinde bolan bolsam, köp zatlary düzederdim... ” “Ýok, herhaýsymyzyñ öz ornumyzda näme iş edip biljekdigimiz hakynda oýlanmalydyrys. Men näme üçin doguldym? Adamyñ bütin ömri şu soragyñ jogabydyr.” Biz bu ýerden hem bilip almagymyz mümkin, onuň diňe bir şygyrlaryna, poemalaryna däl özüniň okyjylayna bolan hormatyny we söýgüsini bilim we ylyma her bir ynsanyň teşne bolmalydygyny özüniň başdan geçiren kynçylykly durmuşynyň üsti bilen vazan setirleri arkaly duýmagymyz kyn däldir. [2.26]
K.Gurbannepesow oýanyş döwründen soňky döwürde türkmen poeziýasyny täze basgançaga götermek ugrunda hyzmat görkezen. Onuň ýagty talanty arkaly türkmen lirikasyna epiki, poeziýasyna hut Kerim Gurbannepesowyň döwrüne mahsus aýratyn stil ornaşdy.

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Durdymyrat Rejebow “XX asyr türkmen edebiýaty” Türkmenabat-2010

  2. “Türkmen edebiýatynyň taryhy”. 6.tom Aşgabat 1982

  3. Abdyllaýew Ö. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, "Magaryf'”, 1985.

  4. Allakow J. we başgalar. Edebiýat. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby. Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.

Download 19.3 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling