6-mowzuk. Punktuasion derñew geçirmek


Punktuasion derñewi ýerine ýetirmek üçin sözlemler


Download 37.29 Kb.
bet2/3
Sana02.12.2023
Hajmi37.29 Kb.
#1779452
1   2   3
Bog'liq
6-MOWZUK. PUNKTUASION DERÑEW GEÇIRMEK.

Punktuasion derñewi ýerine ýetirmek üçin sözlemler:

  1. Adam eli—gyzyl gül.

II. Eý,1 balam,2 ägä bol,3 hünärsiz kişi hemme wagt peýdasyz bolar,4 onuñ hiç kime nepi degmez.
III. …Teke,1 ýomut,2 gökleñ,3 ýazyr,4 alili,5
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
IV. Baý-1ba, men bu ýere ýalñyşyp gelipdirin-2ow?!
Sözlemlerdäki dyngy belgileriñ düşündirilişi:

  1. Birinji sözlem boýunça dyngy belgileriñ düşündirilişi: sözlemde

dyngy belgileriñ iki görnüşi: bir sany nokat bilen bir sany kese çyzyk bar.

  1. Gutarnykly habary öz içine alýandygy üçin sözlem habar sözlemidir.

Şonuñ üçin onuñ yzyndan nokat goýulýar. Nokadyñ sözlemiñ soñunda goýulmagy onuñ gutarandygyny habar berýär, yzyndaky sözlemden ýa-da kontekstden bölüp aýyrýar. Habar sözlemiñ soñunda nokat goýulmagy bu belgä degişli punktuasion kadadaky şertleriñ biridir. Sözlemiñ soñunda goýlan nokat onuñ pes äheñde aýdylmagy bilen laýyk gelýar.

  1. Sözlemiñ baş agzalarynyñ arasynda keseçyzyk goýlupdyr. Bu belgi eýe

bilen habary aýratynlandyrýar, mundan başga-da, sözlemiñ eýe we habar tarapyny bölýär. Olaryñ arasynda kese çyzygyñ goýulmagy bu belgä degişli kadadaky şertleriñ biridir. Sözlemiñ habary habarlyk goşulmalaryny kabul etmändigi, şeýle hem, eýe bilen habaryñ arasynda kömekçi söz getirilmändigi üçin baş agzalaryñ arasynda keseçyzyk goýulýar. Keseçyzyk bu sözlemiñ baş agzalarynyñ arasyndaky säginme bilen gabat gelýar.

  1. Ikinji sözlem boýunça dyngy belgileriñ düşündirilişi: sözlemde

dyngy belgileriñ iki görnüşi: bir sany nokat bilen dört sany otur bar.

  1. Bu sözlem habar sözlem bolandygy üçin birinji sözlemiñ birinji

ýagdaýndaky nokat belgisi baradaky maglumatlary gaýtalap beýan etmek mümkindir.

  1. Birinji otur sözlemiñ başynda gelen ümlükden soñ ulanylypdyr. Ol ýerde

otur, birinjiden, ümlügiñ sözlem agzasy hasaplanmaýan ýa-da sözlem agzalary bilen grammatik taýdan baglanyşmaýan söz bolandygy üçin, ikinjiden, yzyndaky gelýän sözlerden aýratynlanýandygy sebäpli goýulýar. Ümlük ulanylan sözlemde oturyñ goýulmagy muña degişli kadadaky esasy şertleriñ biridir. Birinji otur “Eý” ümlüginden soñ bolup geçýän gysgajyk säginme bilen gabat gelýar.

  1. Ikinji otur ýüztutma sözünden soñ ulanylypdyr. Ol ýerde otur, birinjiden,

ýüztutma sözüniñ sözlem agzasy hasaplanmaýan ýa-da sözlem agzalary bilen grammatik taýdan baglanyşmaýandygy üçin, ikinjiden, yzyndaky gelýän sözlemden aýratynlanýandygy sebäpli goýulýar. Ýüztutma sözi ulanylan sözlemde oturyñ goýulmagy muña degişli kadadaky esasy şertleriñ biridir. Ikiinji otur “balam” ýüztutma sözünden soñ bolup geçýän gysgajyk säginme bilen gabat gelýar.

  1. 3-4-nji oturlar çylşyrymly düzmeli goşma sözlemiñ düzümindäki iki

sany ýönekeý ýa-da düzmeli goşma sözlemi üçünjiden bölüp aýyrýar. Bu otur şol sözlemleriñ özara äheñ arkaly baglanyşýandygyny añladýar. Sintaksisde goşma sözlemdäki ýönekeý sözlemler äheñ üsti bilen baglanyşanlarynda ýa-da “we…” baglaýjysyndan beýleki baglaýjylar bilen baglanyşan halatynda otur goýulýandygy bellenilýär. Şuña laýyklykda bu belgä degişli punktuasion kadadaky şert ýerine ýetýär. Soñky oturlar sözlemlerdäki äheñ bilen gabat gelýär.


  1. Download 37.29 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling