A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Salgytlar we olaryň görnüşleri .Salgyt salmagyň esasy ýörelgeleri(ýygymlar ,paçlar,emläk salgydy aksizler)
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
- Bu sahifa navigatsiya:
- Sarahsyň eteginde Hywa goşunlarynyň derbi-dagyn edilmegi we onuň taryhy ähmiýeti
Salgytlar we olaryň görnüşleri .Salgyt salmagyň esasy ýörelgeleri(ýygymlar ,paçlar,emläk salgydy aksizler) Salgyt hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny berjaý etmegiň barşynda salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň arasynda ýüze çykýan hukuklaryň we (ýa-da) borçlaryň jemini öz içine alýar. Salgyt töleýji, salgyt töleýjiniň salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmagyna wekilçilik edýän beýleki taraplar, şeýle hem şu Bitewi kanunynyň 13-nji maddasynda görkezilen ygtyýarly edaralar salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar bolup durýarlar. 12-nji madda. Salgyt töleýji we onuň salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmaga wekilçilik edýän beýleki taraplar 1. Şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykanda kesgitli salgyt tölemek borçlary üstüne ýüklenen şahsy we (ýa-da) edara görnüşli taraplar salgyt töleýjiler diýlip ykrar edilýär. Salgyt töleýjiler – şerekete gatnaşyjylar tarapyndan salgyt tölemek boýunça borçlar öz işini Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrýan, şerekete gatnaşyjylaryň biriniň üstüne ýüklenip bilner. Salgyt töleýjiler – şerekete gatnaşyjylar salgyt tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmekde paýlary boýunça jogapkärçilik çekýärler. “Şereket” adalgasy Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşynyň Raýat Bitewi kanunynda kesgitlenen manysynda ulanylýar. Daşary ýurt döwletiniň dahyllysy hökmünde, şol sanda oňa Türkmenistanyň iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda halkara şertnamalarynyň (ylalaşyklarynyň) degişli düzgünlerini ulanmak üçin daşary ýurtly şahsy tarapyň derejesini bellemek: salgyt gullugy tarapyndan – salgyt töleýji hökmünde ol hasapda goýlan mahaly we şu maksatlar üçin berilýän resminamalar esasynda;
Sarahsyň eteginde Hywa goşunlarynyň derbi-dagyn edilmegi we onuň taryhy ähmiýeti. Hywa hany Muhammet Emin (Mädemin 1845-55) dowamynda Merw, Sarahs, Tejen topragyna jemmi 8 gezek ýörüşler edýär. 1854 ýylyň ahyrynda Sarahsly tekeler Hywa hanyna salgyt tölemekden boýun gaçyrýar. Muňa gahary gelen Hywa hany 40 müň goşun jemläp, azyk-suwlygyny 30 müň düýä ükläp, Sarahsa ýöriş edýär. Türkmenleriň arasynda uly hormata mynasyp bolan, Köneürgençde sapak berip ýören Ak işan: “Öz raýat-il-halkyň üstüne goşun çekip gitme, pälinden gaýt”, diýen töwellasyny almadyk Muhammet Emin han agyr goşun bilen Garaýapda Merwiň tekelerini ýygnaýar we Sarahs tekelerini Merwe göçüp gelmegini talap edýär. Ýöne Mädeminiň teklibi Kabul edilmeýär. Şeýdip Sarahs tekeleriniň Hywa hanyna garşy göreşi başlanýar. Hywa goşunynyň esasyny ýömut türkmenleri tutýardy, Gowşut han olara ýüzlenip: “Siz biziň bilen uruşmaň, Medeminiň çäresini özümiz göreris” diýipdir. Ýomutlar urşa gatnaşmajakdygyna wada berýärler. Garadaşlylar we yemreliler hem Hywa goşunyny goldamandyrlar. Hywa hanynyň bäsdeşi Eýranlylar hem Hasan hanyň baştutanlygynda Sarahslylara 500 nöker kömege iberýär. Şeýdip, 1855 ýylyň 19-njy Nowruz aýynyň gazaply uruş başlanýar. Bu uruşda Hywa goşuny derbi dagyň edilip, Mädemin han öldürilýär. Garaýapda bolan urşyň ýerine türkmenler “Ganlydepe”, diýip atlandyrypdyrlar. Hywa hanlygynda ýaşan türkmenleriň garaşsyzlyk ugrundaky goreşi (1855-67 ý.ý.) Atamyrat hanyn yolbascylygynda dowam edipdir. XIX asyryň ortalarynda Eýran bilen Hywanyň arasynda türkmen meselesi hasda ýitileşipdir. Olar Merwde agalyk sürmek isleýärdi. 1855-nji ýylyň Sarahs urşunda Hywa goşunlarynyň ýeňilmegi, Günorta-Türkmenistanyň Hywa hanlaryndan hemişelik azat bolandygyny aňladýardy. Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling