68
1929-njy ýylda A.A.Alyýew bilen K.Böriýewiň, 1936-njy ýylda
M.Mirzäýewiň, 1940-njy ýylda H.Baýlyýew bilen B.Garryýewiň,
Ş.Batyrow bilen G.I.Karpowyň (1948-nji ýyl) sözlükleri çap edilýär.
Halk köpçüliginiň yzygiderli ösýän
talaplaryna jogap edilip,
Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň alymlary ta-
rapyndan 1956-njy ýylda uly «Rusça-türkmençe sözlük», 1962-nji
ýylda ilkinji gezek «Türkmen diliniň sözlügi» çap edilýär. 1968-nji
ýylda institutyň alymlary kyrk müň sözi özünde jemleýän «Türkmen-
çe-rusça sözlügi» halk köpçüligine ýetirýär. Mundan başga-da «Türk-
men diliniň orfografik sözlügi» (1963), «Rus we türkmen dilleriniň
gysgaça frazeologik sözlügi» (1963), «Gysgaça rusça-türkmençe söz-
lük», «Halyçylyk we el işleriniň sözlügi» (1967), «Günorta-günbatar
Türkmenistanyň toponimik sözlügi» (1971), «Türkmen diliniň frazeo-
logik sözlügi» (1976), «Türkmen diliniň professional leksikasynyň söz-
lügi» (1982), 1986-njy ýylda bolsa, ýetmiş ýedi müň sözli, iki tomdan
ybarat «Uly rusça-türkmençe sözlük» neşir edilýär. Soňky döwürlerde,
Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny gazanmagyndan soň sözlük düzüliş
işi has-da janlanýar. Ylmyň dürli ugurlaryna degişli adalga sözlükle-
ri, gadymy sözlüklerimiz: «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi»
(1988), «Arapça-türkçe sözlük» (1997), «Magtymgulynyň düşündirişli
sözlügi» (1997), «Türkmen diliniň sözköki sözlügi» (2004), «Türkmen
diline nepis sowgat» (2005) we ş.m. çap edildi.
Türkmen diliniň leksikasynyň aýry-aýry taraplaryny, frazeolo-
giýasyny, stilistikasyny, belli türkmen ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň
eserleriniň dilini, durmuşyň dürli ugurlaryna degişli sözleriň
manysyny, ulanylyş aýratynlyklaryny
ylmy hem-de tejribe esasda
beýan etmek işleri giň gerim bilen alnyp barylýar.
Türkmen dil bilimini ösdürmekde filologiýa ylymlarynyň dok-
torlary
P.Azymowyň, M.N.Hydyrowyň, Z.B.Muhammedowanyň,
Do'stlaringiz bilan baham: