A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Ykdysadyýetiň kadalaşdyrylmagynda döwletiň orny we wezipeleri


Download 121.66 Kb.
bet62/66
Sana14.05.2023
Hajmi121.66 Kb.
#1458410
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124 - копия

Ykdysadyýetiň kadalaşdyrylmagynda döwletiň orny we wezipeleri. Iň umumy görnüşde ykdysasyýeti döwlet kadalaşdyryşynyň baş maksadynyň mydama ykdysady ösüş şertlerinde ykdysady we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek, hereket edýän gurluşy pugtalandyrmak, onuň üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmagy bolup durýandygyny aýt-mak bolar.Şu jähtden üç esasy pursady tapawutlandyryp bolar. Hojalyk tejribesinde agalyk edýän we dünýä ykdysady ylmynda ykrar edilen garyşyk bazar ykdysadyýetinde döwletiň işiniň iň umu-my ýörelgesi bolup, «zyýan berme», «bazara päsgel berme» diýen ýörelge durýar. Muny şeýle düşündirmek bolar: döwlet bazar öz-özü-ni dolandyryşy çalyşmaly däl-de, eýsem, özüniň hereketleri bilen şu okuw gollanmasynda ýokarda agzalyp geçilen bazar höweslendirmele-rini bazaryň maksatlaryna gönükdirip, onuň üstüni ýetirmeli we pugta-landyrmaly. Ykdysadyýeti kadalaşdyrmagyň usullarynyň iki topary bardyr: gös-göni (administratiw) we gytaklaýyn (ykdysady). Birinji topar önümçi-lik işlerine, üznüksiz önümçiligiň gös-göni ölçeglerine göni täsir etmäni amala aşyrýar. Gös-göni täsir etmegiň usuly ykdysadyýetiň subýektlerini özbaşdak ykdysady seçip alnyşa esaslanan däl-de, eýsem, döwlet görkez-melerine esaslanýan çözgütleri mejbury kabul edýär. Mysal hökmün-de salgytlaryň möçberini, amortizasion tutumlaryň ululygyny, döwlet maýa goýumlary boýunça býujet düzgünlerini atlandyrmak bolar. Gös-göni usullar, köplenç, ykdysady netijeleriň çalt gazanylmagy netijesinde ýokary netijelilige eýedir. Yöne olaryň hem ýetmezçilikleri bardyr. Olar diňe bir gös-göni döwlet çäreleri gönükdirilen agentlere täsir et-mek bilen çäklenmän, eýsem, bazar gatnaşyklary bilen baglanyşykly bazaryň subýektlerine hem täsir edýärler. Başgaça aýdanyňda, gös-göni usullar bazar ýagdaýlarynyň tebigy ösüşini bozýarlar. Usullaryň ikinji topary gös-göni hojalygyň bazar ulgamyna bag-lydyr, haryt öndürijileriň bähbitlerine täsir etmekde bazar gural-laryny peýdalanýarlar. Gytaklaýyn täsir etmegiň usullary ykdysady gatnaşyklaryň subýektlerini seçip almak üçin artykmaç tutulýan görnüşleri göz öňünde tutmaga mümkinçilik döredýär, ol görnüşler ykdysady syýasatyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunuň ýaly usullara mysal hökmünde maksatnamalaşdyrmagy, bazar ulgamyna ykdysady maglumatlary bermegi görkezmek bolar. Döwlet çäreleriniň kabul edilen pursadynyň arasynda ýüze çykýan belli wagtyň çäkliligi, olara ykdysadyýetiň garaýşy we hojalyk netijelerindäki anyk üýtgemeler gy-taklaýyn usullaryň kemçiligi bolup durýar. Döwlet kadalaşdyryşynyň usullary guramaçylyk-institusional öl-çegler boýunça hem klassifikasiýalaşdyrylýar. Bu ýerde administratiw we ykdysady usullary tapawutlandyrýarlar. Administratiw usullar gada-gan etmek, rugsat bermek, mejbur etmek ýaly usullara bölünýärler we hukuk infrastrukturasynyň üpjünçiligi bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hereketlere esaslanýarlar. Kabul edilýän çäreleriň maksady bazar ykdysadyýetinde belli bir «oýnuň kadalaryny» döretmek. Administra­tiw usullar ykdysady agentleriň özlerini alyp baryşlarynyň belli gözeg-çilik çygryny belleýärler.

Download 121.66 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling