A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Häzirki zamanda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary


Download 120.6 Kb.
bet17/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Häzirki zamanda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz boýunça ähli ugurlarda, ýagny ykdysadyýet, syýasat we medeniýet babatynda ösüşiň uly sepgitlerine ýetildi. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giň gerimlerde alnyp barylmagy bilen mizemez baglanyşyklydyr. Ýurtda "Açyk gapylar" syýasatynyň we bu ugurda geçirýän uly möçberli işleriniň netijesinde daşary ykdysady aragataaşyklarymyzyň esasy görkezijileri düýpli ýokarlanýar we kämilleşdirilýär. 2006-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 83% artdy. Şonda ýurdumyzyň eksporty soňky üç ýylyň içinde ABŞ-nyň 30 mlrd. dollaryndan hem ýokary galdy. Şu döwürde ýurdumyzda önümçilik tehniki maksatly harytlaryň satyn alynmagyna we içerki sarp ediş bazarlarymyzyň haryt üpjünçiliginiň üstüni doldurmaklyga gönükdirilen importyň möçberi ABŞ-nyň 19 mlrd. dollaryna barabar boldy. Daşary söwda dolanyşygynyň uly möçberde oňyn galyndyly bolmagy ýurdumyzyň Töleg balansynyň pugtalanmagy, täze gurluşyklaryň ýokary depginlerde alnyp barylmagy üçin döredilen berk maliýe binýady bolup çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Täze Galkynyş we ykdysady ösüş Milli strategiýasy makroykdysady derejede şu ýörelgelerden ugur alýar: döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň kämil we bazar şertlerine uýgunlaşan ýokary netijeli görnüşlerini döretmek, döwlet emläginiň netijeli ulanylmagy babatynda wezipeli adamlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak; ykdysadyýetiň monopollaşmak derejesini kem-kemden peseltmek, döwlet eýeçiligine degişli kärhanalary tapgyrlaýyn hususy eýeçilige geçirmegi dowam etdirmek, ykdysadyýetiň hususy bölegi bilen jebis arabaglanyşygy saklamak, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň ulanylyşynyň ýokary netijeliligini gazanmak; gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň bäsleşige ukyplylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maýa goýum we innowasiýa taslamalaryny höweslendirmek;


Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling