B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
§3. Bazaryň işlemeginiň şertleri
Bazaryň öz wezipelerini hakykat ýüzünde ýerine ýetirmegi üçin belli bir şertler zerurdyr. Olaryň has möhümleri aşakdakylardan yba ratdyr: • ykdysady subýektleriň garaşsyzlygy, olaryň gepleşikleri baglaş maga we öz girdejilerine ygtyýar etmäge hakly bolmagy; • satyjylar we satyn alyjylar üçin iş salşylýan garşydaşlaryň bol mak mümkinçiligi. Şonda azyndan birnäçe bäsdeşiň bolmagy gerek, ýogsa monopoliýa ýagdaýy ýüze çykýar; • bazar hakynda onuň subýektleriniň habarly bolmagy; • hojalyk subýektleriniň öz harytlaryna özleriniň nyrh bellemek hukugy. Ykdysadyýetiň taryhy bazary buýruk bilen ýöredip bolmaýan dygyna şaýatlyk edýär. Onuň emele gelmegi obýektiw hadysadyr. Oňaýly şert döretmek arkaly oňa täsir edip bolýar. Bu babatda näme edilmegi gerek diýlende, şulary aýratyn bellemek bolar: • iş ýüzünde eýeçiligiň we hojalyk ýöretmegiň köp dürli gör nüşiniň bolmagyny üpjün etmeli. Şonda olaryň deňhukuklylygy we sagdyn bäsdeşlik haryt önümçiligi ulgamynyň obýektiw esasyny we degişli ykdysady gurşawy döredýär; 113 • ykdysadyýetiň gytçylygyny ýeňip geçmeli. Munuň üçin milli hojalygyň düzüminiň kämilleşdirilmegi zerur; • karz we pul ulgamlaryny sagdynlaşdyrmaly, hümmetsizlenmä ni durnuklaşdyrmaly hem-de onuň kadaly çygra girizilmegi boýunça çäreleri görmeli; • mümkin boldugyça nyrhlaryň bazar arkaly düzgünleşdirilme gine geçmeli. Nyrhlaryň ýokarlanmagynyň öňüni alýan esasy şerti bazaryň doýgunlygy esasynda haryt öndürijileriň arasyndaky sagdyn bäsdeşlik bolmaly; • diňe bir önümçiligi däl, eýsem, söwdany, karz hyzmatlaryny, ylmy üpjünçiligi hem monopoliýadan saplamaly. Munuň özi öndüri jiniň bähbitleriniň agalyk etmeginden dynmaga, bazarda satyn alyjy nyň isleginiň ileri tutulmagyna mümkinçilik berýär; • bazary açyk ýaýrawa, ýagny dünýä bazarynyň bir bölegine öwürmeli. Şonsuz milli hojalygyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşma gy mümkin däldir. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling