A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Download 120.6 Kb.
bet27/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Merkantilistler.Fiziokratlar. Bazar ykdysadyýetine döwletiň goşulyşmagyna bolan gatnaşyk onuň kemala gelşiniň dürli tapgyrynda dürli hili bolupdy we onuň ösüşi dürli ýurtlarda dürli hili bolupdy. XVII-XVIII asyrlarda bazar gatnaşyklarynyň dörän döwründe şol wagt agalyk eden ykdysady dok-trina - merkantilizm - ýurtda söwdanyň we senagatyň ösdürilmegi üçin döwlet kadalaşdyrylyşynyň gürrüňsiz zerurlygynyň ykrar edilmegine esaslanypdy. Merkantilizm - irki kapitalizm döwrüniň (XVI-XVII asyrlar) ykdy­sady taglymaty, syýasaty. Irki we giçki merkantilizmi tapawutlandyrýar-lar. Irki merkantilizmiň has görnükli wekilleriniň biri bolup iňlis ykdy-satçysy U. Stafford, giçki merkantilizmiň wekili bolup nazaryýetçi T. Men durýar. Irki merkantilizmiň manysy şu aşakdaky düzgünlerde jemlenýär: a) jemgyýetiň baýlygy dolanyşyk ulgamynda döredilýär; b) döwletiň esasy baýlygy bolup kümüş we altyn pullar çykyş
edýär; ç) daşary söwdada döwlet altyn we kümüş pullary ýurda çekmäge we olary saklamaga gönükdirilen «pul balansynyň» syýasatyny ýöret-meli. Şu maksatlar bilen olary daşary ýurtlara çykarmak gadagan edil-ýär, walýuta söwdasyny etmek diňe döwlete rugsat berilýär diýlip yglan edilýär. Diňe dolanyşyk ulgamyny derňemek bilen çäklenilmegi mer­kantilizmiň esasy ýetmezçiligi bolupdy. Bu böwşeňlik (ýetmezçilik) beýleki barlagçylar, mekdepler, hususan-da, fritrederler tarapyndan aradan aýrylypdy. Fiziokratlar hem merkantilistleriň pikiri bilen ylalaşmaýardylar we erkinligi, ilkinji nobatda, söwdanyň erkinliginiň talabyny aňladýan «Lansser faire» diýen ýörelgäni öňe sürýärdiler. Fiziokratlaryň nuk-daýnazarynda döwletiň esasy aladasy - tebigy hukuk diýlip atlandyryl-ýan goragy üpjün etmek, onuň esasy bolup hususy eýeçilik durýar.


Merw Soltan Sanjaryň döwründe Seljuklar imperiýasynyň iň soňky güýçli soltany Sanjardyr (1118 – 1157). Onuň döwründe aýry – aýry türkmen toparlary Müsüre, hatda Ispaniýa çenli baryp ýetýärler. Seljuklaryň Afrikanyň demirgazygyndan, ýagny Magrib ýurtlarynyň üstünden Pireneý ýarym adasyna baryp ýetişi barasynda Abissin çeşmelerinde gymmatly maglumatlar berilýär. 1118 –nji ýylda Sanjar soltan diýlip yglan edildi. Soltan Sanjar Türkmen altyn dinarlarda “As Sultan al – muazzam muiz ad dunýa wa - din” – “ Jahan we dine şöhrat getiren beýik soltan” diýlip atlandyrylypdyr. 1120-nji ýylda halyf al Mustarşid Bagdatda hutba okamagy tabşyrdy, bu ýerde Sanjar Türkmene “beýik soltan, Soltanlaryň soltany”, “şalaryň beýik şasy” diýilipdir. Şeýle hem oňa “Iskander as - sani” (Ikinji beýik Aleksandr) hem diýlipdir. Soltan Sanjar permanlarynda özüni “Dünýä hökümdary”, “Adam ata ogullarynyň patyşasy” diýip atlandyrýar.Sanjaryň köşk şahyry Muizi : “Halapdan Kaşgara çenli Hindi, Türküstan, Horezm, Yrak, Rum, Şam (Siriýa) ýaly ýerleriň ählisi Soltan Sanjaryň ýeridir, olaryň hökümdary Sanjaryň permanlarynyň gulydyr. Soltan Sanjar 1130 ý. Mawerannahry eýeläp 1132 –nji ýylda Garahanylary, 1136 –njy ýylda Gaznewileri boýun egdiripdir. 1140 –njy ýylda Eýran, Azerbaýjan, Tabarystan, Yrak, Seýistan, Kerman Owganystan, Horezm, Kaşgar we Mawerennahry ýene-de seljuk – imperiýasyna birleşdiripdir. 141-nji ýylda Seljuklaryň topragyna Gündogar Türküstan düzluklerinden göçegçi garahytaý taýpalary çozupdyr. Garahytaý hany Ýelyuy Daçy öz goşunyna türk taýpalarynyň köpüsini, şol sanda türkmenleriň garlyk tiresiniň garyndaşlaryndan 50-sini birleşdirip Mawerannahra ýöriş edipdir. 1141 –nji ýylyň Sentýabr aýynda bolan aýgytlaýjy söweşde Soltan Sanjar ýeňilipdir. Bu ýagdaý imperiýanyň hökümdarlarynyň merkezleşdirilen döwletiň düzüminden çykmak üçin edýän synanşyklarynyň başy bolupdyr. Şondan soňra olar köp sanly topalaňlar turuzýarlar. 1153 –nji ýylda Syrderýanyň kenarynda ýaşan, Soltan Sanjaryň döwletine garaşly otparaz oguz taýpalary gozgalaň turuzýarlar. Soltanyň güýçden gaçan goşuny yzygider iki gezek oguzlardan ýeňilýärler. Olar şol ýýlyň tomsunda Merwiň golaýynda soltanyň özüni hem ýesir alýarlar. Dogrusy, soltana hormat eden oguzlar oňa “Öz patyşamyz” diýse-de, ony ýesirlikden boşatmandyrlar. Olar Horasanyň şäherleriniň birnäçesini weýran edipdirler, üç ýyldan soň soltana ýesirlikden boşamak başardan hem bolsa, ol pajygaly ýagdaýa duş gelipdir. Indi beýik döwlet ýokdy. 1157-nji ýylyň baharynda beýik Türkmen – Seljuk imperiýasynyň soňky şasy Sanjar Türkmen aradan çykýar. Soltan Sanjar öz döwrüniň beýik hökümdarlarynyň biridir. Soltan Sanjar Merwi Türkmen – Seljuk imperiýasynyň paýtagt şäherine öwrüpdir.


Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling