Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Abu Nasyr Muhammet al
Abu Haýýan al-Garnatynyň dil bilimine goşan goşandy ägirt uludyr.
Ispanýanyň Garnata şäherinde dünýä inen (1256–1344) meşhur dilçi Abu Haýýan Muhammet ibn Ýusup ibn Yusup Haýýan al-Garnaty el-Andalusynyň «Kitabul-Idrak li Lisanil-Etrak» («Türkileriň dilini öwrenmek üçin gollanma») kitaby türki halklaryň diliniň, taryhynyň, medenýetiniň, asyrlaryň jümmüşine uzaýan çuňňur köklerini özün- de jemleýän dünýä gymmatlyklarynyň iň nepis nusgalarynyň biridir. Bu kitap diňe bir türki dillerini däl, eýsem, türkmen diliniň taryhyny öwrenmekde hem gymmatly çeşmedir. Abu Haýýan işiniň girişinde «Kitabymy, «Kitabul-Idrak li- lisanul-Etrak» («Türkileriň dilini öwrenmek üçin gollanma») at- landyrdym. Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türki dillerini söz /lugat, morfologiýa (sarf) we sintaksis (nahw) babatyndan ýazga geçirmek- 17 2. Sargyt № 89. dir» diýip, ýörite belläpdir.Biziň günlerimize bu kitabyň golýazma nusgasynyň iki sanysy gelip ýetipdir. Olaryň biri Türkiýäniň Beýa- zyt Döwlet kitaphanasynyň Weliýýüddin Efendi bölüminiň 2896- njy bukjasynda saklanýar. Bu golýazma nusga Kilisli Rifat Bilge we Weled Çelebi Izbudak tarapyndan elipbiý tertibine salnan sözlük ýag- daýynda neşir edilipdir. (el-Idrak, Haşiýesi, Istanbul, 1936). Beýleki nusga bolsa, Ystambul uniwersitetiniň kitaphanasynda 3856-njy buk- jada saklanylýar. Weliýýüddin Efendiniň çapa taýýarlan nusgasynyň esasynda soňra Ahmet Jaferogly kitaby 1931-nji ýylda Ystambulda gaýtadan neşir etdiripdir. Bu neşir elipbiý tertibindäki sözlügi, sarf (morfologiýa) nahw (sintaksis) bölümlerinin türkçe terjimesini, arap- ça ýazgysynyň rejelenen görnüşini öz içine alýar. Kitap türkiçe-arapça sözlük we grammatika görnüşinde iki bölüme bölünipdir (Ahmet Ja- feroglu, Abu Hayyân, Kitâb al-idrâk li lisân al-Atrâk, İstanbul, 1931). Abu Haýýan al-Garnatynyň sözlügi türki dilleriň aýratynlyklaryny deňeşdirmekde-de uly ähmiýete eýedir. Bu ýygyndy türki dilleri öwrenmekde okuw kitaby bolup hyzmat edipdir, mundan başga-da ol özünde türkmen hem-de gypjak dilleriniň deňeşdirme sözlügini, grammatikasyny jemleýän-de bolsa, käbir ýagdaýlarda awtor tatar, bulgar, uýgur we beýleki türki dillerine-de garap geçýär. Türki dil biliminiň taryhy barada gürrüň edilende, XV asyra degişli «Türkmen diline nepis sowgat» atly işiň üstünde-de du- rup geçmegi makul bildik. Bu ýazuw ýadygärligi özünde dil ba- radaky gymmatly maglumatlary jemleýär. Kitap 2005-nji ýylda Türkmenistanyň Milli medeni «Miras» merkezi tarapyndan halk köp- çüligine ýetirildi. Onuň ahyryndaky berlen makalada bu işiň türkmen diline bagyşlanylyp ýazylandygy barada şeýle bellenilýär: «Biliň, dil ynsanlaryň özara gatnaşygy üçin aňrybaş zerur serişde we guraldyr. Türkmen dili barada ençeme kitap ýazyldy. Men hem özümden öň geçenleriň däbine eýermek isledim. Bu kitaby ýazmagymy isleýän dostlarymyň haýyşyny kabul edip, Allatagaladan özüme kömek we ýardam diledim. Men Allanyň hemaýat we ýardam bermegi bilen bu kitaby känbir kynçylyk çekmän ýazyp gutardym. Kitaby birnäçe bölü- me böldüm. Adyna «Türkmen diline nepis sowgat» diýip, at goýdum» (Türkmen diline nepis sowgat, Aşgabat, 2005, 286-njy sah.). Kitap- da arapça-türkmençe sözlükden başga, fonetika, grammatika degişli 18 gymmatly maglumatlar bar. Olar türkmen dil biliminiň XV asyrda nähili derejede ösendigini anyk görkezýär. Türki dil bilimi diýlen düşünjede biz diňe bir türkmen we beýle- ki kowumdaş diller baradaky işleri göz öňünde tutman, şol milletiň wekilleriniň dil hakyndaky eserlerini-de gysgaça derňemegi maksat edinýäris. Gündogar alymlarynyň köpüsiniň ýazan ylmy işlerinde dil mese- lesine göni we gytaklaýyn deglip geçilýär. Biz bu ýerde olaryň käbiri hakynda gürrüň etmekçi bolýarys. Ylym äleminde Aristundan (Aristotel) soň «ikinji mugallym» adyny alan, meşhur türkmen alymy Abu Nasyr Muhammet al Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling