A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Download 120.6 Kb.
bet61/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyryşynyň maksatlary we usullary. Iň umumy görnüşde ykdysasyýeti döwlet kadalaşdyryşynyň baş maksadynyň mydama ykdysady ösüş şertlerinde ykdysady we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek, hereket edýän gurluşy pugtalandyrmak, onuň üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmagy bolup durýandygyny aýt-mak bolar. Şu jähtden üç esasy pursady tapawutlandyryp bolar. Bazar ykdysadyýetiniň hereket etmegi üçin hukuk meýdanyny döretmek. Döwlet — bazar subýektleriniň özlerini alyp baryşlarynyň
(köplenç, aýdylyşy ýaly, «oýnuň düzgünleri») kadalaryny belleýän ins-
titut. Hususan-da muňa durmuş-ykdysady normatiwleriň, önümçiligiň
we alyş-çalşyň ölçegleriniň işläp taýýarlamalary diýlip düşünilýär,
olar diňe bir ykdysadyýetiň özi bilen däl-de, eýsem durmuş, ekologi-
ki, ynsanperwer (gumanitar) çäklendirijiler bilen hem kesgitlenilýär.
Döwlet diňe bir özüňi alyp barşyň kadalaryny işläp taýýarlaman, eý-­
sem, bazaryň subýektleriniň olary ýerine ýetirmeginiň goragynda hem
durmalydyr. Usullaryň ikinji topary gös-göni hojalygyň bazar ulgamyna bag-lydyr, haryt öndürijileriň bähbitlerine täsir etmekde bazar gural-laryny peýdalanýarlar. Gytaklaýyn täsir etmegiň usullary ykdysady gatnaşyklaryň subýektlerini seçip almak üçin artykmaç tutulýan görnüşleri göz öňünde tutmaga mümkinçilik döredýär, ol görnüşler ykdysady syýasatyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunuň ýaly usullara mysal hökmünde maksatnamalaşdyrmagy, bazar ulgamyna ykdysady maglumatlary bermegi görkezmek bolar. Döwlet çäreleriniň kabul edilen pursadynyň arasynda ýüze çykýan belli wagtyň çäkliligi, olara ykdysadyýetiň garaýşy we hojalyk netijelerindäki anyk üýtgemeler gy-taklaýyn usullaryň kemçiligi bolup durýar. Döwlet kadalaşdyryşynyň usullary guramaçylyk-institusional öl-çegler boýunça hem klassifikasiýalaşdyrylýar. Bu ýerde administratiw we ykdysady usullary tapawutlandyrýarlar. Administratiw usullar gada-gan etmek, rugsat bermek, mejbur etmek ýaly usullara bölünýärler we hukuk infrastrukturasynyň üpjünçiligi bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hereketlere esaslanýarlar. Kabul edilýän çäreleriň maksady bazar ykdysadyýetinde belli bir «oýnuň kadalaryny» döretmek. Administra­tiw usullar ykdysady agentleriň özlerini alyp baryşlarynyň belli gözeg-çilik çygryny belleýärler. Administratiw we ykdysady usullaryň arasyndaky çäklendirme bel­li derejede şertlidir. Islendik ykdysady sazlaýjy administratiw usulyň elementlerini özünde jemleýändir we tersinedir. Salgyt - ykdysady gu-ral, ýöne ony ulanmak üçin salgyt binýadyny, belli bir derejede sal­gyt möçberini bellemek barada administratiw çözgüt gerekdir. Nyrhlar gözegçilik-administratiw hereketdir, ýöne ol öndürijiler üçin belli bir ölçegleri, işiň düzgünini döretmegi, haýsydyr bir hojalyk çözgütlerini kabul etmegi belleýär.




Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling