6-mowzuk. Punktuasion derñew geçirmek
Download 37.29 Kb.
|
6-MOWZUK. PUNKTUASION DERÑEW GEÇIRMEK.
- Bu sahifa navigatsiya:
- Punktuasion derñewiñ düzgünleri
6-MOWZUK. PUNKTUASION DERÑEW GEÇIRMEK. Ylmyñ her bir ugry özüne mahsus derñewler bilen öñe saýlanýar. Şol ugurlardan biri hem dil baradaky ylym bolup, ol hemişe ösüş ýolundadyr. Ondaky öwrenilýän meseleler bu ugruñ has kämilleşmegi üçin täze derñewleri ýüze çykarýar. Şol derñewleriñ biri-de punktuasion derñewdir. Punktuasiýa “punctum” diýen latyn sözünden bolup, “nokat” diýmekligi añladýar. Ol dilde, birinjiden, dyngy belgileriñ goýluş düzgünleriniñ ulgamyny, ikinjiden, dyngy belgileriñ goýluşyny bildirýär. Punktuasion belgi dyngy belgi diýmekdir. Eger türkmen edebi diliniñ orfografiýasy, terminologiýasy we punktuasiýa meseleleri barasynda 1954-nji ýylyñ 6-9-njy oktýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanyñ II lingwistik gurultaýynyñ maglumatlaryndan ugur alynsa, onda dyngy belgilere nokat (.), sorag belgisi (?), ýüzlenme belgisi (!), sorag-ýüzlenme belgisi (?!), otur (,), nokatly otur (;), iki nokat (:), köp nokat (…), goşadyrnak (“”), keseçyzyk (--), çyzyjak (defis - ), ýaý () degişlidir. Dyngy belgiler ýazuwda tekstdäki sözlemleriñ manysyna dogry düşünilip okalmagyna ýardam edýär. Dilde dyngy belgiler özboluşly häsiýete eýedir. Bu aýratynlygy olaryñ sözlemleriñ, tekstiñ çäginde ulanylyşynda aýdyñ görmek bolýar. Sözlemleri böleklere bölmek bilen baglanyşykly bolan dyngy belgileriñ toparlary: 1) Sözlemiñ ortasynda goýulýan, ýeke (ýagny taýsyz) görnüşde ulanylýan dyngy belgiler (otur, nokatly otur, keseçyzyk, ikinokat, köpnokat → sözlemiñ ortasynda pikir we ş.m. taşlananda ýa-da gysgaldylanda ulanylýar); 2) Taýly görnüşde ulanylýan dyngy belgiler (iki gapdaldan goýulýan oturdyr keseçyzyk, ýaýlar we goşadyrnak; meselem, - Waý, körpe dogan, arkadagym! – diýip, uly ili bilen bagyryp gelen Täji gelnejesini gujaklap ýykyldy. (M.Seýidow. Kesearkaç)). Teksti böleklere bölmek bilen baglanyşykly bolan dyngy belgileriñ topary: 1) Sözlemiñ soñunda goýulýan, ýeke görnüşde ulanylýan dyngy belgiler (nokat, sorag, ýüzlenme, sorag-ýüzlenme, köpnokat → sözlem gutarylmadyk ýagdaýynda ulanylýar); 2) Taýly görnüşde ulanylýan dyngy belgiler (ýaýlar we goşadyrnak). Soñky wagtda ýazuw diline gyzyklanma has artyp başlady. Dil sowatlylygyny kämilleşdirmekde ýazuwda grafik belgileriñ—dyngy belgileriñ goýulmagy zerurdyr. Mekdebiñ okuw tejribesinde türkmen diliniñ grafik ulgamynyñ bir bölegini düzýän dyngy belgiler sintaktik esasda öwrenilýär. Emma munuñ özi punktuasion kadany doly ele almaklygy, düýpli özleşdirmekligi añlatmaýar. Ony hemmetaraplaýyn öwrenmek, özleşdirmek üçin punktuasion derñew ähmiýetlidir. Sintaksis bilen punktuasiýany garyşdyrmaly däl. Sebäbi olary biri-birinden aýratynlandyrýan tapawut bar. Sintaksisde söz düzümlerindäki we sözlemlerdäki sözleriñ utgaşmak ukyby, punktuasiýada dyngy belgiler öwrenilýär. Şeýlelikde, sintaksis—söz düzümi we sözlem baradaky ylym, punktuasiýa dyngy belgiler baradaky taglymat. Punktuasion derñew ýerine ýetirilende, onuñ esasy obýekti punktogramma (dyngy belgi) bolup durýar. “Punktogramma” sözi “punkt” (nokat) we “gramma” (“gramma” diýen grek sözünden bolup, ýazuw belgi, çyzyk, zolak diýmekdir) ýaly iki sözden ybaratdyr. Diýmek, punktogramma hem dyngy belgini bildirýär. Punktuasion derñew (dyngy belgileriñ düşündirilişi)—grammatik derñewiñ bir görnüşidir. Ol lingwistik derñewiñ özbaşdak bir görnüşi hökmünde ulanylýar ýa-da oña sintaktik derñewiñ düzüm bölegi hökmünde garalýar. Mälim bolşy ýaly, mekdepde punktuasiýa sintaksis bilen berk baglanyşykda ýa-da onuñ çäginde öwrenilýar. Haçanda öwreniji sintaktik derñewiñ esasy düzgünlerini, dyngy belgi bilen aýratynlanýan sintaktik birlikleri ýa-da serişdeleri we ş.m. bilýän bolsa, punktuasion derñew has gowy ýerine ýetirilýär, ýagny bu derñew ýeñil özleşdirilýär. Punktuasion derñew tekst boýunça dyngy belgilere görä kesgitlenilýär. Ilki bilen öwreniji dyngy belgini tanap aýdyñlaşdyrmaly. Ikinji ýagdaýda dyngy belgiler goýlup düşündirilmeli. Punktuasion derñew dil meselelerini öwretmek maksady, şeýle hem, onuñ ýerine ýetiriliş düzgünleri bilen geçirilýär. Bu derñewiñ ýörite ýerine ýetiriliş düzgünleri bar. Punktuasion derñewiñ düzgünleri: Dyngy belgileriñ haýsy sintaktik birlik ýa-da serişde (sözlemiñ deñdeş agzasy, ýüztutma sözi, goşma sözlem we ş.m.) esasynda nirede goýulýandygyny düşündirmek; Dyngy belgini anyk atlandyrmak (otur, kese çyzyk, iki nokat we ş.m.); Dyngy belgileriñ hyzmatyny (bölmek, aýratynlandyrmak we başga hyzmatyny) görkezmek; Sintaktik serişdelere ýa-da birliklere seredilip geçilende, dyngy belgileriñ goýulmagynda ýa-da goýulmazlygynda zerur we ýeterlik derejedäki şertlerini (punktuasion kadalaryñ şertlerini) sanamak; Punktuasiýa bilen äheñiñ özara gatnaşygyny anyklamak (äheñ bilen punktuasiýanyñ biri-birine laýyk gelmegi ýa-da laýyk gelmezligi, olaryñ bolmazlygy…). Download 37.29 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling