Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Gazagystan 1920-1938-nji ýyllarda


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet77/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Gazagystan 1920-1938-nji ýyllarda 
Sowet hökümediniň ýeňmegi bilen Gazagystanda dürli 
pudaklarda ösüş gazanmaklyk üçin alada edilmäge başlandy. 
1920-nji ýyldaky ilat ýazuwyna görä Gazak ASSR-iniň (1924-
nji ýylda goşulan Semireçýa we Syrderýa oblastlarynyň gazak 
sebitlerinden daşary) tutýan meýdany 2 000 000 km²-den 
gowrak bolup, ilaty 4 780 000-den gowrakdy. Bu ilatyň 50,3 %-
i gazaklar, 31,2 %-i ruslar, 14,4 %-i ukrainler bolupdyr. Ýagny 
köp milletli bir awtonom respublika bolupdyr. 
Ilatyň aglabasy oba hojalygy bilen meşgullanypdyr. 
Ilatyň bary-ýogy 8-9 %-i şäherlerde ýaşaýardy. Respublikanyň 
iň uly şäheri paýtagty Orenburg bolup, ilaty 108 000 bolupdyr. 
Beýleki möhüm şäherleri bolsa Semipalatinsk, Uralsk, 
Petropalowsk, Akmolinsk we Aktübinsk bolupdyr. 
Gazaklaryň 
esasy 
bölegi 
ekerançylyk 
bilen 
meşgullanypdyr. 1920-nji ýyldaky ilat ýazuwyna görä, 454 780 
gazak hojalygyndan 198 520-üniň özleriniň ekin meýdany 
bolupdyr. Bu ýerler ol diýen uly bolmafyk möçberlerde 
bolupdyr, ýagny 0,3 desýatinden 1 desýatine çenli ululykda 
bolup, maşgalany eklemäge ýeterlei däldi. Ekerançylyk bilen 
meşgullanýan gazak hojalyklarynyň aglabasy şol bir wagtyň 
özünde maldarçylyk işini hem alyp barypdyrlar. Rus we 
ukrainler bolsa esasan ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. 
1921-nji ýylyň ýaz aýlarynda Sowet hökümeti gazak 
topraklarynda ýer-suw reformasyny geçirmäge başlady. Bu 


212 
reformanyň netijesinde gazaklar ýuwaş-ýuwaşdan ekerançylyk 
bilen meşgullanmaga we oturymly bolmaga başladylar. 
Täze ykdysady durmuşa geçişiň dikeldiliş döwründe 
gazak topraklary guraklyk betbagtçylygyna uçrady. Munyň 
netijesinde örän köp mukdarda bugdaý hasyly ýok boldy. 
Guraklyk netijesinde otlar hem guradylar we mallar açlykdan 
gyrylmaga başladylar. Ýüz müňlerçe ilat açlykdan ejir çekdi. Bu 
ýagdaýda Moskwa hökümedi gyssagly kömek fondyny döretdi. 
1921-nji ýýlyň soňundan 1922-nji ýylyň ahyryna çenli 
Russiýa Federasiýasy gazaklara doly däl maglumatlara görä 
4 475 000 pud bugdaý dänesi, 183 000 pud kartoşka iberdi. 
1922-nji ýylyda Gazagsytanyň ekerenaçylyk topraklarynyň 60 
%-inden gowragyna Russiýadan gelen bugdaý däneleri ekildi. 
Şeýle-da Gazagystana onlarça medisina-iýmitlendiriş toparlary 
iberildi. 
Türkistan we Ukraina respublikalary hem Gazagystana 
uly ýardam berdiler. 1921-1922-nji ýyllarda Türkistan 
respublikasy Gazagsytana iki million put töweregi bugdaý 
iberdi we on müňlerçe ejir çeken ilaty kabul etdi. 
1921-1922-nji 
ýyllarda 
Gazagystanda 
kolhoz-
sowhozlarynyň sany azaldy. Hasylsyzlyk sebäbi olar dagadylar.
Gazagsytanda rewolýusiýa kanunçylygy berkeýärdi. 
1922-nji ýýlda Gazak ASSR-nde Russiýa Federasiýasynyň 
jenaýat, raýatlyk we beýleki kodeksleri işlemäge başladylar. 
Şeýle hem kazyýetçilikde reformalar edildi we ýeke-täk 
kazyýetçilik ulgamy ýola goýuldy. 
1925-nji ýylda Gazagsystanda mallaryň baş sany 22,5 
milliona çykdy. Pagta, günebakar we tütün ýaly senagatda 
işlenilýän ösümlikleriň ekilişi köpeldi. Sowet hökümeti halkyň 
70 % - 80 %-inden oba hojalyk salgytlaryny aýyryp, önümçiligi 
artdyrmaklygy maksat edindi. 


213 
1926-njy ýylda aulsowetlerde kommunsitleriň sany 7,3 – 
e çykdy. Kommunistleriň sany wolostnoý ispolkomlarda 45 %, 
uýezd we guberniýalarda bolsa 67,8 %-e çykdy. Ýagny Sowet 
hökümeti ýuwaş-ýuwaşdan Gazagystanda ornaşýardy. 1929-njy 
ýylda umuman gazak obalarynda sowetleşme meselesi 
tamamlandy.
1927-nji ýylda Gazagystanda Oktýabr rewolýusiyasynyň 
10 ýylygynda demirgazykdan (Semipalatinsk) günorta (Lugowa 
stansiýasy) 
Türkistan-Sibir 
demirýolunyň 
gurluşygyna 
başlandy. Bu demirýolunyň gurluşygynda 1929-njy ýylda 
39 500 adam işleýärdi. 1929-njy ýylda Türkistan-Sibir demirýol 
ulgamynyň tamamlanmagyna az wagt galmagy bilen 
Gazagystan ASSR-ni dolandyryjylar Alma-Ata göçdüler we 
Alma-Ata Gazagystanyň merkezine öwrüldi. 1930-njy ýylyň 
25-nji aprelinde Türkistan-Sibir demirýol ulgamy işlemäge 
başlady. Bu demirýolunyň gurulmagy gazaklaryň oturymly 
durmuşa geçmegine we täze şäherleriň ösmegine örän möhüm 
täsir etdi. 
1928-1929-njy ýyl bilen deňeşdirilende Gazagystanda 
1929-1930-njy ýllarda kömür 1,4 esse, nebit 1,3 esse, mis 2,5 
esse, polimetal 2,3 esse has köp çykaryldy. 1932-nji ýylda 
Karagandada 
721 900 
tonna kömür çykaryldy. Bütin 
Gazagystan boýunça bolsa 1932-nji ýylda 822 500 tonna kömür 
çykaryldy. Bu san 1913-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 esse 
köpdür.
1932-1933-nji ýyllarda Gazagystanda açlyk ýyllarydyr. 
Onuň sebäbi bolsa kolhozlaşdyrma netijesinde halkyň elinden 
alynan mallar bir nokatda ýygnanýardy. Bu ýagdaý bolsa 
mallary iýmit bilen üpjün etmek meselesini meýadana 
getirýärdi. Munyň netijesinde mallar ölmäge başladylar. 
Mallaryň ölmegi diýmek halkyň hem açlyga sezewar bolmagy 
diýmekdi. Çünki halkyň ýeke-täk eklenji bu mallarydy. Bu 


214 
heläkçilikde Gazagystanýn halkynyň 1 million bilen 2 million 
arasynda ilatynyň gyrlandygy barada maglumatlar bardyr.
1934-nji ýylda Gazagystanda 7300 sany kolhoz bardy. 
Bu kolhozlar oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň 85,7 %-
ini, 1935-nji ýýlyň 1-nji iýulyna çenli 90,7 %, 1937-nji ýylda 
bolsa 97,5 %-ini özünde jemleýärdi. 
1935-nji ýylyň oktýabr aýynda Gurýew – Orsk nebit 
geçirijisi işlemäge başlady. Uzunlygy we güýji boýunça bu 
nebit geçirijisi Baku – Batumi nebit geçirijisinden soňra SSSR-
de ikinji orunda durýardy. 
Gazagystan 1937-nji ýylda SSSR boýunça jemi senagat 
önümçiliginde 6-njy, gurşun çykarmakda 1-nji, nebit 
çykarmakda 2-nji, kömür çykarmakda 3-nji, elektrik 
energiýasyny öndürmekde 6-njy, däne ýygnamakda 3-nji, şeker 
şugunduryny ekmekde we ýygnamakda 4-nji, we pagta 
ýygnamakda 5-nji orunda durýardy. Bu döwürde mallaryň baş 
sany iki esse köpeldi we SSSR-de mallaryň baş sanynyň 
köplügi boýunça Gazagystan 3-nji orundady.
Sowet hökümedi ýyllarynda Gazagystanda esasanam 
agyr senegatda uly üstünlikler bolup geçdi. 1920-nji ýyl bilen 
deňeşdirlende 
1940-njy 
ýýlda 
Gazagsytanda 
kömür 
çykarmaklyk 82 esse, nebit çykarmaklyk 55 esse, elektro 
energiýasyny öndürmeklik bolsa 300 essedenem köp arttyryldy. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling