Algoritm – bu gutarnykly ädimden soň meseläniň çözüwine getirýän hereketleriň yzygiderligini takyk beýan etmekdir


Download 0.64 Mb.
Pdf ko'rish
bet1/4
Sana10.02.2023
Hajmi0.64 Mb.
#1184687
  1   2   3   4
Bog'liq
Ýöriteleşme



1. Algoritm düşünjesi. Algoritmleriň häsiýetleri. 
Algoritm – bu gutarnykly ädimden soň meseläniň çözüwine getirýän 
hereketleriň yzygiderligini takyk beýan etmekdir.(Algorithmi (Аль-Хорезми) –Ol 
ilkinji bolup dört sany arifmetiki amallaryň düzgünini ýazyp beýan eden, IX –asyrda 
ýaşan orta aziýaly matematik. 
Algoritmler çyzykly, şahalanýan(şertli) we gaýtalanýan görnüşlerde bolýarlar. 
 
Algoritmleriň häsiýetleri: 
1. Kesgitlilik (Определенность) 
2. Diskretlilik Дискретность
3. Netijelilik (Конечность Результативность) 
4. Köpçülikleýinlik(Массовость) 
Kesgitlilik maglumatlaryňözgerdilmeginiň her bir ädiminiň diňe anyk bir 
görnüşde ýerine ýetirilmegi
Diskretlilik – maglumatlaryň üstünde işlemek prosesini kompýuter ýa-da adam 
tarapyndan ýerine ýetirilende hiç hili kynçylyk döretmeýän has ýönekeý
tapgyrlara bölmek (ýerine ýetiriliş ädimleri) 
Netijelilik ýa-da ýerine ýetirmek mümkinçiligi – meseläni çözmek üçin niýetlenen 
algoritmiň berlen başlangyç maglumatlaryň esasynda gutarnykly ädimlerden soň 
gerekli nätijäni almak. 
Köpçülikleýinlik (Массовость) – algoritmiň belli bir meseleler toplumyny 
işlemek üçin ýaramlylygy 
 
Algoritmi beýan etmegiň 3 görnüşi peýdalanylýar: 

Adaty dil (söz bilen ýazmak) 

Matematiki formulalaryň jemi(programmirleme dillerinde) 

Blok – shema görnüşinde. (Adaty diliň (söz bilen ýazmagyň) we matematiki 
formulalaryň jeminiň bilelikde peýdalanylmagy) 
Ady 
Simwol (şekil) 
Ýerine ýetirýän wezipesi
(düşündiriş) 
1. Hasaplamablogy 
Bir ýada birnäçe hasaplamalar 
ýerine ýetirilýär.
2. Logiki blok 
Şerte baglylykda algoritmiň 
ýerine ýetiriliş ugruny 
kesgitlemek 
3.giriş/çykyş blogy 
Fiziki ýagdaýyna garamazdan
maglumatlary girizmek we 
çykarmak 
Maglumatlary çap ediji serişdä 
çykarmak 
4. Başlangyjy/soňy 
(giriş/çykyş) 
Programmanyň başlangyjy we 
soňy, bölek programmalara 
giriş we çykyş 
5. Öňünden kesgitlenen 
ýagdaý (proses)
Standart ýa-da ulanyjy 
tarapyndan düzülen bölek 
programmalar boýunça
hasaplanylýar 
6. Modifikasiýa blogy 
Algoritmiň punktyny 
üýtgetýän hereketi ýerine 


ýetirmek 
7. Birikdiriji
Bir sahypa ýerleşmän bölünen 
çyzyklaryň arabaglanyşygyny 
görkeziji
8. Sahypaara birikdiriji 
Dürli sahypalarda ýerleşýän 
bölek shemalaryň 
arabaglanyşygyny görkeziji 

Download 0.64 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling