6-mowzuk. Punktuasion derñew geçirmek


Download 37.29 Kb.
bet3/3
Sana02.12.2023
Hajmi37.29 Kb.
#1779452
1   2   3
Bog'liq
6-MOWZUK. PUNKTUASION DERÑEW GEÇIRMEK.

Üçünji sözlem boýunça dyngy belgileriñ düşündirilişi: sözlemde

dyngy belgileriñ üç görnüşi: bir sany nokat, bir sany köp nokat, bäş sany otur bar.
1) Bu sözlem habar sözlem bolandygy üçin birinji sözlemiñ birinji
ýagdaýndaky nokat belgisi baradaky maglumatlary gaýtalap beýan etmek mümkindir.
2) Sözlemiñ başynda başganyñ (Magtymgulynyñ) pikiri gysgaldylyp
alnandygy üçin köpnokat ulanylypdyr. Bu ýerdäki köpnokat özünden öñ hem pikiriñ bardygyny añladýar. Ýöne öñündäki pikiriñ soñundaky pikirden bölünip aýrylandygyny görkezýär. Şunuñ bilen baglylykda punktuasion kadadaky şert ýerine ýetýär, ýagny başganyñ pikiri gysgaldylyp alnanda, galdyrylan sözleriñ we sözlemleriñ ýerine köpnokat goýulýar. Köpnokat sözlemiñ säginmeli aýdylyp başlanyşyna gabat gelýär.

  1. 1-5-nji oturlar ýüztutma sözlerini sözlem agzasy hasaplanýan sözlerden

aýratynlandyrmak üçin goýlupdyr. Bu ýerde deñdeş ýüztutma sözler bolandygy üçin ikinji sözlemiñ üçünji ýagdaýndaky otur belgisi baradaky maglumatlary gaýtalap beýan etmek mümkindir.
IV. Dördünji sözlem boýunça dyngy belgileriñ düşündirilişi: sözlemde
dyngy belgileriñ üç görnüşi: bir sany sorag-ýüzlenme, iki sany çyzyjak we bir sany otur bar.

  1. Sözlem soramak we ýüzlenmek maksadyny öz içine alýandygy, adamyñ

içki duýgusyny bildirýän sözler arkaly ýüze çykarylýandygy üçin sorag-ýüzlenme sözlemidir. Şonuñ üçin onuñ yzyndan sorag-ýüzlenme goýulýar. Sorag-ýüzlenme belgileriniñ sözlemiñ soñunda goýulmagy onuñ diñleýjiniñ pikirini, garaýşyny bilmekligini, sözleýjiniñ gatyrganmagyny añladýar, yzyndaky sözlemden ýa-da kontekstden bölüp aýyrýar. Sorag-ýüzlenme sözlemiñ soñunda sorag-ýüzlenme goýulmagy bu belgä degişli punktuasion kadadaky şertleriñ biridir. Sözlemiñ soñunda goýlan sorag-ýüzlenme onuñ sorag-ýüzlenme añladýan äheñ arkaly aýdylmagy bilen laýyk gelýar.

  1. Birinji çyzyjak “baý-ba” sözündedir. Ol manysy taýdan haýran galmagy,

geñ görmegi bildirýän, emele gelşi taýdan ýasama ümlük bolup, onda çyzyjak belgisi ulanylyp bilinýär. Çyzyjak belginiñ goýulmagy bu ümlügiñ manysyny has-da güýçlendirýär. Bu aýratynlyk bolsa, öz gezeginde sözlemiñ stilistik öwüşginliligini artdyrýar, sözlemi has-da täsirli görkezýär. Çyzyjagyñ goýulmagy bu belgä degişli punktuasion kadadaky şertlerden biridir. Ol belgi soñky “-ba” bognunyñ emfatik basymda aýdylmagy bilen laýyk gelýär. (Emfatik basym sözleýşiñ täsirli bolmagyna mümkinçilik berýär). Şol sebäpli birinji bogun aýdylyşy taýdan ikinji bogundan aýratynlanýar.
3) Otur sözlemiñ başynda gelen ümlükden soñ ulanylypdyr. Bu sözlemdäki
otura degişli maglumaty ikinji sözlemiñ ikinji ýagdaýndaky otur belgisi baradaky maglumatlary gaýtalap düşündirmek mümkindir.

  1. Ikinji çyzyjak “gelipdirin-ow” sözündedir. Bu sözde –ow ownuk

bölekdir. Ol sözlemde sözleýjiniñ ýagdaýy öñ bilmän, soñ bilip galmagyny görkezýär, şonuñ bilen birlikde oña ökünmek ýokundysyny bermekde munda çyzyjak ulanylýar. Çyzyjak belgisiniñ goýulmagy, birinji tarapdan, bu ownuk bölegiñ manysyny has-da güýçlendirýär, ikinji tarapdan, diñleýjiniñ ünsüni özüne çekýär. Bu aýratynlyk ownuk bölekleriñ aslyna mahsus häsiýetdir. Olar stilistik aýratynlyga eýedirler. Şonuñ üçinem ownuk bölekler öz gezeginde sözlemi has-da täsirli görkezýär. Çyzyjagyñ goýulmagy bu belgä degişli punktuasion kadadaky şertlerden biridir. Ol belgi soñky “-ow” bognunyñ emfatik basymda aýdylmagy bilen laýyk gelýär. Şunuñ netijesinde ownuk bölegi kabul eden bogun sözden tapawutlanyp aýratynlanýar.
Punktuasion derñew barada şeýle netije çykarmak bolar: ol

  • sözlemde (kontekstde we tekstde) haýsy dyngy belgileri ulanmagy,

umuman, dyngy belgileri anyklamagy;

  • dyngy belgileriñ nirede we nähili ýagdaýda ulanylyşyny, ýagny ulanylyş

şertlerini kesgitlemegi;

  • dyngy belgileriñ kömegi bilen sözlemi dürs okamagy, täsirli etmegi;

  • dyngy belgileriñ stilistik öwüşginlilik emele getirişini öwredýär.

Soraglar we ýumuşlar:


1. Punktuasion derñew barada aýdyp beriň.
2.Sözlemlerdäki dyngy belgileriñ düşündirilişi barada aýdyp beriň.
3.Birinji sözlem boýunça dyngy belgileriñ düşündirilişini aýdyp beriň.
4.Ikinji sözlem boýunça dyngy belgileriñ düşündirilişini aýdyp beriň.
5.Üçünji sözlem boýunça dyngy belgileriñ düşündirilişini aýdyp beriň.
6.Dördünji sözlem boýunça dyngy belgileriñ düşündirilişini aýdyp beriň.
Download 37.29 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling