Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gazak hanlygyny täzeden dikeltmek ugrundaky göreş: Kenansary hanyň gozgalaňy (1836-1847)
Uly jüz
1730-njy yyldaky han saýlawyndan soňra Uly jüziň hany Jolbarys han oýratlara tabyn bolmaklygy kabul etdi we olara salgyt bermäge başlady. Abylaý hanyň döwründe Uly jüz oýratlaryň häkimiýetinden dyndy we Abylaý hanyň häkimiýetine girdi. Abylay hanyň ölüminden soňra Uly jüz Orta jüzden aýryldy we aýry bir hanlyk boldy. Emma başyndaky hanlary Hytaýyň häkimiýetini kabul etmeklige dowam etdiler. XIX asyryň başlarynda Kokant hany Alym hanyň döwründe (1801-1809) Uly jüz topraklarynyň uly bir bölegi Kokant hanlygynyň edarasyna geçdi. Alym hanýn yerine geçen Omar hanyň döwründe (1809-1822) bolsa Gazak hanlygynyň öňki paýtagty Türkistan şäheri hem Kokant hanlygyny häkimiýetine girdi. Şeýlelikde Orta jüzde hanlyk dolandyrylyşy soňlandy. Uly jüziň hanlyk edarasyna girmeýän sebitleri bolsa aýry-ayry soltanlar tarapyndan dolandyrylmaga başlandy. Gysga bir wagtdan soňra, ýagny 1854-nji ýylda bu sebitle ruslaryň häkimiyetine girdi. Şol ýyl ruslar häzirki Almaty şäheriniň ýerinde gazak steplerini basyp almak üçin dikilen iň soňky galany, ýagny Wernyý galasyny gurdular. Şeýlelikde Uly jüz düýbünden ýykyldy. 196 Gazak hanlygyny täzeden dikeltmek ugrundaky göreş: Kenansary hanyň gozgalaňy (1836-1847) Ruslar Orta jüzde hanlyk dolandyryşyny ýatyranlaryndan soňra berektli topraklara harby galalar gurup, Orta jüzin topraklaryny gözegçilikde saklamaga başladylar. Bu yagdaýa garşy Orta jüzde ruslara garşy gozgalaňlar başlady. Bularyň iň möhümi bolsa Kenansary han gozgalanydyr. Kenansary iň soňky meşhur gazak hany Abylaý hanýn agtygydyr. Ol ilki bilen özüne tabyn uruklara daýanyp güýçli bir goşun gurdy we özüni Orta jüz gazaklarynyň hany diýip yglan etdi. Onuň maksady Gazak hanlygyny täzeden gurmakdy. Kenansary han bu maksat bilen ilki Russiýa ýüz tutup, daşary syýasatda ruslara bagly bir Gazak hanlygynyň gurulmagyny talap etdi. Emma Russiýa onuň bu talabyny ret etdi we Kenansary han Russiýa garşy gozgalaň edip ýaragly azat edijilik göreşini başlatdy (1836). Kenansary han 1838-nji ýylda öz üstüne iberilen rus goşunlaryny ýeňdi we ruslaryň elindäki Torgaý we Yrgyz sebitlerini yzyna aldy. Onuň bu ýeňşi gazaklaryň arasyndaky abrayyny artdyrdy, gazaklar ruhy taýdan galkyndylar. Kenansary han özüne tabyn gazak topraklarynda täzeden döwlet apparatyny gurdy. Günortadaky Hywa we Buhara hanlyklary hem onuň hanlygyny kabul etdiler. Bu wakalaryň netijesinde ruslar gazak stelerindäki häkimiýetlerini ýitirmäge başladylar. Ýöne 1840-njy ýylyn gyşynda uly bir haýwan gyrgynçylygy boldy. Haýwanlaryň ölümi Kenansary hanyň güýjüni peseltdi. Bu ýagdaýda Kenansary han günorta Syrderýanyň boýuna çekildi. Bu ýerde wagty ruslar Kenansary hanyň ýanyna ilçiler iberip, oňa Orenburgyň töwereginde giňiş daçalar, willalar beriljekdigini ýöne munyň garşylygynda azat edijilik göreşini bes etmekligi teklip etdiler. Kenansary han bu 197 teklipleri düýpgöter ret etdi. Ol gaýtam Hywa hanlygyndan goldaw alyp, ruslaryň goşunynyň üstüne we galalaryna çozdy. Kenansary han käbir kiçeňräk ýeňişler gazan hem bolsa, ruslaryň topçu goşunyna ýeňilip, ýene günorta, Syrderýa sebitine çekildi. Ýöne ruslaryň yzyndan gelmegi netijesinde Kenansary han, 1846-njy ýylda Gazagystanyň gündogaryna Çu derýasynyň sebitine gitdi. Onuň maksady bu ýerde güýç ýygnap, täzeden ruslara garşy söweşmekdi. Hakykatdanam Uly jüze degişli uruklar Kenansary hana tabynlyklaryny bildirdiler we ony han kabul etdiler. Kenansary han ruslara garşy hytaýlylaryň goldawyny almak maksady bilen bu ýerde, Hytaý bilen gatnaşyk gurdy. Kenansary han Çu derýasy sebitine goňşy ýaşaýan gyrgyz uruklaryny hem ruslara garşy göreşe çagyrdy. Ýöne bu gyrgyz uruklary bir tarapdan ruslaryň, beýleki tarapdan bolsa Kokant hanlygynyň itergisi bilen Kenansary hana garşy çykdylar. Kenansary han we jigisi Nawryzbaý, gyrgyzlaryň tarapyndan garaşylmadyk pursatda iki gyrgyz uruk begi tarapyndan duzaga düşürilip öldürildiler (1847-nji ýylyň tomusynda). Kenansary han we Nawryzbaýyň ölümi bilen olara bagly goşun dagady we Gazak hanlygyny täzeden dikeltmek ugrundaky azat edijilik hereketi gutardy. Kenansary han gozgalaňynyň netijelenmesinden soňra, 1854-nji ýylda Rus Patyşasy Nikolaý I-niň permany bilen gazak topraklarynyň Russiýanyň häkimiýetine girendigi we gazaklaryň indiden beýläk Russiýanyň kanunlaryna tabyndyklaryny yglan edildi. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling