A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Grek-Baktriýa we Kuşan döwletleri


Download 120.6 Kb.
bet16/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Grek-Baktriýa we Kuşan döwletleri.
Kuşan döwleti Owganystanyň çäginde döräpdir.Bu döwlet b.e.öň I -IV -asyrlarynda başlapdyr.Kadwiz II döwrinde Kuşan döwletiniň çägi has giňelipdir.Ol möhüm pul reformasyny geçiripdir.Onuň edara eden döwrinde Kuşan döwletiniň öz puly döredilip,zikge kakylyp başlanypdyr. (Ýagny altyn we mis şaýy pullar zikge edilip,ýasalypdyr) .Altyn pul uly söwda-hojalyk hasaplaşygy,aýratyn hem daşary söwda üçin niýetlenipdir. Ýäýji taýpalary Gre-Baktriýa döwletini basyp alandan soň, onuň ýerlerinde bäş sany hanlyk döredilipdir. Geraý hanyň ogly Kujula Kadfiz ýuäýjileriň bäş hanlygyny birleşdirmegi başarypdyr. Kuşan döwleti Owganystanyň territoriýasynda döräpdir. Döwlet b.e. I-IV asyrlarynda ýaşapdyr. Onuň merkezi ilki Kabul sebitlerine, soňra bolsa demirgazyk Hindistana (häzir Pakistanda) Peşewara geçirilipdir. Kuşan döwletiniň dili baktriýa dili, dini bolsa budda bolupdyr. Döwletiň Kuşan ady “Gowşuan” diýen sözden bolupdyr. Gowşuan taýpalary ilki Hytaý sebitlerinde ýaşap, soňra Gazagystanyň we Orta Aziýanyň territoriýasy bilen Owganystana aralaşypdyrlar. Biziň eramyzyň başlarynda şol taýpanyň ady bilen baglanyşykda Amyderýany hem Gowşuý (Guwşuý) diýlip atlandyrypdyrlar. Kuşan döwletini esaslandyran grek-baktriýa döwletine gutarnykly zarba uran çarwa taýpalarynyň nesilleri bolupdyrlar. Hytaý ýazuw çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, Baktriýany boýun egdiren çarwa taýpalaryň biri Kuşanlar – gowşuanlar bolupdyr we olar hökümet başyna geçipdirler. Kuşan döwletiniň ilkinji patyşasy Kudzul Kadfiz (Kudfiz I) bolupdyr. Kuşan patyşalygy Baktriýany, Hindistanyň demirgazyk etraplaryny, Orta Aziýanyň köp bölegini, şol sanda Horezmi we Türkmenistanyň häzirki Lebap welaýatyny öz içine alypdyr. Kadfiz I aradan çykandan soňra onuň ogly Wima Kadfiz (Kadfiz II) patyşa bolýar. Ol tagtda 30 ýyl töwerekleri oturypdyr. Kadfiz II döwründe Kuşan döwletiniň territoriýasy has giňelipdir. Hindistanyň jümmüşine aralaşypdyr. Ol möhüm pul reformasyny geçiripdir. Onuň edara eden döwründe Kuşan döwletiniň öz puly zikge edilip başlanypdyr. Kuşan döwletiniň gülläp ösen döwri patyşa Kanişkanyň edara eden (78-123ý) ýyllary bolupdyr. Kanişka döwründe Kuşan imperiýasynyň territoriýasy Hindistandan Aral deňzine çenli giňelipdir. Ol “şalaryň şasy” diýen belent titula eýe bolupdyr. Şol zamanda Kuşan döwletiniň paýtagty Peşawara geçirilipdir. Türkmenistanyň demirgazyk etraplary Kuşan döwletiniň sostawyna giripdir. Onuň şeýledigine Horezmden tapylan Kuşan pullary şaýatlyk edýär. Patyşa Kanişka döwründe Türkmenistanyň günorta – gündogar raýonlary, Amyderýanyň ýokary we orta akymlary Kuşan döwletiniň düzüminde bolupdyr. Kerki – Çärjew aralygyndaky arheologiki ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri netijesinde Kuşan döwrüniň medeni gatlaklary, maddy we ruhy medeniýete degişli zatlar (keramika önümleri we heýkeller) we pullar tapyldy. Şol zamanda Amyderýanyň orta akymlarynda Beşir, Kerki, Mürzebek we Köýten gadymy ekerançylyk oazisleri özleşdirilipdir. Beşir we Esenmeňli galalary Kuşan döwrüniň syýasaty.

Gurluş syýasaty diýip döwletiň milli ykdysadyýetde aňrybaş netijeli gyradeňligi kemala getirmek we saklamak bilen bagly işine düşünilýär. Gyradeňlik, ýagny jemgyýetçilik önümçiliginiň dürli tarapalarynyň arasyndaky deňagramly gatnaşyklar obýektiw häsiýete eýedir, çünki olar önümçilik kuwwatlyklarynyň we önümçilik gatnaşyklarynyň ösüş derejesi, milli hojalyk ulgamynyň halkara zähmet bölünişigine aralaşmagynyň işjeňligi, ylmy-tehniki we sosial ösüşleriň kanunalaýyklary, ilerlemeleriň we gaýtgynlyklaryň häsiýeti bilen şertlendirilýär. Köpugurly bazar hojalygy şertlerinde gyradeňlikler islegleriň we teklipleriň özara täsirleşmegi netijesinde kemala gelýär. Gurluş taýdan üýtgedip gurmagyň baş manysy köne, netije bermeýän, bazaryň talaplaryny ödemeýän önümçilikleri kem-kemden azaldyp we aradan aýryp, olaryň ýerine häzirki zaman, öndürijiligi ýokary, bäsdeşlige ukyply önümçilik kuwwatlyklaryny we netijeli işleri ýola goýmakdan ybaratdyr. Olaryň giňden ýaýbaňlandyrylmagy könelişen önümçilikleriň pese düşmegine, şeýlelik bilen hem JIÖ-niň, senagatyň we oba hojalygynyň möçberiniň durnukly artmagyna getirýär. Uzagyndan netijeli önümçiligiň ösüş depginleri ozal bar bolan könelişen, islegli harytlary çykarmak ukyby pes önümçiliklerde peýda bolýan gaýtgynlykdan rüstem gelýändigi has aýdyň göze ilip ugraýar, netijede ykdysadyýetiň umumy ilerlemelerine ýol açylýar. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, döwletleriň aglabasynda gazanylýan innowasion ösüşler senagat syýasatyna daýanýar. Diňe ýerlikli ykdysady syýasaty saýlap alan, özbaşdak innowasion mümkinçiliklerini artdyrmak barada yzygiderli aladalanýan, bütindünýä zähmet bölünişigine sazlaşykly aralaşýan, daşary ýurt maýalaryny çekmekde işjeňlik görkezýän, täze tilsimatlary yzygiderli önümçilige ornaşdyrýan döwletlere ykdysady töwekgelçiliklerden daşda durup, durnukly ösüşiň, has belent basgançaklaryna çykmak başardýar.



Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling