Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gazak hanlygynyň dargamagy
Aktaban şubyryndy Ine gazaklaryň şeýle bölünen wagtynda, ýagny 1723-nji ýylyň ýazynda oýratlar Gazagystanýn günortasyna duýdansyzlykda çozdular. Oýratlar Gazagystanyň günortasyny bütünleý basyp alyp, taladylar. Gazak hanlygynyň öňki paýtagty Türkistan, Syrderýanyň boýundaky Saýram, Sawran, Otrar, Sıganak we Daşkent ýaly şäherleri basyp alyp, talaň etdiler. Şeýlelikde Gazagystanýn günortasy oýratlaryň eline geçdi. Oýrat goşunynyň öňünden gaçan gazaklar demirgazyga we demirgazyk-günbatara, ýagny Gazagystanyň asyl düzlüklerine gaçdylar. Bu göçhä-göçlükde köp sanly gazak açlyk, suwsuzlyk, soğuk we duşman ýaraglaryndan öldüler. Esasanam Gazagsytanyn ortasynda we günortasynda ýaşaýanlar uly bir betbagtçylygy başlaryndan geçirdiler. 1723-1725-nji ýyllarda bolup geçen bu betbagtçylyga gazak taryhynda ―Aktaban 192 şubyryndy‖ (aýak dabanlary ap-ak bolýança taýpalar bolup göçhä-göçlük) diýilýär. Emma gazaklar demirgazyga göçen hem bolsalar, oýratlar bilen göreşe dowam etdiler. 1728-nji ýylda bolan çaknyşyklaryň birinde Bulandy deýasynyň boýunda gazaklar oýrat goşunyny ýeňlişe sezewar etdiler. Bu ýeňiş gazaklary bir- birlerine jebisledi we ruhy taýdan güýç berdi.1729-njy ýylda bu sapar Balhaş kölüniň günortasynda gazaklar bilen oýratlar arasynda uly bir söweş boldy. Bu iki söweşiň netijesinde oýratlaryň basyp alan gazak topraklarynyň aglabasy yzyna alyndy. Gazaklaryň oýratlara garşy gazanan ýeňişlerinde gazak gahrymanlary orta çykdy. Karanbaý batyr, Bögenbaý batyr, Janybek batyr, Sabalak batyr bularyň esasylardyr. Gazak halky bu batyrlaryny unutmady we olar üçin dessanlar düzdüler. Gazak hanlygynyň dargamagy 1730-njy ýylda Bolat hanyň ölmegi bilen ýerinde ogly Abulmenbet han boldy. Emma kiçi jüziň uly bir bölegine baştutanlyk eden Abulkaýyr han Abulmenbet hanyň hanlygyny kabul etmedi. Munyň netijesinde Gazak hanlygy sözüň doly manysynda kiçi-kiçi hanlyklara bölündi. 1730-njy ýyldan soňra gazak taryhy, Gazak hanlygy bolmakdan çykdy we üç gazak jüziniň taryhyna öwrüldi. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling