A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Garaşsyz Türkmenistanyň döremeginiň syýasy hukuk esaslary


Download 120.6 Kb.
bet13/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Garaşsyz Türkmenistanyň döremeginiň syýasy hukuk esaslary
Mälim bolşy ýaly, XX asyryn 80-nji ýyllarynyň ahyrlary 90-njy ýyllarynyň başlary dünýäniň syýasy keşbini düýpli özgerden reformalar, rewolýusiýalar döwri hökmünde taryha girdi. Gundogar Ýewropa halkary sosializmden ýüz öwrüp demokratiýa ýoluna gadam basdylar. Sosialistik lager dargady. Soýuz respublikalar SSSR-iň düzüminden çykyp, öz garaşsyz döwletlerini gurdular. 1990-njy ýylyň Alp arslan ayynyn 22-ne TSSR Yokary Soweti hem S.A.Niýazowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygy hakynda Jarnama kabul etdi. Bu Jarnama 17 punktdan ybarat bolup ençeme asyrlaryň dowamynda özbaşdak döwletini berkarar etmegi besläp gelen türkmen halkynyrt isleg arzuwlarynyň joşup çykmasy boldy. Bu garaşsyzlygyň ilkinji ýaňydy. Bu Jarnamanyň möhüm tarapy onlarça halklary öz gysymynda saklaýan totalitar dolandyryş ulgamynyň deminiň daş ýarýan döwründe bir halkyň öz döwlet özbaşdaklygyny jar edäýmegi ýeňil-ýelpaý iş däldi. Emma Jarnamada käbir düýpli meselelerde merkeze "eglişik" edilenligi-de mälimdir. Jarnama laýyklykda Turkmenistan Sowet Soýuzynyň düzüminde meýletin galýardy. Respublika öz territoriýasynda ýaşaýan ýerli däl halklaryň, has takygy slawýan halklaryň wekilleriniň ähli hukuklaryny SSSR Konstitusiýanyň kepillendirýän derejesinde üpjün etmäge borçludy. SSSR Konstitusiýasy bolsa olary hiç wagt hukukdan "hor" etmändi, etjegem däldi. Gepiň gysgasy bu Jarnamanyň hem, 1925-nji ýylyň Baýdak aýynyň 20-ne kabul edilen Jarnama ýaly, ähtimal, difle ýagşy umyt bolup gulaýmagy mümkindi. 1990-njy ýylyň' Garaşsyzlyk aýynyň 27-ne Türkmenistanda Prezident saýlawlärý geçirildi. Turkmenistan SSR-iň Prezidentligine S.A.Niýazow saýlandy. 1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 26-na Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Niýazow baştutanlygynda TSSR-de halk geňeşi geçirildi. Geňeşde bir mesele: "SSSR-iň düzüminde galmalymy, ýa-da özbaşdak döwlet bolmalymy?" diýen mesele gözülýärdi. Geňeş bütin halkyň erk-islegini kanagatlandyryp türkmeniň garaşsyz döwletini guramagy makul bildi. Halk geňeşiniň ertesi - Garaşsyzlyk aýynyň 27-ne TSSR-iň Ýokary Sowetiniň nobatdan daşary sessiýasy çagyryldy. Sessiýada kabul edilen Konstitusion kanundä Turkmenistan garaşsyz demokratik döwlet diýlip jar edildi. Döwlet garaşsyzlygy Türkmenistana öz ykbalyny özi kesgitlemäge ýol açdy. 01 indi öz territoriýasyňdaky ähli tebigy resurslaryň, medeni-ruhy baýlyklaryň eýesi boldy. 1992-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Yokary Sowetiniň' sessiýasynda garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. 01 Türkmenistanyň durmuşynyň Esasy Kanuny bolup, onda respublikanyň döwlet gurluşygynyň esaslary, häkimiýet we dolandyryş organlary, graždanlaryň hukuklary hem borçlary, saýlaw ulgamy we ş.m. aýdyň kesgitlenildi.

Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling