65
5. Sargyt № 89
beýleki alymlarymyzyň işlerinde türkmen diliniň öwrenilişine düýpli
üns berlipdir. Mundan başga-da türkmen diliniň öwrenilişine degişli
ýörite bibliografik görkezgiçler düzülipdir. Ýörite ylmy derňewlerde
hem-de bibliografik görkezgiçlerde türkmen dil bilimi babatda bitiri-
len işler barada giňişleýin gürrüň edilýär.
S.Agabekowyň «Учебник туркменского наречия» atly işine
A.N.Samoýlowiçiň synynda,
A.Ý. Krymskiniň ylmy derňewlerinde
türkmen dil bilimi bilen baglanyşykly işleriň atlaryna duş gelmek
bolýar. Şeýle-de, 1920-30-njy ýyllarda, 1950-nji ýyllarda ýazylan
ylmy işlerde bibliografik maglumatlar ýatlanylýar. Mundan başga-
-da türkmen dil bilimi barada iki sany ýörite bibliografik görkez-
giç taýýarlanyldy («Библиографический
указатель литературы
по туркменскому языкознанию (1964-1974), Ашхабад 1975;
«Библиографический указатель
литературы по туркменскому
языкознанию (1974-1984) Ашхабад 1986 ). «Библиографический
указатель литературы по языкознанию, изданной в СССР с 1918
по 1957 год, вып.И, М., 1958» atly görkezgije türkmen dili babat-
da edilen işler girizildi. XX asyryň ýigriminji ýyllaryna çenli edilen
işler barada I.Gildenştediň gündeliklerinde hem-de «Сравнительные
словари всeх языков и наречий» atly uly sözlükde hem duş gel-
ýär.
N.A. Baskakowyň «История изучения туркменского языка»
(1965) atly işi-de türkmen dili babatdaky ylmy derňewler, okuw ki-
taplary hakynda giňişleýin maglumat berýär.
XIX asyryň ortalarynda Gündogary öwrenýän rus alymlaryndan
Do'stlaringiz bilan baham: