Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet52/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Medeniýet we ylym 
XIX 
asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda 
Özbegistanda bilim ösüpdir. XIX asyryň ahyrlarynda ýerli ilat 
başlangyç bilimi mekdeplerde, ýokary we orta bilimi 
medreselerde alypdyrlar. Olarda dersleri ymamlar ýa-da 
metjidiň beýleki gullukçylary beripdirler. Mekdeplerde 
okatmaklyk ýönekeý dini bilim bermeklik bilen çäklendirilipdir. 


145 
Ýagny Gurhanyň arapça tekstini-ýazgylaryny okamak we 
musulmanyň esasy borçlaryny bilmek bolupdyr. 
Şäher mekdeplerinde dini okuwlardan başga-da umumy 
bilimiň ýönekeý esaslary hem öwredilipdir.Okuwçylar hat 
ýazmaklygy we hasaplamaklygy öwrenipdirler, belli şahyrlaryň 
eserlerini okapdyrlar. Bu hili mekdeplerde gurply ene-atalaryň 
çagalary okapdyrlar.Okuwlaryny gutaryp olar alan bilimlerini 
söwdada, 
hünärmentçilik 
ussahanalarynda 
ulanypdyrlar. 
Käbirleri bolsa, ussat hatdatlar bolup ýetişipdirler. Beýleki 
birleri bolsa, medereselere giripdirler. 
Medrese ýokary musulman mekdebi bolup, onda talyplar 
dini filosofiýany, musulman hukuklaryny, arap grammatikasyny 
we beýlekileri öwrenipdirler.Medresäni gutaranlar ders 
okatmaga hukuk alypdyrlar. Mekdeplerde we medreselerde diňe 
oglanlar okadylypdyr. Şäherlerde käbir başlangyç dini bilimleri 
gyzlara hem öwredipdirler. 
Mekdeplerde we medreselerde özbek, arap, parsy-täjik 
dillerinde 
okadylypdyr.Merkezi 
Aziýanyň 
Russiýa 
birikdirilmegi bilen mekdeplerde we medreselerde käbir 
özgerişlikler geçirilýär.Musulman mekdepleri üçin ýörite çap 
edilen okuw kitaplary peýda bolýar. Kazandan Gurhanyň çap 
edilen görnüşi, Hindistandan we Eýrandan şahyrlaryň litografik 
(basma) ýygyndylary getirilipdir. 
Mekdepler üçin litografiki okuw kitaplaryny çykarmak 
Daşkentde hem guralypdyr.Patyşa hökümeti musulman 
mekdeplerindäki okuwlaryň alnyp barlyşyna goşulmandyr. XX 
asyryň başlaryndan başlap, medreselerde rus dili sapaklaryny 
girizmek barada haýyşlar gelip başlapdyr.Şoňa görä hem 1913-
1917-nji ýyllarda käbir medreselerde rus dili sapaklary 
girizilipdir.XIX asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap täze usullar 
boýunça okadylýan mekdepler hem peýda bolup başlapdyr. 
Şeýle mekdepler ilkinji gezek Fergana jülgesinde peýda 


146 
bolupdyr. Täze usulda okadylýan mekdepler öz öňlerinde şu 
aşakdaky wezipeleri goýupdyrlar: birinjiden, ýaş nesle iş-
durmuş tejribesinde zerur bolýan bilimleri bermekden; 
ikinjiden, 
okatmaklygyň 
häzirkizaman 
usullaryny 
peýdalanmakdan ybarat bolupdyr. 
Bu mekdeplerde orta asyr eýýamyndaky ýaly okuwçylar 
aýry-aýrylykda okadylman, eýsem okuwçylaryň toplanan 
görnüşi bolan synplarda (klaslarda) okadylypdyr. Klaslarda 
geografiýa kartalary, globuslar we beýleki görkezme esbaplary 
peýdalanylypdyr. 
Öňki okuwçylar ýerde oturyp okan bolsalar, indiki 
okuwçylar partalarda oturypdyrlar. Okuwçylara her dersiň 
arasynda arakesme berlipdir. Okuwçylara ten jezasyny bermek 
gadagan edilipdir. Emma bulara garamazdan täze mekdeplerde 
berilýän bilim hem doly öz maksadyna ýetmändir. 
Okatmaklyk 
döwri dört ýyldan aňry geçmändir. 
Mekdepleriň sany az bolupdyr ýa-da ýeterlik bolmandyr. Diňe 
Daşkent, Kokant we Samarkant şäherleriniň her birinde täze 
usul boýunça okadylýan mekdepleriň biri bolupdyr.
Olarda hem okuwyň möhleti alty ýa-da ýedi ýyl bolupdyr. 
Bu mekdeplerde ýeke-täk ylmy ders arifmetika bolupdyr. Patyşa 
hökümeti täze usulda okadylýan mekdeplere rus diliniň 
girizilmegine garşy bolupdyrlar. Sebäbi, ol mekdepler rus-
tuzem mekdepleri bilen bäsleşipdirler.
Rus-tuzem mekdeplerinde okuwçylar okuw döwrüniň 
ýarsynda rus mugallymlary bilen rus dilini, arifmetikany we az 
mukdarda dünýäni öwreniş derslerini öwrenen bolsalar, beýleki 
böleginde köne musulman mekdebinde öwrenilýän dersleri 
öwrenipdirler. 
Rus-tuzem mekdeplerinde diňe oglanlar okadylypdyr. 
Gyzlary ene-atalary bu mekdebe bermändirler. 1903-nji ýylda 
Türküstanyň pedagogika gurnagy Daşkentde rus-tuzem aýallar 


147 
mekdebini açypdyr. Emma ol bary-ýogy iki ýyldan soň 
ýapylypdyr. Rus diline bolan isleg gitdigi saýyn artypdyr. 
Ulular üçin rus dilini öwredýän kurslar gurnalypdyr. 1909-
1911-nji ýyllarda diňe Daşkentde şeýle kurslarda ýylda 150 
adam okadylypdyr. 
Türküstanda ýerli ilata garanyňda rus ilatyna mekdep bilimi 
has oňat berlipdir. Türküstanda ilkinji rus mekdebi 1866-njy 
ýylda Daşkentde açylypdyr. Ondan iki-üç ýyl geçenden soňra 
beýleki şäherlerde hem açylypdyr. Rus mekdeplerinde ýerli 
milletleriň çagalarynyň uly bolmadyk sany okapdyr.1876-njy 
ýylda Daşkentde erkekler we aýallar gimnaziýasy, 1894-nji 
ýylda bolsa, uçilişe açylýar. Bu okuw jaýlary döwlet tarapyndan 
maliýeleşdirilipdir. 
1879-njy 
ýylda Daşkentde Türküstan mugallymlar 
seminary açylyp, onda okuwçylaryň ene dilini bilýän başlangyç 
klaslaryny 
okatmaklyk 
üçin 
ýörite 
mugallymlar 
taýýarlanylypdyr. Mekdepleriň ulgamy gitdigiçe giňelipdir. 
1905-1916-njy ýylllarda orta mekdepleriň ulgamy iki esseden 
gowrak köpelipdir. Olar ähli uýezd merkezlerinde diýen ýaly 
bolupdyr. 
Merkezi Aziýanyň Russiýa birikdirilmegi netijesinde, XIX 
asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda syýasy, ykdysady, 
sosial özgertmeler bolup geçýär. Bu bolsa, edebiýatda we 
jemgyýetçilik aňynda progressiw taglymatlaryň ösmegine 
amatly şertleri döredipdir.
XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Donişiň, 
Furkatyň, Mukymyň we beýlekileriň işlerinde halk köpçüliginiň 
bähbidini goraýan taglymatlar peýda bolup başlaýar. XIX 
asyryň ahyrlarynda Özbegistanda progressiw taglymatyň wekili 
hökmünde Ahmet Doniş (1827-1897) belli ýazyjy we akyldar 
hökmünde öňe çykýar. Ol Buharada ýaşapdyr we zähmet 
çekipdir. 
Ol öz ýurdunyň yza galmagynyň sebäplerini, ýurtda emiriň 
alyp barýan adalatsyz, jenaýatçylykly syýasatynda görüpdir. Ol 
öz eserlerinde zähmetkeş halkyň we ylmyň hem-de medeniýetiň 


148 
wekilleriniň agyr durmuşyny beýan edipdir. Ol Buhara 
hanlygynda reforma geçirmegiň taslamasyny düzüpdir. Ilkinji 
nobatda adalatly döwlet gurluşyny berkarar etmegi, 
ekerançylygy ösdürmegi, suwaryş desgalaryny giňeltmegi we 
kämilleşdirmegi, peýdaly ýerasty baýlyklary öwrenmegi hem-de 
peýdalanmagy öňe sürüpdir.
Ahmet 
Doniş magaryfy progressiw ösüşiň esasy 
hasaplapdyr. Zakirjan Halmuhammedowyň (Furkat), (1858-
1909) hem Ahmet Doniş ýaly XIX asyryň ahyrlarynda XX 
asyryň başlarynda Özbegistanda progressiw pikirleriň 
ösmeginde bitiren hyzmatlary uludyr. Furkatyň goşgularynda 
feodal yza galaklyk berk tankyt edilip, beýleki halklaryň 
medeniýeti bilen ýakynlaşmak syýasaty öňe sürülipdir.
Ol Nowaýynyň we Puşkiniň taglymatlaryny öz eserlerinde 
ýarag edinipdir. XX asyryň başlarynda Özbegistanda 
progressiw pikiriň we edebiýatyň ösmeginde Hamza Hekim-
zade Nyýazy uly rol oýnapdyr. Ol 1889-njy ýylda Kokantda 
tebip maşgalasynda eneden dogulýar. 1910-njy ýylda 
mugallymçylyk edip başlapdyr. Hamza Kokantda mekdep açyp, 
onda bilim bermekligi guramak bilen birlikde edebi eserleri 
çykarmaklygy hem giňden alyp barypdyr. 
Hamzanyň eserlerinde rewolýusion pikirler giňden öňe 
sürlüpdir.Sowet häkimetiniň ýeňmegi bilen Hamza Hekim-zade 
Nyýazy halk köpçüliginiň bähbidi ugrunda yzygiderli göreş 
alyp barypdyr. 
Merkezi Aziýanyň Russiýa birikdirilmegi ol ýerde ylmyň 
ösmegine hem zerur şertleri döredipdir. Merkezi Aziýany 
öwrenmekde rus alymlarynyň bitiren hyzmatlary uludyr. 
Merkezi Aziýanyň fizika-geografiýasyny öwrenmekde belli rus 
zoology, geografiýaçysy hem-de syýahatçysy N.A. Sewersew 
(1827-1886) 
Pamir daglaryny öwrenmekde, Týan-Şan 
daglaryny öwrenmekde bolsa belli rus geografiýaçysy P.P. 
Semýonow-Týan-Şanskiý (1827-1914), Türküstanyň tebigatyny 


149 
öwrenmekde rus syýahatçysy A. P. Fedçenko (1844-1873) uly 
hyzmatlary bitiripdirler. 
Ylym adamlaryna kömek bermek maksady bilen 1870-nji 
ýylda Daşkentde Türküstan kitaphanasy açylýar. Kitaphana 
açylan mahaly onda bary-ýogy 1700 tom bolan bolsa, 1917-nji 
ýylda 80.000 müň tom kitap bolupdyr. Özbegistanyň taryhyny 
we 
arheologiýasyny 
öwrenmeklik 
bilen 
birlikde 
etnografiýasyny hem giňden öwrenipdirler. Bu ugurda 
Gündogary 
öwreniji 
alymlar 
W.W.Bartoldyň, 
N.I. 
Weselowskiýniň, W.W. Radlowyň, A.N. Samoýlowiçiň işleri 
uly ähmiýete eýedir.
XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda 
Özbegistanda üç sany binagärlik mekdepleri, ýagny Buhara, 
Horezm we Fergana binagärçilik mekdepleri gutarnykly kemala 
gelýär. Bu mekdeplerde özbek halk binagärçiliginiň dürli 
ugurlary we olaryň syrlary öwredilipdir. Bu döwre degişli 
ýadygärlikleriň içinde Buharada ýerleşýän Sitorai Mohi Hosa 
atly köşk ýadygärlikler toplumyny bellemek bolar. 
XIX asyryň ikinji ýarymyndan başlap Özbegistanyň 
binagärçilik sunagtynda rus sunagtynyň täsiri ýiti duýlup 
başlanypdyr. Öz gezeginde rus binagärçilik sungaty hem özüne 
geçiripdir. Özbegistanyň Russiýa birikdirilmegi bilen köne
şäherleriň töwereginde täze şäherler peýda bolup başlapdyr. 
Olar giň we göni köçeleri, özboluşly bezegleri bilen 
tapawutlanypdyrlar. 
Adaty ýaşaýyş öýleriden we ybadathanalardan başga-da, 
söwda merkezleri, demir ýol wokzallary, banklar, dürli döwlet 
edaralary peýda bolupdyr.
Merkezi 
Aziýanyň 
Russiýa 
birikdirilmegi 
bilen 
Özbegistanda rus saz sungaty peýda bolýar. Ol öz gezeginde 
wagtyň geçmegi bilen özbek sazyna öz täsirini ýetiripdir.


150 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling