A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
Türkmen halkynyň mangol-tatar basybaljylyklaryna garşy göreşi Çingiz han ýurduna gelýän täjirlerden Horezm barada köp maglumatlar toplapdyr. Şolaryň biri Mahmyt Ýalawaç bolmaly. Ol Horezm döwletiniň içki ýagdaýy, harby bölümleri, şäherleri, Muhammet II-niň içeri we daşary syýasaty barada Çingiz hana yzygiderli maglumatlar ýetirip durýar eken. 1218-nji ýylda Çingiz han ilçilerden we täjirlerden ybarat 500 adamy Merkezi Aziýa ýollaýar. Häzirki Günorta Gazagystandaky Otrar şäherine ýetende, mongol kerwenleri saklanýar. Ondaky harytlar talanýar we 450 adam öldürilýär. Bu konflikt Çingiz hanyň Merkezi Aziýa çozmagyna bahana bolýar. Çingiz han 1219-njy ýylyň güýzünde 150-200 müň atly goşun bilen Horezmşalar döwletiniň üstüne ýörüş edýär. 1219-njy ýylyň sentýabrynda Mongol goşuny Otrar şäherine ilkinji zarbany urýar. Alty aýa golaý gabawdan soň şäher basybalyjylaryň eline geçýär. Otraryň synmagyna garaşyp durman, mongollar Buhara, Samarkanda hüjüm edýärler. Horezm şasynyň nädogry söweş strategiýasy gysga wagtyň içinde bu şäherleriň mongollar tarapyndan basylyp alynmagyny eňilleşdirýär. Basybalyjylara dagynyk halda garşylyk görkezmek netije bermänsoň, Horezm şasy Muhammet II aljyraýar we öz janyny halas etmek üçin Samarkandy taşlap, Nişapura tarap gaçýar. Ol ölmeziniň öňüsyrasynda ogullaryny ýanyna çagyryp,Jelal-ed Dini Horezm tagtynyň mirasdüşeri edip belleýär. 1220-21-nji ýyllaryň gyşynda Muhammet II-niň ogullary Jelal-ed-Din, Ozlagşa, Akşa dagy Gürgenje gelýärler. Türkan hatynyň kowumdaşlaryndan bolan gypjak emirleri Jelal-ed-Diniň Horezmşa tagtyna çykmagyna garşy bolýarlar. Olar Türkan hatynyñ dogany Humar tegini Gürgenjiñ soltany diýip ykrar edýärler we Jelal-ed-Diniň garşysyna dildüwşük guraýarlar. 1221-nji ýylyň başlarynda Çingiz hanyň ogullary Juçynyň, Çagataýyň we Ugedeýiň baştutanlygyndaky mongol goşunlary çar tarapyndan Horezmiň paýtagty Gürgenje çozýarlar. Şeýlelikde,1221-nji ýylyň tomsunda Gürgenç mongollaryň eline geçýär, we şäheriň senetçileri, çagalary, ýaş aýallary gulçulyga sürlüp äkidilipdir, galanlary bolsa öldürilipdir. Mongol basybalyjylary Günorta Türkmenistanda hem ilatyň yzygiderli garşylyk görkezmegine duçar bolýarlar. Aýratynam Nusaýda we Merwde gazaply söweşler bolupdyr.1221-nji ýylyň tomsunda Jelal-ed-Din Demirgazyk Owganystanyň Gazna şäherinde ornaşyp, 60 müň goşun toplaýar. Ilkinji üç günläp dowam eden söweşden soň Jelal-ed-Diniň goşunlary Waliýan galasyny eýeleýär. Bu söweşde 1000 den gowrak duşman gyrylýar. Soňra mongollaryň täze gelen 45 müňlik goşuny hem Gazna şäheriniň golaýyndaky Perwanada çym-pytrak edilýär. Şol ýeňişden soň ele düşen oljany paýlaşmakda goşun serkerdeleriniň arasynda dawa-jenjel başlanýar we halaçlar,garlyklar gidýärler. Bu bolsa Jelal-ed-Diniň harby güýjüni gowşadýar. 1221-nji ýylyň güýzünde Çingiz hanyň esasy güýçleri Jelal-ed-Diniň garşysyna ugraýar. Noýabr aýynyň 24-ne Hind derýasynyň boýunda bolan söweşde mongollar onuň goşunyny dargatmagy başarýarlar. Jelal-ed-Diniň özi bolsa az sanly goşuny bilen örän kyn ýagdaýda derýadan geçip, Demirgazyk Hindistana gidýär. Ol ýerdäki gazaply söweşde Jelal-ed-Diniň we onuň gerçekleriniň şir dek duşmana garşy azm uruşlaryny görüp, Çingiz han olaryň batyrlygyna we gylyç oýnadyşyna haýran galypdyr.Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling