Türkmenistanyň Bilim ministrligi


-njy ýylyň gozgalaňy we gazaklar


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet74/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

1916-njy ýylyň gozgalaňy we gazaklar 
Birinji jahan urşunda rus goşunlary uly ýitgiler 
çekipdiler. Bu ýitgileriň öwezini dolmaklyk meselesi rus 
hökümedini çuňňur pikirlenmäge iteripdi. Çünki urşuň ilkinji 
ýyllarynda Merkezi Aziýadan hiç kim urşa alynmandy. Bu 
ýerdäki ýerli halk ýaly bu ýerde doglan ýa-da 15 ýaşyndan kiçi 
wagty bu ýere gelen Ruslar hem harby gulluga alynanokdylar. 
Ýöne urşa alynanok diýsek ýerli halk ezilenokdy diýmek ýalňyş 
bolar. Sebäbi rus hökümedi ýerli halka agyr salgtytlar salýardy. 
Urşuň ilkinji ýyllarynda Türküstan general-gubernatory 
Kuropatkin 2 400 000 rubl ―sowgat‖ we 20 000 000 rubl ―söweş 
harajaty‖ salgydyny halkdan ýygnapdy. 1915-nji ýýlyň 1-nji 
ýanwaryndan 
başlap 
Türküstanlylara 
harby 
gulluga 
gitmeýändikleri üçin girdejileriniň 21%-ine salgyt goýlupdy. 
Urşuň başlamagy bilen Merkezi Aziýanyň esasy 
girdejilerinden biri bolan pagtaynyň eksporty durupdy. 
Türküstana gelýän azyk önümleri 400 % gymmatlapdy. Bularyň 
üstüne bir-de Ruslar ýerli halkyň elindäki haýwanlary (at, 
goýun) arzan bahadan satyn alýardylar. Şeýle hem ruslaryň 
sebite getirilip öz topraklarynyň ellerinden alnyp, olara 
berilmegi halky bimaza eden başga bir faktordy. Uruş 
ýyllarynda bolsa söweş ýesirleri Merkezi Aziýadaky ýesir 
lagerlerine getirildiler. Ruslar 25 müň töweregi awstriýaly we 
wengriýaly ýesiri Çelýabinsk, Orenburg, Petropalowsk, Ust-
Kamenogorsk ýaly ýerlerdäki lagerlere ýerleşdirdiler. Bulardan 
başga-da 200 müň töweregi söweş ýersi Türküstanyň dürli 
sebitlerindäki lagerlere iberildiler. 


202 
Frontlarda uly ýitgiler çeken rus hökümedi Türküstanyň 
halkyny söweşe almaklyk baradaky pikiri kämilleşdirip 
işlemäge başlady. Gazaklaryň metbugat organy bolan ―Gazak‖ 
gazedi bolsa gazaklara hem rus kazaklary bilen deň derejede 
haklaryň berilmelidigini ýazýardy. Gazak liderleri hem 
gazaklaryň tylda garym gazmak üçin däl-de atly goşuna 
alynmalydygyny nygtaýardylar. Elbetde gazaklaryň harby 
borçly däldiklerini aýdýanlar-da köpdi. Rus hökümedi 
Petrogradda gazaklaryň wekiliýetçilikli toparlary bilen 
duşuşyklar geçirip, olaryň pikirlerini, isleglerini diňlän hem 
bolsa olara anyk jogap bermän yzyna iberdi. 
1916-njy ýylyň 25-nji iýunynda Rus Patyşasynyň yglan 
eden permany bilen 19-43 ýaş arasynda 500 müň ilatyň uruşda 
tylda hyzmat bermek üçin harby gulluga alynjakdygy bildirildi. 
Bu sanyň ýarysy gazaklaryň we gyrgyzlaryň ýaşaýan 
topraklardan (Uraldan 50 müň, Akmolladan 48 müň, 
Semipalatinskden 85 müň, Turgaýdan 60 müň) ýygnalmalydy.
1916-njy ýylyň 11-nji iýulynda Daşkentde ruslara garşy 
ilkinji aýaklanma habary özbek we gazak obalaryna ýaýrapdy. 
Şeýlelikde gazaklaryň arasynda ilkinji gozgalaň hereketleri 
Syrderýa oblastynyň Öwlüýä Ata uýezdinde başlady. Iýul-
awgust aýlarynda bu gozgalaň herekedi Ural oblastyna çenli 
baryp ýetdi. Gazaklar ýerli döwlet işgärleriniň üstüne hüjüm 
edip, maşgalalaryna degişli resminamalary ýok edýärdiler. 
Munyň netijesinde Ural oblastyndan äkidilmeli 50 müň 
adamdan diňe 18 müň kişi tylda hyzmat üçiň ýygnaldy. 
Akmolla (Akmolinsk) we Semeý (Semipalatinsk) 
oblastlarynda hem gozgalaň 1916-njy ýýlyň sentýabr aýynda 
başlap, noýabra çenli dowam etdi. sentýabr aýynda 
Semipalatinsk oblastynyň Zaýsan uýezdinde müň, Semeý 
uýezdinde 7 müň, Öskümen (Ust-Kamenogorsk) uýezdinde 3 
müň, Akmolinsk oblastynyň Akmolla uýezdinde 30 müň kişi, 


203 
Atbazar uýezdinde 7 müň, Kökçetaw uýezdinde bolsa 5 müň 
adam gozgalaň turzupdyr. Olaryň üstüne 11 pyýada we 11 atly 
goşun iberilipdir. Çaknyşyklarda her iki tarapdan hem köp pida 
bolupdyr. 
1916-njy 
ýylyň noýabr aýynda Semeýden 
ýygnanmaly 85 müň adamdan 50479, Akmolladan ýygnanmaly 
48 müň adamdan 27773 sanysy ruslara hyzmat üçin harby 
gulluga alyndylar. 
Iň esasy çaknyşyklaryň bolan ýerlerinden biri hem 
Turgaý oblastydyr. Bu ýerde ýaşaýan gypjak, naýman we Argun 
uruklary öz aralaryndaky gadymdan bäri dowam edip gelýän 
duşmanlyklaryny bir tarapa goýup, ruslara garşy birleşdiler. 
Ýöne harby güçler deň däldi. Top, pulemet we beýleki ýaraglar 
bilen üpjün rus goşuny bu gozgalaňy hem basyp ýatyrdy.
Agyr söweş salgytlaryna we harby hyzmata garşy çykyp 
gozgalaň turzan gazaklar ýeňildiler. Ruslar halkyň elindäki 
zatlary salgydyň öwezine alypdyr we 100 müň ýakyn gazagy-da 
tylda hyzmat üçin goşuna alypdyr. 40 müňe golaý hojalygy 
bolsa gozgalaňa gatnaşdy diýip çöle sürlüpdir. Gozgalaňlara 
ýolbaşçylyk edendikleri üçin ýüzlerje gazak öldürülipdir. 
Ruslaryň zulumyna çydap bilmedik 300 müňden gowrak gazak 
Hytaýa gidipdir. Gazaklardan alnan topraklar ruslara paýlanyp 
berlipdir.
Bu gozgalaňlaryň netijesinde iň uly zyýany çekenler 
Türki halklardyr. Elbetde rus hökümediniň hem maddy we 
ynsan ýitgileri ulydyr. Hat-da 1917-nji ýýlda rewolýusiýanyň 
çymagyny çaltlaşdyran sebäpleriň biri bu gozgalaňlardyr diýip 
bileris. Ýöne türki halklaryň ruslara garşy bu ýeňlişiniň iň esasy 
sebäbi, bu gozgalaňlary edara etjek merkeziň bolmaýyşydyr. 
Her uruk, her oba aýry-aýry, bir-birlerinden üzňe ruslara garşy 
göreşýardi…


204 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   70   71   72   73   74   75   76   77   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling