Nöküs şäher 32- sanly umumy orta tälim mekdebi 2-"A" synp emelýat ýörediji Nurmatov Shadibegiň,,Kundalik com elektron jurnaly we kagaz jurnalynyň tapawudy we mümkinçilikler hakynda" ýazan analizi
Download 15.93 Kb.
|
KUNDALIK COM TAHLILI
Nöküs şäher 32- sanly umumy orta tälim mekdebi 2-“A” synp emelýat ýörediji Nurmatov Shadibegiň ,,Kundalik.com elektron jurnaly we kagaz jurnalynyň tapawudy we mümkinçilikler hakynda” ýazan analizi. Men bugün, 27-oktýabrda Nöküs şäher 32-sanly umumytälim orta mekdebine emeliýat dersimi ötmek üçin geldim. Synp arassa. Gatnaş gowy, hemişekisi ýaly. 17 sany okuwçynyň hemmesi bar. Emeliýat geçmek üçin berilen meýilnama boýunça biz bugün kundalik.com ýa-da elektron jurnal bilen tanyşmagymyz we ony kagaz bilen deňeşdirmegimiz gerek eken. Synp ýolbaşçysy Jiýenbekowa Roza mugallymadan ýollaryny, maslahat alyp jurnallarny deňeşdirmäge hereket etdim. Mowzuk: ,,Kundalik.com’’ elektron platformasy bilen kagaz jurnal arasyndaky tapawutlar, mümkinçikiler we kemçililler boýunça maglumat toplamak. 2020-ýyl 17-martda Özbegiston Respublikasy Prezidentiniň PQ-4642 – sanly ,,Toshkent shahrida raqamli texnologiyalarni keng joriy etish chora-tadbirlari to`g`risida’’ karary kabul edildi. Destura esasan, 2020-ýylda 1-sentýabra hemme mekdeplerde jurnal we okuwçylaryň gündelilerini kagaz şekilinde ýöretmak ýatyrylýar hem-de olary elektron şekilde ýöretmege maslanan ýeketak habar ulgamy işe düşirilýär. Kundalik.com ýa-da elektron jurnalyň artykmaçlyklary: Okuýçylaryň artykmaç kagazbazlykdan azat boldular. Öňleri her bir geçilen ders mowzuklary üçin ders işlenme işlemek ony tasdyklatmak we şulara garap aýlyk bellenen. Häzir bolsa hemmesi elektron jurnala girizilen. Öýe wezipe, haýsy mowzugy okamak, haýsy gönükme, haýsy tekstligini kundalik.comdan tapmagymyz mümkin. Ata-eneler öýlerinde, iş ýerlerinde bolan ýagdaýda hem perzentleriniň bahalaryny, reýtiň netijelerini, synpda bilim derejesi boýunça näçenji orunda ekenligini görmegimiz mümkin. Kagaz jurnalynyň aýratynlygy: Munda kundalik.comdaky ýaly internet işlemäni galmaýar. Okuwçylaryň gündeligine baha goýmak arkaly olary okamaga höwäslendirmek, sylaglandyrmak we deňdeşleri arasynda bilim boýunça sagdyn bäsleşik gurşawyny emele getirýärdi. Bu elbetde gowy. Kagaz jurnalynyň elektron jurnaldan bölünip durýan we gowy tarapy onda bölünip durýan we aýratyn tarapy onda bahany özgerdip bilmeýärsiňiz. Elektron jurnalda bolsa özgerdip bolýar. Muny mugallymlar etmeýär, edip bilmeýär elbetde. Mekderlerde elektron jurnal üçin jogapkär şahs bolup, ol admin diýip ýöredilýär. Perzendine goýulan bahadan kanagatlanmadyk, nädogry bahalanan diýip oýlan ata-eneler perzentleriniň bahasyny özgerip bilýärler. Meniňçe bu zat korrupsiýa uly mümkinçilik ýaradyp berýär. Perzendine gyzyl diplom ýa-da gowy ýerlerde okamagyny islän ata-enenler onuň bahalar tabelini, çärýekliklerini dogurlamak üçin bu işe gol urmaýar diýip hiç kim kepillik berip bilmeýär. Şonuň üçin okuwçylar üçin mekdep adminleri partaly açsa, mekdep adminleri üçin etrap adminleri, etrap üçin bolsa welaýat adminleri açyp bermegi gerek diýip oýlararyn. Hemmesi elektron bolanyndan soň şahalanyp Respublika Halk tälim wezirligine garamagy we gözegçilikde bolmagy gerek. Korrupsiýa weýrançylygyň başlanmagy. Ony tälimden düýp-damary bilen ýolup taşlamasak hiç haçan beýik bolup bilmeýäris. Watanymyzyň gelejegi öz elimizde. Metodist : M. Annayeva Synp ýolbaşçysy: R. Jiyenbekova Bejeriji: Nurmatov Sh. Download 15.93 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling