Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Aleksandr Hristoforowiç Wostokow
Rasmus Rask skandinaw dillerini öwrenipdir. Onuň esasy ylmy
işi «Gadymy Demirgazyk ýa-da island diliniň gelip çykyşynyň barla- gydyr.» Bu iş 1818-nji ýylda çap edilýär. R.Rask öz derňewinde, esa- san, skandinaw dilleriniň materiallaryny beýleki hindi-ýewropa dilleri bilen deňeşdirmäge üns beripdir. Ol XVIII asyryň filosofik gramma- tikalary üçin häsiýetli bolan onomasiologik (at bermek) garaýyşlara garşy çykypdyr hem-de dili öwrenmekde semasiologik (many) çemeleşme ugrunda çykyş edipdir: «Dil baradaky ylym pikiri hem onuň görnüşlerini däl-de, sözleri, olaryň aýdylyşyny, görnüşlerini, olaryň aragatnaşyklaryny hem arabaglanyşyklaryny öwrenmelidir.» R.Rask dilin gurluşy hakyndaky garaýyşlarynda dili iki bölüme: – sözlere hem-de olaryň özara gatnaşygyna bölýär. Olaryň birinjisi- ni – leksika, ikinjisini bolsa diliň grammatikasy düzýär. Alym lek- sika bilen grammatikanyň arasyndaky tapawuda deňeşdirme-taryhy dil bilimiň nukdaýnazaryndan baha bermek bilen, grammatik gabat gelmäni leksiki gabat gelmeden ýokarda goýýar. Sebäbi, biz beýleki dillerden leksika babatdan alynmalara gabat gelip bileris, emma ge- netik garyndaşlykda duş gelýän grammatik serişdeleriň beýleki bir 58 dilden alynmagy mümkin däldir. R. Rask bu babatda şeýle diýýär: «Meselem, iňlis dili skandinaw we fransuz dillerinden düşüm bilen üýtgeme kadalaryny kabul edip almady, tersine, gadymy anglasakson fleksiýalarynyň (söz üýtgediji goşulmalar) hem köpüsini ýitirdi. Edil şunuň ýaly hem daniýa dili nemes goşulmalaryny, ispan dili bolsa got we arap goşulmalaryny kabul etmedi.» R. Rask dil biliminiň taryhynda deňeşdirme-taryhy usulyň we german dillerini öwrenişiň esasyny goýanlaryň biri hökmünde giňden bellidir. Aleksandr Hristoforowiç Wostokow 1820-nji ýylda çap edi- len «Slawýan dili hakynda şu diliň grammatikasyna giriş bolup hyzmat edýän degşirme» atly işi bilen deňeşdirme-taryhy dil bili- mini esaslandyryjylaryň biri hökmünde dil biliminiň taryhyna gir- di. Bu iş, esasan, slawýan dilleriniň deňeşdirme-taryhy fonetikasy- na bagyşlanylypdyr. A. H. Wostokowyň ylmy işi slawýan dilleriniň deňeşdirme-taryhy ugrunyň ösmegine giň ýol açdy. Bu ugruň döremegi F. Mikloşiçiň ady bilen baglanyşdyrylýan hem bolsa, A.H.Wostokow ondan otuz ýyl öň slawýan dilleriniň arasyndaky köp- sanly fonetik barabarlyklary, ilkinji nobatda gadymy slawýan we rus dilleriniň arasyndaky fonetik barabarlyklary belledi. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling