A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilşi we taryhy ähmiýeti


Download 121.66 Kb.
bet49/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия



Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilşi we taryhy ähmiýeti Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen 185 döwletiň bir agyzdan goldamagynda hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Şol bilen baglanyşykly 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda bolup geçen VI Halk Maslahatynda Konstitusiýa ilkinji üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi (Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji we 6-njy maddalary). 1999-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanda ölüm jezasy ýatyryldy. Bu çözgüt hem Esasy Kanunymyzyň 22-nji maddasynda öz beýanyny tapdy. Şonuň üçinem şol senede Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi, 112-nji maddasy aýryldy hem-de Esasy Kanunyň başga-da birnäçe maddalaryna redaksion düzedişler girizildi. 2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ençeme redaksion düzedişlerden başgada, onuň 4-nji maddasyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky maddalaryna düýpli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, bu konstitusion institutyň ygtyýarlyklary giňeldildi. 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky maddalaryna birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda Esasy Kanunymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary bilen baglanyşykly birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 2016-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kämilleşdirilen görnüşde kabul edildi we redaksion düzedişlerden hem başga, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň konstitusion institut hökmünde hukuk ýagdaýy ýatyrylyp, onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary we Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlygy hökmünde berkidildi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere görä, döwletiň konstitusion gurluşynyň ykdysady esaslarynyň ýörelgeleri berkidildi. Bu Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9–10-njy maddasynda öz beýanyny tapdy, ýagny Türkmenistanda önümçilik serişdelerine, ýere, beýleki maddy hem intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugy berkarar edilýär, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär. Konstitusiýamyzda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň anyk konstitusion esaslarynyň berkidilmegi biziň döwletimizde halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna aýratyn itergi berýär.



Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling