Umumy dil bilimi


Tejribe we nazary dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet46/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Tejribe we nazary dil bilimi. Dil bilimi nazary we tejribe 
ylymdyr. Şu nukdaýnazardan onuň iki şahasy-nazary hem-de tejribe 
şahalary döreýär. Ýöne, nazary we tejribe dil bilimleri biri-birinden 
düýbünden başga zat däldir, olary aýratyn ylym hasaplamak bol-
maýar. Şeýle-de bolsa, bu şahalaryň her biriniň öz öňünde goýýan 
maksatlary hem-de wezipeleri bar.
Tejribe dil bilimi amaly meseleler bilen meşgullanýandygy 
taýyndan nazary dil biliminden tapawutlanýar. Bu dil biliminde diliň 
tejribe taýdan (praktiki) öwrenilmegi üçin usullar işlenilip düzülýär.
Aýry-aýry ylymlaryň taryhyndan bilşimiz ýaly, ylmyň başlangyç 
döwründe amaly, tejribe meseleleri zerur hasaplanylypdyr, soňlugy 


73
bilen nazary meseleler ýüze çykypdyr. Bu ýagdaý dil bilimine hem 
mahsusdyr. Tejribe dil biliminiň kökleri gadymy döwürlerde adamzat 
jemgyýetinde ýazuwyň döremeginiň zerurlygyndan gaýdýar. Wagtyň 
geçmegi bilen dil biliminiň amaly meseleleri bilen baglanyşykly ta-
raplar has-da artýar, täze-täze zatlar ýüze çykýar. Ýazuwyň döremegi 
netijesinde adamlarda öz pikirlerini ýazyp, geljekki nesillere galdyr-
maga bolan isleg artýar. Şonuň bilen birlikde-de, döredilen eserlere 
düşündirişler hem ýazylmaga başlaýar.
Şeýlelikde, alymlar tejribe dil bilimine aýratyn ähmiýet beripdir-
ler. Meşhur dilçi Boduen de Kurtene XIX asyryň 70-nji ýyllarynda 
Peterburg uniwersitetinde okan umumy okuwlarynda tejribe dil 
biliminiň ähmiýetine örän ýokary baha beripdir.
Häzirki döwürde tejribe dil biliminiň öňünde aşakdaky meseleler 
durýar:
Ýazuw meselesi. Tejribe dil biliminiň iň gadymy meselesi dile 
kömekçi bolan ýazuwy döretmek hem-de ony kämilleşdirmekdir. Bu 
meseläni çözmek maksady bilen dil biliminde ýazuw nazaryýetleri 
döredilipdir. Ýazuw nazaryýetleri milli ýazuwlaryň döredilmeginde 
ylmy garaýyşlara esaslanmagyň düzgünlerini kesgitleýär. Aýratyn 
dilleriň ýazuwlary döredilende birnäçe ýörelgelere esaslanylýar. 
Ýazuwyň esasy ýörelgeleri harplaryň sadalygy hem-de ýazmagyň 
aňsatlygydyr. Ýazuw meselesi häzirki wagtda hem döwrebapdyr. Se-
bäbi, elipbiýiň sadalaşdyrylmagy, çylşyrymly harplaryň ýerine sada 
harplaryň ulanylmagy dünýä dillerinde dowam edýän hadysadyr. 
Edebi diliň kadalarynyň işlenilip düzülmegi. Mälim bolşy ýaly, 
umumyhalk diliniň kämilleşen, kadalaşdyrylan görnüşi edebi dildir. 
Dil bilimi edebi dil üçin kadalary işläp düzýär, umumyhalk dilinde 
ulanylýan kadalaryň haýsynyň edebi dile degişlidigini kesgitelýär. 
Edebi diliň kadalary diliň taryhy ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Şoňa 
görä-de haýsydyr bir dildäki ol ýa-da beýleki kadalaryň öz taryhy 
bardyr. Edebi diliň kadalarynyň işlenilip düzülmegi üçin diliň fonetik 
ulgamy, sözlük düzümi, grammatik gurluşy nazarda tutulýar. 
Sözlükleriň düzülmegi – tejribe dil biliminiň meseleleriniň 
arasynda uly ähmiýete eýedir. Her bir sözlük halkyň medeni derejesi, 
zeruryýeti netijesinde düzülýär. Sözlük düzüliş işi örän köp zähme-
ti talap edýän, ýöne peýdaly we zerur işdir. Häzirki döwürde sözlük 


74
düzüliş işine berilýän üns has-da güýçlenýär. Dünýä dillerini öwren-
mekde möhüm serişdeleriň biri bolan sözlükleriň ähmiýeti artýar. 
Okuw kitaplarynyň ýazylmagy. Bellibir kadalara we ýörelgelere 
esaslanýan okuw kitaplarynyň ýazylmagy hem tejribe dil biliminiň 
meselelerine degişlidir. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw 
kitaplaryna dil biliminde öwrenilen hemme meseleler girizilmeýär. 
Bu hakykatda, mümkin hem däldir. Şonuň üçin-de haýsy temalaryň 
okuwçylara we talyplara öwredilmeginiň zerurdygy, haýsysynyň ze-
rur däldigi baradaky meseleler hem tejribe dil bilimine degişli bolýar. 
Awtomatik terjime meselesi. Häzirki zaman tejribe dil biliminiň 
iň wajyp meseleleriniň biri-de awtomatik terjimedir. Awtomatik ter-
jime kompýuteriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Kompýuter terji-
mesi häzirki zamanyň döwrebap lingwistik meselesi hökmünde ýüze 
çykdy. Häzir dürli kompýuter maksatnamalarynyň kömegi arkaly dil-
den dile terjime etmek, dil öwretmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling