Türkmenistanyň Bilim ministrligi


  Gyrgyz halkynyň kemala gelmegi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet85/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 


235 
Gyrgyz halkynyň kemala gelmegi 
Türki halklaryň arasynda iň gadymylaryndan biri hem 
gyrgyzlardyr. Hytaý çeşmelerindäki maglumatlara görä, 
gyrgyzlar ilkinji döwletlerini b.e. öň III asyrda gurupdyrlar. Bu 
ilkinji gyrgyz döwletiniň ady ―Ki-Ku, Kie-Ku‖ bolupdyr. 
Gyrgyzlar bu ilkinji döwlerlerini guran döwürlerinde olaryň 
topraklary häzirki Gyrgyzystanyň gündogary bilen demirgazyk-
gündogary sebitlerini öz içine alypdyr. Alymlara görä bu sebit 
―Andronowo medeniýeti‖ diýilýän ýerdir we türki halklaryň bu 
ýerlerde b.e. öň 3000-nji ýyllarda hem ýaşandyklary bilinýändir. 
Belli bir wagtdan soňra bu gyrgyzlaryň bu döwleti ýykylýar we 
gyrgyzlar Beýik Hun döwletiniň häkimiýeti astynda ýaşaýan 
boýlar bilen bilelikde ―Usun bileleşiginiň‖ içinde ýaşamaga 
başlapdyrlar. Beýik Hun döwletiniň günbatarynda gurulan bu 
boýlar bileleşigi hunlaryň döwletiniň güýjüniň pese gaçmagy 
bilen dargapdyrlar. Gynansak hem mundan soňraky birnäçe asyr 
barada taryhy çeşmelerde anyk maglumatlar ýokdur. 
VI asyryň ikinji ýarymynda has takygy 560-njy ýylda 
Mo-kan 
kaganyň 
döwründe 
Göktürkmen 
döwletiniň 
häkimiýetine giren gyrgyzlar bir asyr töweregi göktürmenlere 
bagly ýaşapdyrlar. Gyrgyzlar Göktürkmen döwletinde 
galagopluk ýyllarynda (648-nji ýyllarda) özbaşdak hereket 
etmäge başlapdyrlar we hytaý bilen gatnaşmaga başlapdyrlar. 
Ýöne 699-njy ýylda täzeden Göktürkmenleriň häkimiýetini 
kabul etmäge mejbur bolupdyrlar. Göktürkmenlere degişli daş 
ýazgylaryndaky maglumatlara görä gyrgyzlar aňsatlyk bilen 
göktürkmenleriň häkimiýetini kabul etmändirler we köp 
wagtlap azar beripdirler.
Gyrgyzlar bu wakalardan soňra özbaşdaklyk ugrunda 
göreşmegi goýupdyrlar we söwda bilen meşgullanmaga 
başlapdyrlar. Olaryň ýaşaýan sebitleri söwda kerwenleriniň 
geçýän ýeri bolandygy üçin dürli halklaryň täjirleri bilen 


236 
gatnaşyk gurupdyrlar we olar bilen iş salşypdyrlar. Gyrgyzlar 
barada eýranly, wizantiýaly we hytaýly täjirler dürli 
maglumatlar beripdirler. Olaryň ýaşaýan sebitlerine syýahat 
eden täjirleriň maglumatlaryna görä gyrgyzlar saryýagyz we 
mawy gözli bolupdyrlar.
Göktürkmen döwletiniň ýykylyşyndan soňra döwletiň 
başyna uýgurlaryň geçmegine garşy çykan gyrgyzlar olara garşy 
herekete geçipdirler. Gyrgyzlar bilen uýgurlaryň arasyndaky 
dartgynlylyk ýaragly çaknyşyga öwrülipdir we aralarynda bolup 
geçen söweşde gyrgyzlar ýeňiş gazanypdyrlar. Olar 839-njy 
ýýlda uýgur hanyny öldürüp uýgurlarýn döwletini ýykypdyrlar. 
Bu taryhy möhüm wakadan soňra, 840-njy ýyldan başlap 
özbaşdak döwlet dolandyrmaga başlan gyrgyzlaryň bu 
häkimiýeti bir asyr töweregi dowam etdi. Bu döwürde gyrgyzlar 
maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar, altyn we 
demir işläpdirler. Iň esasy eksport harytlary misk bolupdyr. 
Gyrgyzlaryň bu döwleti 924-nji ýylda Kitanlar (Liao 
nesilşalygy) tarapyndan ýykylanyndan soňra gyrgyzlar häzirki 
Gyrgyzystan topraklaryna, ýagny günbatara tarap çekilipdirler.
Şaman bolan gyrgyzlaryň arasynda Yslam VIII asyrda 
Ferganadaky ýeňişlerden soňra ýaýramaga başlapdyr. Gyrgyzlar 
esasanam Garahanlylaryň häkimiyeti döwründe Yslam dinine 
giripdirler. 
Garahanlylardan 
soňra 
gyrgyzlaryň 
ülkesi 
Garahytaýlaryň golastyna giripdir. 
XIII asyryň başlarynda Çingiz han gyrgyzlaryň goňşusy 
bolup ýaşaýan merkitleri we naýmanlary özüne tabyn edeninde, 
gyrgyzlary hem zor bilen häkimiýetiniň astyna alypdyr. Şol 
döwürde gyrgyzlaryň hökümdary Urus-Inal mongollara garşy 
gahrymanlarça göreşen hem bolsa Çingiz hanyň goşunynyň 
öňünde durup bilmändir. 1217-nji ýylda gyrgyzlar mongol 
häkimiýetine garşy gozgalaň turzan hem bolsalar, bu gozgalaň 
ýatyrylypdyr. Köp wagt geçmänkä gyrgyzlar täzeden 


237 
mongollara garşy gozgalaň turzupdyrlar. 1399-njy ýyldaky bu 
ikinji gozgalaň gyrgyzlaryň üstünligi bilen tamamlanypdyr we 
gyrgyzlar garaşsyzlyklaryny gazanypdyrlar. 
Ýöne ol döwürlerde Merkezi Aziýada garaşsyz bolup 
ýaşamak örän kyndy. Özüni Çingiz hanyň döwletiniň 
mirasdüşeri yglan eden Teýmirleňiň Gyrgyzystany basyp 
almagy, mongol kowumlarynyň yzygider hüjümleri we assa 
ýuwaş demirgazykdan gelýän ruslar gyrgyzlary halys 
bezdiripdi. Bu wakalaryň bolup geçýän döwürlerinde 
Gyrgyzystana goňşy Fergana jülgesinde 1425-nji ýylda Abul 
Haýr tarapyndan Özbek döwleti gurlupdy. Emma bu döwletiň 
mongollaryň hüjümlerine garşy durup bilmeýişi netijesinde bir 
topar türki halk ―öz halkynyň howpsuzlygyny üpjün edip 
bilmeyän Abul Haýra hökümdar diýmeris‖ diýip häzirki 
wagtdaky Gazagystanyň düzlüklerine çekildiler we bu sebitleri 
özlerine watan edindiler. Gazak adyny alan bu türki halk bilen 
gyrgyzlar bilelikde ýaşamaga başlapdyrlar. Hat-da bu sebäpli 
gazak-gyrgyzlar hem diýlipdir. 
Gyrgyzlar bilen gazaklar bilelikde XVII asyryň 
ortalaryna çenli parahatçylykda ýaşadylar. Aziýada mongol 
üstünligi gutarandan soňra galmyklar Türküstana ýaýramaga 
başlapdyrlar. Ýöne galmyklar diňe topraklary basyp almak bilen 
çäklenmändirler, olar gyrgyzlary we gazaklary talapdyrlar, 
zalymlarça 
öldürüpdürler. 
Bu 
ýagdaýda 
gazaklaryň 
baştutanlaryndan Abulhaýyr han Ruslardan kömek sorady. Bu 
kömek çakylygyna derrew seslenen Ruslar gysga wagtyň içinde 
gazak topraklaryny eýelediler. 1848-nji we 1856-njy ýyllardaky 
basybalmalaryň netijesinde Ruslar Gazagystanyň hemme ýerini 
we Gyrgyzystanyň demirgazyk-günbataryny häkimiýetleri 
astyna aldylar.


238 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling