Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet44/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Soraglar we ýumuş:
1.Türkmen dil bilimini ösdürmekde daşary ýurtly dilçileriň, 
syýahatçylaryň hyzmatyny aýdyň.
2. XX asyryň başyndan soň türkmen diliniň öwreniliş ýagdaýy nähili?
3.Türkmen dil biliminde ileri tutulýan ugurlar haýsylar?
4.Görnükli türkmen dilçileri kimler?
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1.Библиографический указатель литературы по туркменскому 
языкознанию (1964-1974). Ашхабад, 1975.
2.Библиографический указатель литературы по туркменскому 
языкознанию (1974-1984. Ашхабад, 1986.
3. Баскаков Н.А. История изучения туркменского языка. Ашхабад, 
1965.
4. Muhyýew H, Kürenow S. Türkmen dilçileri. Aşgabat, 1988.
5. Häzirki zaman türkmen dili. Aşgabat, 1960.


70
Dil biliminiň nazaryýeti
Dil we diller hakynda umumy maglumat
Dünýädäki dilçi alymlaryň tassyklamagyna görä, häzirki döwürde 
Ýer ýüzünde üç müňden gowrak dil bar diýlip hasaplanylýar. Olaryň 
käbirlerinde, meselem, hytaý, iňlis, arap, hindi, ispan dillerinde Älemiň 
ýüzlerçe million ýaşaýjysy gepleýär. Ýukagir, ket, nigdal, nganasan dil-
leri ýaly diller bolsa, bary-ýogy ýüzlerçe adamyň ene dili bolup durýar. 
Käbir dilleriň, meselem, grek, hytaý ýa-da türkmen diliniň müňlerçe 
ýyllyk edebi däpleri bar. Aranta, nikobar, ýagnob dilleriniň bolsa, häzi-
re çenli hatda ýazuwy hem döredilmändir. Ol diller diňe janly gepleýiş 
aragatnaşyk serişdesi hökmünde peýdalanylýar. 
Gadymy edebi-ýazuw gymmatlyklary bar bolan diller, ýagny 
gadymy ýazuwly diller, ýazuwy soň döredilen diller bolsa ýaş ýa-
zuwly diller diýlip atlandyrylýar. Bislam ýa-da neosolomon ýaly bi-
rentek diller diňe ýazuw ýadygärliklerinden belli bolan, müňlerçe ýyl 
mundan öň ulanylan şumer diline garanyňda has soň ýüze çykandyr.
Janly gepleýişde ulanylmadan galan diller öli diller, meselem, 
latyn dili öli dili hasaplanylýar, häzir gepleşikde peýdalanylyp ýörlen 
diller bolsa janly diller diýlip atlandyrylýar.
Dünýädäki dilleriň bir topary, meselem, türkmen we azerbaý-
jan dilleri, rus hem-de belarus dilleri biri-birine örän meňzeşdir. Iňlis 
we hytaý dillerini deňeşdireniňde bolsa, birbada olaryň arasynda hiç 
hili meňzeşlik göze ilmeýär. Muňa garamazdan, dilleriň arasynda 
örän köp umumylyklar bardyr. Islendik dil haýsydyr bir topar bolup 
ýaşaýan adamlaryň baýlygydyr, genji-hazynasydyr. Islendik dilde 
sözleýjiniň pikiri sözleýiş sesleriniň belli bir toplumlarynyň many 
aňladýan utgaşmalarynyň üsti bilen beýan edilýär. Ähli dillerde çe-


71
kimli hem-de çekimsiz sesler bardyr. Diňe çekimli seslerden ýa-da 
diňe çekimsiz seslerden ybarat bolan dil ýokdur. Dilleriň hemmesi 
bölünmek häsiýetine eýe bolup durýar. Beýle diýildigi adamzadyň 
ulanýan islendik dilinde aýdylýan sözlemleriň sesler, morfemalar, 
sözler, söz düzümleri, sözlemler ýaly bölümlere bölünýär diýildi-
gidir. 
Olar dürli sözlemleriň düzüminde biri-biri bilen utgaşyklylykda 
dürlüçe gaýtalanyp bilýärler. Dilleriň ählisinde adamlar sözlemler ar-
kaly gepleşýärler. Islendik dilde has hem-de jyns atlar bar. Hemme 
diller ol ýa-da başga düşünjeleriň, adalgalaryň kömegi bilen beýan 
edilýär. Bu ýagdaý biziň üçin has-da wajypdyr, eger şeýle bolmasa,dil 
bilimi ýaly ylym emele gelip bilmezdi. 
Dil bilimi sinhron we diahron bolup biler. Sinhron dil bilimi bar-
lanylýan diliň taryhynyň haýsydyr bir takyk pursadyny beýan edýär. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling