81
6. Sargyt № 89
N. K. Dmitriýewi, A. N. Baskakowy, E. W. Sewortýany, S. K. Ke-
nesbaýewi, Ş. Rahmatullaýewi görkezmek bolar. Soňky döwürlerde
frazeologizmler bilen baglanyşykly mesele
Ç. G. Saýfuliniň,
S. N. Muratowyň, N. R. Ragimzadäniň, M. B. Mamedowyň,
H. Kojahmedowanyň we başgalaryň işlerinde şöhlelendi.
Türkmen diliniň frazeologiýasyna degişli
ilkinji bellikler
P.Azymowyň «Türkmen leksikologiýasy» atly işinde gabat gelýär
(P.Azymow.Türkmen leksikologiýasy. Aşgabat, 1945, 9-10 sah.). Awtor
bu işinde frazeologik birliklere we idiomalara kesgitleme berýär. Olara
degişli birnäçe mysallar getirýär.
Frazeologizmler S.Ataýewiň işinde
üç topara bölünipdir: 1) idiomalar, 2) idiomatik söz düzümleri, 3) çe-
per edebiýatyň we gadymy mifologiýanyň söz düzümleri (S.Ataýew.
Terjimäniň käbir meseleleri.Aşgabat,1959,11 sah.).
Frazeologizmler
G.Açylowanyň işinde has giňişleýin derňelýär.
Olara nakyllar, ata-
lar sözleri, halk aňlatmalary degişli edilýär (Г. Ачилова. Туркменская
фразеология. Сб «Вопросы фразеологии»
Самарканд, 1961, стр.
113-116.).
Frazeologizmler dil biliminiň iň ýaş bölümleriniň biridir. Şol
sebäpden-de onuň nazary meseleleri bilen baglanyşykly
wezipeleri
entek doly işlenilmedikdir.
Do'stlaringiz bilan baham: