Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet52/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Frazeologiýa. Frazeologiýa adalgasy grek dilindäki phrasis 
(aňlatma), logos (ylym) sözlerinden emele gelipdir. Dil biliminde 
frazeologizmleri, göçme manyly leksika – semantik utgaşmalary 
öwrenýän bölüm frazeologiýa diýlip atlandyrylýar.
XIX asyryň ikinji ýarymynda rus alymlary A. A. Potebnýa, 


80
I. I. Sreznewskiý, F. F. Fortunatow, A. A. Şahmatow we beýleki-
ler frazeologizmleriň ylmy taýdan öwrenilişi bilen meşgullandylar. 
Ýöne, olar frazeologizmleri sintaktik nukdaýnazardan işlediler. 
Beýleki alymlardan tapawutlylykda F.F. Fortunatow we onuň yzyna 
eýerijiler frazeologizmleriň semantik we grammatik alamatlaryny 
aýdyňlaşdyrmaga çalyşdylar.
Rus alymy, akademik W. W. Winogradow frazeologizmleriň 
diliň özbaşdak ugrudygyny ilkinji bolup ylmy dolanyşyga girizdi 
(В.В. Виноградов. Основные понятия русской фразеологии как 
лингивистической дисциплины. «Труды юбилейной научной 
сессии ЛГУ». Секция филол.наук. ЛГУ, 1946). W.W.Winogradowyň 
işiniň yzysüre frazeologizmleri dürli nukdaýnazardan öwrenýän işler 
peýda bolup başlapdyr. Olar, esasan, frazeologizmleriň semantik, 
grammatik aýratynlyklaryny açyp görkezmäge bagyşlanylypdyr. 
Şeýle hem, aýratyn alnan çeper eserleriň frazeologiýasy-da öwrenildi.
B.A. Laryn, A.I. Ýefimow, N.M. Şanskiý, Ý. Awaliani, L.I.Roý- 
zenzon, A.M. Babakin, I.A. Melçuk, A.W. Kunin, W.N.Teliýa, 
A.A.Reformatskiý ýaly alymlar frazeologizmleriň öwrenilmegine 
uly goşant goşdular.
Frazeologizmleriň häsiýetli aýratynlyklary düýpli derňelen hem 
bolsa, käbir meselelerde alymlar dürli garaýşa eýerýärler. Mysal 
üçin, A.I.Ýefimow frazeologizmleriň esasy häsiýetini olaryň obraz-
lylygy bilen kesgitlese, A.A.Reformatskiý başga dile terjime edip 
bolmaýandygy, göçme manylylygy bilen kesgitleýär. Bu meselede 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling