Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet75/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Alaş Orda partiýasy 
XX asyryň başynda gazak milliýetçileri tarapyndan 
gurulan ilkinji gazak syýasy partiýasynyň ady Alaşdyr. Alaş 
sözüniň manysyny ―söweş nagarasy‖ diýip beýan edýärler. 
Alaş hereketini başladanlar rus uniwersitetlerini we 
institutlaryny gutaran gazaklardyr. Bu hereketde baş rol 
oýunçylary: Alyhan Bökeýhan (1866-1937), Ahmet Baýtursun 
(1873-1937), Mirjakyp Dulat (1885-1937), Mustafa Çokaý 
(1890-1941), Muhtar Awezow (1897-1961) we beýlekiler. 
Rus Patyşalygynyň ýykylmagyndan soňra gazaklaryň 
öňde gelen şahsyýetleri ―Alaş orda‖ adyndaky milli bir partiýa 
gurdular. Alaş orda partiýasy oktýabr rewolýusiýasyndan soňra 
ilki bilen Orenburg we Urallardaky antibolşewik rus kazaklary 
bilen bilelikde hereket etdi. Ýöne bu ýagdaýda milli bir 
hökümetiň häkimiýeti diňe kagyzyň üstünde galýardy. Çünki 
Alaş ordanyň ýeterli sanda esgeri ýokdy we steplerdäki iç 
söweşei durduryp biljek güýji ýokdy. 1919-njy ýylyň mart 
aýynda Alaş ordanyň liderleri gyzyllara goşulma kararyny 
aldylar we Sowet hökümedi bilen ylalaşyga gol çekişdiler.
Alaş ordanyň liderleri 1928-nji ýýla çenli Komunist 
partiýanyň içinde möhüm rol oýnadylar. Olar gazaklaryň milli 
birligini goramak üçin köp meselerde Sowet hökümedi bilen 
pikir-düşünje taýdan çaknyşdylar. Netijede 1928-nji ýylyň aprel 
aýynda ―buržuwa milliýetçileri‖ diýlip günäkerlendiler we 
sürgün edildiler.
Medeniýet we ylym 
Gazagystanda rus dilinde bilim bermeklik ruslaryň 
basybalamalary netijesinde XVIII asyrda başlapdyr. Patyşa 
hökümeti gazaklaryň bilim alýan mekdeplerinde ruslaşdyrma 
syýasatyny esas maksat edip goýupdyr. 1786-njy ýylda Ombide 
(Omsk) we 1789-njy ýylda Orenburgda açylan hökümet 


205 
mekdepleri ilkinji rus mekdepleriniň başynda gelýärler. 
Esasanam gazak çagalaryna bu mekdeplerde döwlet 
hyzmatynda ulanmak üçin terjimeçilik ýa-da kätiplik bilimi 
berlipdir. 1825-nji ýylda Orenburgda Nepluýew harby mekdebi 
açyldy, 1846-njy ýýlda Omsk harby mekdebiniň düýbi 
tutulypdyr. Bu harby mekdeplerde rus hökümeti üçin harby 
hünärmenler we işgärler ýetişdirilipdir.
Bu döwürlerde gazak öňde gelenleri-de bilim meselesi 
bilen çuňňur gyzyklanypdyrlar. 1841-nji ýýlda Jahangir han 
Bökeý ordasynda (Han ordasy) ilkinji gezek döwrebap bir 
mekdep açypdyr. Bu mekdepde okuwçylara rus, türk we 
gündogar dilleri, matematika, taryh, geografiýa Yslam dini 
dersleri okadylypdyr.
XIX asyryň ikinji ýarymynda gazak topraklarynda rus 
mekdepleriniň sany köpelipdir. Ýöne gazak çagalarynyň 
aglabasy musulman mekdeplerinde ýa-da medreselerde bilim 
alýardylar. Munyň öňüni almak üçin Patyşa hökümeti 
musulman mekdepleriniň açylamygyny kynlaşdyrýan düzgünler 
geitirpdir. Hökümet organlary musulman mekdeplerini ýokary 
derejede berk gözegçilikde saklapdyr.Gazak çagalarynyň bu 
mekdeplere girmegi, rus edaralarynyň rugsat bermegi şertine 
baglanypdyr. Çagalaryny bu mekdeplerde birugsat okadanlara 
pul we türme jezalary berlipdir.
Ruslaryň bu öňüni alyjy çärelerine garamazdan 
Gazagystanyň her sebitinde diýen ýaly, esasanam Yslam dininiň 
täsirli ýeri bolan Gazagystanyň günortasynda musulman 
mekdepleri açylmaga dowam edipdir.
Gazaklaryň daşardan gelenlere garşy göreşleri halk 
edebiýatynda-da öz beýanyny tapypdyr. Gazak halk 
edebiýatynyň baş temasy galmyklara garşy göreşdir. Bu temany 
işleýänleriň başynda 1675-1768-nji ýyllarda ýaşap geçen 
Aktamberdi Jyraw, Ümtebaý (1706-1178) we Tatikara (XVIII 


206 
asyr) ýaly ozanlaryň atlaryny agzamak mümkündir. Emma 
XVIII asyr halk edebiýatynyň iň öňde gelen wekili Jyraw Buhar 
Kalkamanoglydyr (1668-1781). Ol Russiýa bilen Hytaýyň 
arasynda ökdelik bilen syýasat alyp baryp, garaşsyzlygyny 
goramagy başaran Abylaý hanyň maslahatçylaryndan biri 
bolupdyr. Buhar Jyraw öz eserlerinde bir tarapdan galmyk 
çozuşlaryna garşy edilen göreşi dillendiripidir, beýleki tarapdan 
bolsa Russiýa tarapyndan gelýäň howpa garşy halky birleşmegä 
çagyrypdyr. Ol ahlaki gymmatlyklara aýratyn üns beripdir. 
Hany halka garşy adalatly bolmaga çagyrypdyr. 
XIX asyr halk edebiýatynyň baş temasy ruslaryň 
basybalyjykly çozuşlary bolupdyr. Akyn diýlip atlanyrylan 
gazak bagşylary ruslara garşy bolan göreşleri, gazak 
topraklarynyň nähili talaň edilendigini aýdymlar bilen beýan 
edipdirler. Bu akynlardan (bagşy) Nysanbaý Akyn 1836-1847-
nji ýyllarda rus basyblamalaryna garşy çykan Kenansary han 
liderligindäki gazaklaryň azat edijilik hereketini dessanlaşdyran 
meşhur bagşydyr.
XIX asyrda ýaşan gazak bagşylary azatlyk edijilik 
göreşini şygyrlarda beýan etmek bilen çäklenmändirler, eýsem 
özleri 
hem 
söweş 
meýdanlarynda 
gahrymanlyklar 
görkezipdirler, azatlygyň simwoly bolupdyrlar. 
XIX asyryň ikinji ýarysynda gazak edebiýatynda yslamy 
akymyň peýda bolandygyny görmek bolýar. Bagşylar öz 
eserlerinde Yslamyň kanunlaryna we ahlaklylyga uly orun 
beripdirler. 
XIX asyryň ikinji ýarymynda Ýewropalylaşma tarapdary 
bolan gazak intelligensiýasy peýda bolmaga başlady. Olaryň 
arasynda Çokan Welihan, Ibraýym Altynsary we Abaý 
Kunanbaýýň aýratyň ýeri bardyr. Bu üç gazak öňde gelenleri 
bilim, pedagogika we edebiýat bilen baglanyşykly eserler 
ýazypdyrlar. 
Olar 
yza 
galaklykdan 
we 
garankydan 


207 
dynmaklygyň ýeke-täk ýolunyň ylym we döwrebap bilim bilen 
mümkün boljakdygyny halka düşündirdiler. Şeýle hem bu gazak 
intelligensiýasy döwrebap günbatar meteniýetine barmaklygyň 
rus dili we edebiýaty bilen mümkün boljagyny aýdypdyrlar. 
Abylaý hanyň agtygy bolan Çokan Kökçetawdaky 
Kusmuryb obasynda dünýä indi we 1865-nji ýylda Taldykorgan 
welaýatyndaky Altyn Emelde dünýäden ötüpdir. Çokan 
Peterburgda bolan ýýllarynda (1860-1861) rus ýazarlary we 
akyldarlary bilen dostluklar gurupdyr, olaryň pikirleriniň 
täsirinde galypdyr. 
Çokan 
Welihanow 
gyrgyzlaryň 
meşhur 
Manas 
dessanynyň bardygyny ilkinji bolup habar beren alym bolmak 
bilen, türki halklaryň medeniýetine saldamly goşant goşandyr. 
Şeýle hem Welihanow Marko Polodan soňra Kaşgara (Hytaýyň 
günbatary) gidip, ol yerde ylmy işler amala aşyran ilkinji alym, 
etnograf, taryhçy, gündogarşynas we folklorjydyr. 
1850-nji ýylda dünýä inen Ybraýym Altynsary 
Orenburgda gazak çagalary üçin açylan ýedi ýyllyk rus 
mekdebini 1857-nji ýylda tamamlady. Altynsary gazaklarda 
ilkinji döwrebap mekdep ulgamynyň düýbüni tutujydyr. Ol 
Patyşa hökümetiniň garşy çykmagyna garamazdan halkdan 
ýygnan pullary bilen 1864-nji ýýlda Torgaýda gazak çagalary 
üçin başlangyç mekdep açdy. Altynsary gazak gyzlarynyň hem 
ylym-bilim almagy üçin uly alada etdi we onuň tagallalary bilen 
1888-nji ýylda gyzlar üçin mekdep-internaty açyldy.
Altynsary gazak topraklaryny basyp alan ruslar bilen deň 
hak we hukuga eýe bolmak üçin diňe ylym-bilimli nesli kemal 
getirmeklidigine ynanypdyr. Ol pedagogikadan gazakça kitaplar 
ýazypdyr. Ol ilkinji gazakça grammatika kitabyny we ilkinji 
gazakça-rusça sözlügini taýýarlapdyr. 
1845-nji ýylda dünýä inen Abaý (Ybraýym) Kunanbaý 
döwrebap gazak edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Başlangyç 


208 
bilimini ýörite mugallymlardan aldy, soňra medresede bilim 
aldy. Ol gazaklaryň adaty durmuşlaryny tankyt edýän liriki 
goşgular ýazdy. Abaýyň bu goşgulary gazak steplerinde 
ýaýrapdyr we ýat tutulypdyr. Onuň eserleri gazaklary döwrebap 
ylym we bilim almaga, diňe haýwanjylyk bilen meşgul bolman 
täze hünärler gazanmaga, senetçilk we ekerançylyk bilen 
meşgul bolmaga, söwda etmeklige çagyrýardy. 
Çokan Welihan, Ybrayym Altynsary we Abaý 
Kunanbaýyň 
özlerinden 
soňra 
gelen 
gazaklar 
intelligensiýaysnyň üstünde uly täsiri bolupdyr. Esasanam bu 
ýagdaý Alyhan Bökeýhan (1866-1937), Ahmet Baýtursun 
(1873-1937) we Mir Ýakup Dulatyň (1885-1935) liderligindäki 
intelligensiýa toparynyň işlerinde we eserlerinde aýdyň 
görülipdir. 
Gazaklaryň ilkinji gazetleri XIX asyryň ikinji ýarymynda 
peýda bolmaga başladylar. 1870-nji ýylyň 28-nji martyndan 
başlap ―Türküstan welaýatynyň gazeti‖, 1888-1902-nji ýyllarda 
bolsa ―Dala welaýatynyň gazeti‖ çykdy. Ýöne bu gazetleriň 
ikisi hem Patyşa Russiýasynyň resmi organlarydy. 
Ýöne gazak metbugatynyň hakyky doguşy 1905-nji 
ýyldaky rus rewolýusiýasyndan soňra bolupdyr. Gazak 
intelligensiýasynyň 
çykaran 
ilkinji 
gazetleri: 
―Serke‖
(Peterburg, 1907-nji ýyl), ―Gazak‖ (Troýsk, 1907) bolupdyr. 
Ýöne bu gazetleriň diňe bir sany çykypdyr, şol sebäpli hem 
halkyň üstünde täsiri bolupdyr diýsek ýalňyş bolar. Ondan soňra 
1911-nji ýylda ―Gazagystan‖ atly bir gazet çykdy. Bu gazediň 
ilkinji dört sany Ordada (Bökeý Orda) 1911-nji ýylda çykan 
hem bolsa, soňraky iki ýylda gadagan edildi. 1913-nji ýylda 
täzeden çykmaga başlady we jemi 14 sany çykdy. Bu gazet 
gazak aristokraty Soltan Şahyngereý Bökeýogly tarapyndan 
çykarylypdyr. 


209 
1911-nji ýyldan başlap Troýskda gazakça ―Aý Gap‖ atly 
bir žurnal çykmaga başlady we 1915-nji ýyla çenli 88 sany 
çykypdyr. Bu žurnal döwrebap gazak edebi diliniň 
kämilleşmegine uly goşant goşupdyr. 
Gazak metbugatynyň iň esasy gazeti ―Gazak‖ bolupdyr. 
1913-nji ýylyň martndan 1918-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli 
Orenburgda hepdelik gazet bolup çykypdyr. Tiražy sekiz müňe 
çenli çykan bu gazeti çap eden Mustafa Orazaýogly, baş 
ýazarmany bolsa Ahmet Baýtursun bolupdyr. ―Gazak‖ gazeti 
gazaklaryň milli, syýasy we sosial hemme meseleleriň üstünde 
durlupdyr we çözmek üçin ýollar gözlenipdir. Bu gazet 1917-nji 
ýylyň iýul aýyndan başlap gazaklaryň milli partiýasy bolan 
Alaşyň metbugat organy boldy. ―Gazak‖ gazeti 1918-nji ýylda 
Sowet hökümedi tarapyndan ýapyldy. 
Bulardan başga-da dürli ýyllarda gazaklar metbugatda 
gazetdir-žurnallary çykarypdyrlar. Ýöne biz olaryň ilkinjileri we 
iň esasylarynyň üstünde durmaklygy makul bildik. Umuman 
aýdaymyzda gazaklar öz milliliklerini goramak ugrunda 
medeniýetde we ylymda halkyň derejesini ýokary götermek 
ugrunda göreşipdirler.


210 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling