Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet55/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň 
döredilmegi 
Russiýanyň beýleki halklary bilen birlikde Türküstanyň 
zähmetkeşleri hem oktýabr rewolýusiýasynyň ýeňmegi bilen öz 
milli sowet döwletlini we halk sowet respublikasyny döretmäge 
mümkinçilik aldylar. 1918-nji ýylyň 20-nji aprelinden 1-njy 
maý aralygy Daşkentde Sowetleriň V gurultaýy bolup geçýär. 
Onuň gün tertibindäki esasy mesele Türküstan Awtonom Sowet
Sosialistik Respublikasyny döretmek meselesi bolupdyr. 
Gurultaýda Sowet hökümetiniň adyndan Sowet hökümetiniň 
adatdan 
daşary 
komissary 
we 
Russiýa 
Bolşewikler 
Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wekili, 
bolşewik P.A. Kobozýew çykyş edipdir. Ol öz çykyşynda 
gurultaýa gatnaşyjylara ýüzlenip, Türküstanda milli meseläni 
çözmegiň wagtynyň gelendigini aydypdyr. 
1918-nji ýylyň 30-nji aprelinde gurultaý RSFSR-iň 
düzüminde 
Türküstan 
Awtonom 
Sowet 
Sosialistik 
Respublikasynyň döredilýändigi baradaky karary kabul edipdir 
we Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasy barada 
düzgünnamany tassyklapdyr. Gurultaý Türküstan Awtonom 
Sowet Sosialistik Respublikasynyň Merkezi Ispolnitel 
Komitetini (MIK) we Halk Komissarlar Sowetini (HKS) 


155 
saýlapdyr. Döwlet guramalarynyň düzümine ilkinji gezek ýerli 
milletleriň wekilleri hem saýlanypdyr. 
Merkezi Ispolnitel Komitete ýerli milletden ýedi we 
Sownarkoma 4 adam (ýustisiýa, içeri işler, millet we saglygy 
saklaýyş halk komissarlar sowetiniň başlyklary) saýlanypdyr. 
Gurultaý 
şeýle hem Türküstanyň Respublikasynyň 
kanunçykaryjylyk, öz territoriýasyna we onuň ýerine, suwuna, 
ýerasty baýlyklaryna özbaşdak eýelek etmek hukugyny
wezipelerini we oňa bellenilýän zähmet haklaryny we 
beýlekileri dikeldipdir. Türküstan halklary Sowetleriň V 
gurultaýynyň awtonom respublika döretmek baradaky Kararyny 
uly şatlyk bilen garşylapdyrlar. 1918-nji ýylyň 1-nji maýynda 
Sowet Türküstanyň şäherlerinde we obalarynda köp adamly 
demonstrasiýalar we ýygnaklar geçirilip, respublikanyň 
döredilmegini goldap çykyş edipdirler. 
1918-nji ýylyň 1-nji iýunynda Daşkentde Türküstanyň 
bolşweikler guramasynyň birinji uçreditel gurultaýy bolup, oňa 
on iki partiýa guramasyndan (Daşkent, Samarkant, Guşgy, 
Kokant, Merw, Çärjew, Hojent, Perow, Gyzylarbat, 
Çerniýaýew, Aktýubin we Çelkar) 43 wekil gatnaşypdyr. 
Gurultaýyň wekilleri Türküstan kommunistik partiýasynyň 
Merkezi Komitetini döredipdir. 
Onuň 
düzümine 
W.D.Wotinsew, 
P.A.Ýermolow, 
A.F.Solkin, K.Ýe.Sorowkin, N.Hojaýew, M.N. Troiskiý, I.O. 
Tobolinden ybarat ýedi adam giripdir. Gurultaýda Türküstan 
Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň we Milletler 
boýunça Halk Komissarlar Sowetiniň organy bolan, ýerli dilde 
çykýan "Iştrakiýun" (kommunist) atly gazeti çykarmak barada 
karar kabul edilýär.1918-nji ýylyň oktýabrynda Sowetleriň VI 
gurultaýy Türküstan ASSR-nyň ilkinji konstitusiýasyny kabul 
edýär. 


156 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling