B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§4. Bazaryň subýektleri we obýektleri


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet72/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§4. Bazaryň subýektleri we obýektleri
Bazaryň esasy hereket edýän taraplary, ýagny subýektleri bolup, 
olar hökmünde öý hojalyklary, kärhanalar we döwlet çykyş edýär. 
Öý hojalygy – bu bir ýa-da birnäçe adamdan ybarat düzümdäki 
ykdysady birlik bolup, ol: 
• adam kapitalynyň önümçiligini we üznüksiz önümçiligini üpjün 
edýär, ýagny öz agzalarynyň saglygy, terbiýesi, bilimi hakynda alada 
edýär;
• özbaşdak çözgütleri kabul edýär;
• önümçiligiň haýsydyr bir şertine eýe bolup durýar hem-de öz 
emlägini, maýasyny, işçi güýjüni kärendesine berip ýa-da satyp bil ýär;
• öz islegleriniň aňrybaş kanagatlandyrylmagyna ymtylýar.
“Öý hojalygy” diýen düşünje “maşgala” düşünjesine deň däl­
dir. Maşgala diýip, maşgala garyndaşlygynyň umumylygy arkaly 
birigişýän hem-de bir öýde ýaşamagy we umumy býujetiniň bolma­
gy hökman däl adamlaryň toparyna düşünilýär. Başgaça aýdylanda, 
8. Sargyt №50


114
114
maşgalanyň işi biologik, demografik, psihologik we ş.m. ölçegleriň 
köpüsini öz içine alýar. Öý hojalygy bolsa maşgalanyň ykdysady iş 
ýaýrawy boýunça bir taraplaýyn şekilini aňladýar. 
Bazaryň indiki bir subýekti kärhanadyr.
Kärhana– bu aşakdaky sypatlar mahsus bolan ykdysady birlikdir:
• önümçilik şertleriniň satmak üçin önüm öndürmekde peýdala­
nylmagy; 
• peýdanyň aňrybaş artdyrylmagyna bolan ymtylyş;
• çözgütleriň özbaşdak kabul edilmegi.
Bazar şertlerinde hereket edýän kärhana peýdanyň köp gazanyl­
magyny maksat edinýär. Şärikli eýeçilik mahalynda onuň öňünde bu 
maksady paýdarlar goýýar, peýdanyň möçberi bolsa hakyna tutma 
dolandyryjylaryň işleýşine bagly bolup durýar. Dolandyryjylar bilen 
işgärleriň arasyndaky gatnaşyklar zähmeti guramagyň ýörelgeleri­
ne we kadalaryna laýyklykda ýola goýulýar. Şonuň ýaly kärhanada 
zähmeti guramagyň has möhüm düzüm böleklerine şular degişlidir: 
• iş hakynyň ýokary derejesi we nyrhlaryň ýokarlanyşyna görä 
onuň indeksleşdirilmegi;
• berk önümçilik düzgün-nyzamy;
• iş berijiler bilen hakynatutma işgärleriň arasyndaky dawaly ýag­
daýlarda kärdeşler arkalaşyklarynyň aralykçy bolmagy;
• işgärleriň ýerli-ýerinde goýulmagy we ösdürilip durulmagy.
Bazaryň ýene-de bir subýekti döwletdir.
Döwlete jemgyýetçilik maksatlaryndan ugur alyp, hojalyk sub-
ýektleriniň hem-de bazaryň üstünden gözegçiligi üpjün etmek üçin 
hukuk we syýasy häkimiýeti amala aşyrýan kanun çykaryjy we hökü­
met edaralary degişlidir.
Bu ýerde döwletiň esasy ykdysady hyzmaty hojalyk işiniň ähli 
subýektleriniň aralaryndaky özara baglanyşygyň kadaly berjaý edil­
megini gazanmakdyr. Nazaryýetde döwletiň şu wezipeleri bölünip 
çykarylýar:

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling