Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Abulkasym Jarullah Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet
Dil biliminiň taryhy
Türki dil bilimi Türki dillerini öwrenmekde meşhur bolan alymlaryň biri hem XI asyrda ýaşan Mahmyt Kaşgarlydyr. Ol türki dilleriň deňeşdirme grammatikasynyň, leksikologiýasynyň esasyny goýdy, fonetikasy boýunça gymmatly maglumatlary galdyrdy. Mahmyt Kaşgarlynyň türki dil biliminiň ensiklopediýasy hasaplanylýan «Türki dilleriň di- wany» (Diwany-lugat-et türk) sözlügi türki halklarynyň dil biliminde dilleri deňeşdirip öwrenmeklik ylmy edebiýatda XI asyrdan, ýagny Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» sözlüginden başlanýar diýlip hasap etmäge mümkinçilik berdi (N.A.Baskakow, Türki dil- leri öwrenişe giriş, M, 1962, 61-nji sah.). Hakykatdan-da, sözlükde türki dilleriniň birnäçesine deglip geçilýär. Ol gyrgyz, gypjak, oguz, ýagma, çigil taýpalarynyň dillerini biri-birine has ýakyn hasaplaýar. Mahmyt Kaşgarly sözlükde sözleri sözüň düzümindäki harplaryň sanynyň artyşy boýunça ýerleşdirýär. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi K.Brokkelman tarapyndan arap di- linden nemes diline terjime edilip, 1928-nji ýylda Leýpsigde, Besim Atalaýyň terjime etmeginde türk dilinde, 1939-njy ýylda Ankarada, S.Mutallibow tarapyndan özbek diline terjime edilip, 1960–1963-nji ýyllarda Daşkentde çap edilýär. Soňky ýyllarda sözlük dürli dillerde onlarça gezek neşir edildi. Belli türkmen alymy Sapar Ahallynyň «Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi we türkmen dili» (Aşgabat, 1958) atly meşhur işinde-de söz- lük barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Türkmen diliniň we onuň kowumdaş dilleriniň uly dil hazynasynyň biri Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» sözlüginiň golýazmasy 638 sahypadan ybaratdyr. Mahmyt Kaşgarly 13 ony 1071–1074-nji ýyllarda ýazýar (S.Ahally. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi we türkmen dili, Aşgabat, 1958, 9-njy sah.). Bu iş, esasan, sözlükden ybarat hem bolsa, käbir sözler düşündirilende, grammatiki kadalara, sözleriň gelip çykyşyna hem deglip geçilýär. Sözlükde türki halklaryň bir toparynyň adynyň gelip çykyşy barada berilýän maglu- matlara-da duş gelmek bolýar. Mahmyt Kaşgarly «türkmen» sözüniň gelip çykysy hakynda hem maglumat beripdir. «Diwanyň» teksti aýratyn sözleri, olary düşündirmek üçin ge- tirilen gysgaça söz birikmelerini öz içine alýar, şeýle-de sözlükde käbir grammatiki kadalar barada hem bellenilip geçilýär. Mahmyt Kaşgarlynyň ýazmagyna görä, onuň «Türki dilleriň sintaksisiniň göwherleriniň kitaby» diýen işi hem bolupdyr. Ýöne ol kitap biziň günlerimize gelip ýetmändir. Türkmenleriň taryhyň dürli döwürlerinde dil bilimi babat- da döreden ajaýyp işlerine, sözlüklerine köp wagtyň dowamynda umumy türki işler hökmünde baha berlip gelindi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli Golýazmalar insti- tuty dünýäniň dürli künjegine düşen ruhy baýlyklarymyza degişli maglumatlary ýygnap, halkymyza ýetirýär. Hut şu babatdan-da biz öň türki dillere degişli diýlip hasaplanylan işleri türkmen diline ýa-da beýleki diller bilen türkmen diliniň deňeşdirilmesine bagyşlanylan diýip arkaýyn aýdyp bilýäris. Gündogarda «Fahru Hwarazm» (Horezmiň hormaty) diýlip ta- nalýan Abulkasym Jarullah Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling