Umumy dil bilimi


Nazary dil biliminiň bölümleri


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet49/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Nazary dil biliminiň bölümleri. Nazary dil biliminiň asyrlaryň 
dowamyndaky ösüşi netijesinde onuň birtopar bölümi emele gelipdir. 
Ol bölümlere esasan, fonetika, leksikologiýa, frazeologiýa, etimolo-
giýa, morfologiýa, sintaksis degişlidir.
Fonetika. Dil biliminiň diliň ses ulgamyny öwrenýän bölümi 
fonetika diýlip atlandyrylýar. Fonetika adalgasy grek sözünden eme-
le gelip, ol aslynda phone-ses diýmekdir. Bu sözden gözbaşyny alyp 
gaýdýan fonetika bölümi sözleýiş seslerine mahsus bolan aýratynlyk-
lar bilen iş salyşýar. Ol diliň ses tarapyny, sesleriň toparlaryny, fo-
nemalaryny, bogunlaryny, basymyny, äheňini, aýdylyş usullaryny 
öwrenýän ylymdyr. Fonetika sesleriň we dilde peýda bolýan ses 
hadysalarynyň diňe bir häzirki döwürdäki ösüşini däl-de, umuman, 
ösüşini hem öwrenýär. Dil biliminiň bu bölüminiň döreýiş we ösüş 
taryhy gaty gadymydyr. Diliň ses tarapy baradaky garaýyşlara hin-
di dilçileriniň biziň eýýamymyzdan öňki döwürde döreden işlerinde 
gabat gelmek bolýar. B.e.öňki V asyrda hindi alymlary fonetikanyň 
birtopar meselelerini öwrenipdirler. Gadymy hindi Wedalarynyň 
«Şikşa» atlandyrylýan bölüminde fonetik hadysalar bolan partlaýjy 
ses, süýkeş ses barada gürrüň edilýär. B.e.öňki IV asyrda ýaşan Pa-
nini, III asyrda ýaşan Wararuçi Kataýaýana öz işlerinde fonetika 


77
bilen bagly meseleleri çuňňur öwrenipdirler. Gadymy döwrüň görnü-
kli fonetikleri hasaplanylan hindiler diliň seslerini fiziologik taýdan 
hem barlag edipdirler. Olar sesleriň emele gelmeginde diliň ähmiýeti-
ni aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, alynky, orta, yzky hatar sesleriniň 
emele geliş ýollaryny derňäpdirler. Hindi alymlary sesiň döremegin-
de dişleriň, dodaklaryň, damagyň ähmiýetini belläpdirler.
B. e öň II we I asyrlarda grek alymlarynyň işlerinde hem 
diliň fonetika bölümine uly üns berilýär. Grekler sesleriň akustik 
aýratynlygyny derňemäge has-da giňişleýin çemeleşipdirler.
Fonetikanyň meseleleri b.e. IV we XII asyrlarynda hytaý alym-
lary tarapyndan hem düýpli öwrenilýär. Olar sesiň belentligi baradaky 
mesele bilen meşgullanyp, fonetik hadysalaryň taryhy gelip çykyşyny 
yzarlapdyrlar. Şunuň netijesinde-de taryhy fonetikanyň düýbi tu-
tulypdyr. Hytaý diliniň taryhy fonetikasy U. Jujuň (1100-1155 ý.) 
ady bilen baglydyr. Onuň «Nagmalar kitaby» atly işi taryhy fonetika 
degişli esasy işleriň biri hasap edilýär. 
XVI asyrda hem fonetika meselesi dilçileriň üns merkezinde bol-
ýar. Bu asyryň dowamynda dürli ýurtlarda diliň ses ulgamy barada 
birentek ylmy işler ýazylypdyr. 1520-nji ýylda Ispaniýada Ponse 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling